«Presses Universitaires de Grenoble» (PUG) neşirýaty Türkmenistandaky Fransuz instituty bilen bilelikde Aşgabatdaky ýokary mekdepleriň fransuz dili mugallymlary üçin onlaýn pedagogik maslahat geçirdi.
Duşuşygy Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Izabel Ginel açyp, maslahata gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Seminaryň çäginde daşary ýurtly kärdeşler türkmen mugallymlarynyň dykgatyna “A vous!” diýen täze usulyýeti hödürlediler. Bu usulyýet boýunça sanly goşundyly okuw goldanmasy-da çap edilipdir. Çäräni PUG-yň Ýerine ýetiriji geňeşiniň prezidenti Silwi Bigo we daşary ýurt dili hökmünde fransuz dili bölüminiň müdiri Izabel Gruka fransuz dilinde alyp bardy.
Duşuşygyň barşynda fransuz dilini öwrenmegiň täze usulynyň ýörelgeleri we artykmaçlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Seminarda öwretmegiň gidişinde talyplaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek, başlangyç derejede onlaýn görnüşde fransuz dilini öwretmegiň netijeli usullary we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onlaýn maslahatda PUG neşirýaty çap eden okuw kitaplaryny talyplar üçin paýtagtymyzdaky fransuz dilini öwredýän ýokary mekdeplerine sowgat berdi. Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty-da bar.