Ï Ýurdumyzyň talyplary Halkara olimpiadalaryna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň talyplary Halkara olimpiadalaryna gatnaşýarlar

view-icon 6268
Ýurdumyzyň talyplary Halkara olimpiadalaryna gatnaşýarlar

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Ýokary mekdepleriniň guraýan Halkara olimpiadalarynyň birnäçesinde üstünlikli çykyş edýärler.

Türkmen talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň her ýyl guraýan «Lomonosow» Uniwersiadasynyň «Lingwistika» ugrundan bäsleşigine dördünji gezek gatnaşýarlar. Şu ýyl paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 29-sy bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň taryhynda ilkinji gezek talyplarymyzyň bäşisi aňryçäk (100) bal alyp, rus dilini suwara bilýänleriň hataryna girdiler.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan Arslan Mämmedow, Artýom Klýuýew we Dünýägözel Hebbikulyýewa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Ýunus Baýramdurdyýew hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden Kadyr Amanow gowy netije görkezdiler.

II tapgyra gatnaşýanlaryň ýarysy rus dili ugrundan çykyş edýärler. Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyplary rus dilinden başga-da, iňlis, nemes, fransuz we ispan dilleri boýunça bäsleşiklere-de gatnaşýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyplary «Ykdysadyýet ýokary mekdebi» Milli barlgalar uniwersitetiniň guran «Ýokary liga» Halkara olimpiadasynyň «Lingwistika» ugruny saýladylar. Olimpiadanyň jemleýji tapgyryna iňlis, nemes, fransuz dilleri boýunça bäsleşigiň I tapgyrynda üstünlikli çykyş eden talyplaryň 13-si gatnaşarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyplary (jemi 41 talyp) Kazanyň Federal Uniwersitetiniň guraýan «MagistrUm» Halkara olimpiadasynyň ikinji tapgyryna çakylyk aldylar. Şu olimpiadanyň çäklerinde türkmen talyplary «Gündogary öwreniş» (arap dili), «Daşary ýurt dili hökmünde rus dili», «Filologiýa tapgyryndan dersleri okatmagyň taglymaty we usulýeti» (iňlis dili), «Pedagogika bilimi» ugurlaryny saýladylar.

Türkmen talyplary Sankt-Peterburg uniwersiteitniň guraýan daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça olimpadanyň I tapgyryna hem gatnaşýarlar.

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga, talyplaryň döredijilik ukubyny ösdürmäge, olaryň hünär taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen aň-paýhas gözden geçirişleri dersleriň onlarçasynda bilimlerini görkezmäge mümkinçilik berýär. Olimpaidalarda dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň müňlerçesi ynsanperwer, takyk, tebigy, tehniki ylymlarda öz bilimini barlaýarlar.

Ýurdumyzyň talyplary her ýyl dürli ugurlardan halkara olimpaidalarynda üstünlikli çykyş edýärler.

Şu günler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadalaryň ikinji (jemleýji) tapgyryna taýýarlyk görýärler. Jemleýji bäsleşikler şu ýylyň aprel-maý aýlarynda geçiriler.