Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň belent sepgitlere ýetýändigini Lebap welaýaty boýunça bu ugurda alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär. 2021 – 2022-nji okuw ýylynyň 2-nji ýarymynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşiginde, halkara olimpiadalarynda we taslama bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan zehinli okuwçylaryň aglabasynyň bu mekdeplerde bilim alýan okuwçylardygy bu mekdepleriň alyp barýan işleriniň garaşylýan netijäni berýändigini görkezýär. Şu ýylyň fewral – mart aýlarynda geçirilen “Universal project Olympiad” atly halkara taslama bäsleşiginde Çärjew etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begenç Bahramowyň “Extraction plant grows inducingfactors from petroleum” (Nebitden ösümlikleriň ösüşini stimulirleýän maddalaryň ekstraksiýasy) diýen işi bilen Altyn medala, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41 – nji orat mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähriban Ahmedowanyň bu bäsleşikde bürünç medala mynasyp bolandygyny belläp geçmek buýsançlydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan şu ýylyň fewral – mart aýlarynda geçirilen döwlet bäsleşiklerinde Lebap welaýaty boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolan 17 okuwçynyň 15-siniň ýöriteleşdirilen orta mekdeplerden bolmaklygy bu bilim ojaklarynda okuw – terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede guralýandygynyň netijeleridir.
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3 – nji orta mekdepde “Bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilen konsepsiýalaryň esasynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň işini dolandyrmak” atly ylmy – amaly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatyň çäginde ýerleşýän dürli dersler boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ýolbaşçylary we mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda bu mekdeplere aýratyn zehinli okuwçylary seçip almagyň aýratynlyklary barada, şeýle hem terbiýeçilik işleriniň ýollaryny kämilleşdirmek boýunça hem çuňňur mazmunly çykyşlar edildi.
Aýry–aýry dersler boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň işini kämilleşdirmek boýunça şeýle ylmy – amaly maslahatyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýändigi welaýatyň bilim işgärleriniň döredijilikli gözlegleriniň netijesidir.