Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň we Russiýa federasiýasynyň Astrahan şäherindäki döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň wideomaslahatynda Astrahan oblastynyň bilim edaralarynda milli hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräni «Платформа» institutynyň meýdançasynda sebit daşary gatnaşyklar ministrliginiň ýardam bermeginde Astrahan oblastynyň bilim we ylym ministrligi gurady.
Astrahan şäherindäki döwlet uniwersitetiniň halkara işleri boýunça prorektorynyň beren maglumatynda Russiýanyň bu ýokary okuw mekdebinde daşary ýurtly talyplary okatmagyň artykmaçlyklary açylyp görkezildi. Hususan-da, «Astrahan döwlet uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplar bilen işleşmekde özboluşly tejribesiniň barlygy, häzirki wagtda bu uniwersitetde dünýä ýurtlarynyň 53-sinden 1800-den gowrak talyp okaýanlygy, özem olaryň aglaba böleginiň Türkmensitanyň raýatlarydygy» bellenildi.
Astrahan şäherindäki döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň raýatlaryna balyk hojalygy, oba hojalygy, nebit-gaz, sanly tehnologiýalar ulgamy pudaklary üçin kärine ussat hünärmenleri taýýarlamakda häzirki zaman dünýä bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän bilim maksatnamalaryny teklip edýär.
Talyplara uniwersitetiň ähli düzümi: döwrebap okuw binalary, özboluşly laboratoriýalary, öz tehnoparky elýeterlidir. Mundan başga-da, ADU-da türkmen dili we medeniýeti merkezi hereket edýär. Ol diňe bir uniwersitetiň talyplary üçin çärelri guraman, eýsem 2019-njy ýylda gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebe usulyýet kömegini we goldawyny berýär.
Duşuşygyň ahyrynda Astrahan oblastynyň bilim we ylym ministri Ýegor Ugarow kärdeşlerini indi Hazarýaka döwletleriň ylym we bilim, ösüş institutlarynyň, telekeçilik bileleşikleriniň, senagat kärhanalarynyň, startaplaryň wekilleri, maýadarlar üçin sebitara hem-de halkara ylmy-tehniki we tehnologik hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine ýardam edýän kommunikasiýa meýdançasyna öwrülen «Hazar 2022: durnukly ösüşiň ýollary» II Halkara ylym forumyna çagyrdy.