Ï Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary

view-icon 7319

1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolanyndan soňra, Türkmenistan BMG-niň dürli guramalary bilen hyzmatdaşlygy we olaryň dolandyryş düzümlerine agzalygyny yzygiderli giňeltdi. Türkmenistany, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ösüp barýan we geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň durnukly ösüş ugrundaky tagallalaryna goldaw bermäge, saglygy goraýşyň sagdyn nesli kemala getirmek bilen baglanyşykly ugurlaryny gowulandyrmaga gönükdirilen demografik syýasatyny işläp düzmäge, şeýle hem maşgalany meýilleşdiriş işinde kömek edýän Ilat gaznasy (ÝUNFPA) bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

ÝUNFPA öz işini ýurtlaryň bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çygrynda amala aşyrýar. Ilkinji dört maksatnamanyň Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi milli guramalaryň sagdyn nesli kemala getirmek boýunça işi gowulandyrmak, statistik maglumatlary ýygnama ulgamyny kämilleşdirmek we gender deňligini üpjün etmegiň täsirli mehanizmlerini döretmek ugrundaky mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etdi.

2021 – 2025-nji ýyllar üçin tassyklanan häzirki ýurt maksatnamasy-da, özünden öňki ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär. Öň gazanylan netijelere esaslanmak bilen, ol 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine laýyk gelýän üç esasy ugurda jemlenendir we gender deňligi, sagdyn hem bagtly eneligi üpjün etmäge, şeýle hem ýaşlaryň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.

ÝUNFPA-nyň ýurt boýunça edarasy Türkmenistanyň Hökümetine 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwyny geçirmekde, 2020 – 2030-njy ýyllar üçin köpeliş, eneleriň, täze doglan çagalaryň we ýetginjekleriň saglygy baradaky milli strategiýany, jyns taýdan deňligi üpjün etmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli hereket meýilnamasyny, şeýle hem Ýaşlar syýasaty boýunça döwlet maksatnamasyny we beýleki milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde goldaw bermäge çalyşýar.