Ï Türkmenistanda 2022-2027-nji ýyllarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Konsepsiýa işlenilip taýýarlanylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2022-2027-nji ýyllarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Konsepsiýa işlenilip taýýarlanylar

view-icon 9801

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşykda öz maksatnamalaýyn çykyşynda Türkmenistanda 2022-2027-nji ýyllarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Konsepsiýanyň işlenilip taýýarlanmagynyň we kabul edilmeginiň maksadalaýyklygyny aýtdy. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Milli Geňeşiň Mejlisiniň 2022-nji ýyldaky işiniň esasy ugurlary boýunça çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 11-nji fewralda  döwletimiziň we onuň edaralarynyň geljekki 30 ýyla ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenen  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen baglylykda  kanun çykaryjylyk  işinde esasy çelgiler hem-de parlamentiň täze taryhy döwre geljekki wezipeleri bellenildi.

Döwrüň ösýän talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi Türkmen döwletiniň kanunçylyk binýadyny yzygiderli berkitmäge ýardam eder.

Kanunçylgy ösdürmek boýunça maksada okgunly iş, döwlet Baştutanymyz onuň esasy ugurlaryny kesgitledi, ýurduň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek, milli ykdysady geljekde-de berkitmek, halkyň durmuş abadançylgyny gazanmak, häzirki türkmen jemgyýetinde iň ýokary gymmatlyk hasaplanylýan adam hukuklaryny we erkinligini üpjün etmek boýunça nobatdaky netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan täze taryhy döwürde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary döwletiň, jemgyýetiň we her bir adamyň sazlaşykly ösüşini hem-de bähbitleriniň deňligini üpjün etmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga bar tagallasyny gönükdirmelidirler.