Ï Maglumatlaryň elýeterlik merkezi: sanly ulgama geçmek wezipelerini çözmekde täze ädim
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maglumatlaryň elýeterlik merkezi: sanly ulgama geçmek wezipelerini çözmekde täze ädim

view-icon 9857
Maglumatlaryň elýeterlik merkezi: sanly ulgama geçmek wezipelerini çözmekde täze ädim

Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň düzüminde paýtagymyzyň Maglumatlaryň elýeterlik merkezi döredildi. Ol Türkmensitanyň Milli bilim institutynyň çäginde ýerleşýän Innowasion-maglumatlar merkeziniň binýadynda döredildi.

Iň täze enjamalr bilen üpjün edilen merkez ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologik we innowasion ösüşine ýardam etmäge, okatmak ulgamynda sanly hyzmatlary kämilleşdirmäge, bilimiň ähli basgançaklary üçin zerur döwrebap elektron okuw-usuly binýady döretmäge niýetlenendir.

Merkeziň düzüminde maksatlaýyn auditoriýalaryň birnäçesi bolup, olaryň üçüsi okuw maksatlydyr. Olaryň biri döwrebap bilim kontentini döretmäge niýetlenendir. Beýlekisi sanly materiallary janlandyrmak (animirlemek), «VR» (wirtual görnüş) tehnologýasy boýunça 3D-görnüşli sapaklar ýaly multimediýa bilim kontentini taýýarlamak üçin taslama meýdançasydyr. Bu ýerde bilim bermekde gerekli gollanma materiallaryny, şeýle hem 3D-printerde dürli nusgalary çap etmek üçin 3D-nusgalar taýýarlanylýar.

Merkeziň serwer binýadynda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we onuň edaralarynyň döreden portallarynyň ençemesi jemlenendir. Bu bölümiň auditoriýalarynyň üçüsinde IT-tehnologiýalaryň ähli (kiberhowpsuzlygy, sanly ykdysadyýet, resminama dolanşygynyň elektron ulgamy, programmalaşdyrma we ş.m.) ugurlary boýunça okuw işi ýola goýlan. Bu ýerde ýerleşýän monitoring merkezi serwerlerde hereket edýän maglumatlar-bilim ulgamlarynyň ygtybarly işini üpjün etmäge niýetlenendir.

«Zehin» (zehin.edu.tm) onlaýn-olimpiadalaryny geçirmek, «E-mekdep» (mekdep.edu.tm), «E-uniwersitet» и «E-dekanat» bilim işini awtomatlaşdyryp dolandyrmak, (kitaphana.edu.tm) elektron kitaphana, (nesil.edu.tm), hünär biliminiň bütewi portaly, (ýazgy.nesil.edu.tm) çagany umumy bilim berýän mekdebe ýazmak, «E-Resminama» elektron resminama dolanşygy, (ukyply.nesil.edu.tm) bilim wideohostingi we beýleki ugurlarda sanly düzümi kämilleşdirmek hem Merkeziň iş ugurlarydyr.

Merkeziň işi, şol sanda, elektron bilim serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmegiň hasabyna web-dizaýn we progammalaşdyrmak maksatlaýyn toparlaryň sowatlylgyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Maglumatlaryň elýeterlik merkezini döretmek barada teklip geçen ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Tükmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde girizilipdi. Koreýa Respublikasynyň Ylym we informatika-kommunikasiýa ministrligi bilim ulgamynda innowasion sanly düzümi döretmek üçin döwrebap aragatnaşyk tehnikasy, kompýuter enjamlary, zerur serwerler, ulgam we programma önümleri bilen üpjün edilen Merkezi guramak baradaky başlagyjy goldady. Täze Merkez şu ýylyň fewralynda Aşgabatda dabaraly açyldy.

Şu kysmy Maglumatlaryň elýeterlik merkezleri dünýä ýurtlarynyň köpüsinde üstünlikli we netijeli işleýär.