Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň merkesi Geňeşi we Bilim ministrligi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini gurady.
Onuň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky iki tapgyryň ýeňijileri gatnaşdylar.
Şol gün döredijilik ýokary okuw mekdebiniň Sergi zaly senetçileriň, ýaş ussalaryň, nakgaşlaryň mähelleli «şäherjigine» öwrüldi. Talyplar işleriniň sergisi wagty surat çekmek, dürli zatlary ýasamak ussatlygyny görkezdiler we öz işlerini teswirlediler.
Bu ýerde dürli şaý-sepler, saz gurallary, agaçdan, demirden, toýundan ýasalan nepis işler görkezildi. Şekillendiriş sungatynyň düli ugurlaryndan – žiwopis, grafika, heýkeltaraşlyk işleri-de göreniň ünsüni özüne çekýär. Sergide milli ýörelgeler hem-de döwrebap çözgütler sazlaşýan dizaýn we dekor, binagärlik maketleri hem ýerleşdirildi.
Bäsleşigiň şertlerine görä, talyplar esasy bäş ugurdan: türkmen zergärliginden we demir işlemekden; küýegärçilikden we agaç ussaçylygyndan; şekillendiriş sungatyndan (heýkeltaraşlyk, žiwopis, grafika); milli binagärlikden we maketlerdäki bezeglerden; häzirkizaman binagärliginden we maketlerdäki dizaýndan işleri taýýarladylar.
Işlere guramaçylar, bilermenler, bäsleşigiň emin agzalary ýokary baha berdiler, onuň netijesi boýunça iň gowy işleriň 30-sy – her ugurdan 6-sy (1 birinji, 2 ikinji, 3 üçünji ýerler) mynasyp boldy.
Degişlilikde ýokarda agzalan ugurlara görä bäş talyp ̶ Erkin Hudaýberdiýew (Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby), Nagmat Daňlyýew (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby), Röwşen Nurmyradow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby), Hanmyrat Taýyrow ( Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby), Baýrammyrat Gurbanmyradow (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby) ýeňiş gazandylar.
Baýrakly ikinji we üçünji orunlara ady agzalan ýokary okuw mekdeplerinden, şeýle hem Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan ýene 25 talyp mynasyp boldy.
Bäsleşikde baýrakly orunlary eýelän talyplara degişli derejedäki diplomlar we çäräniň guramaçylaryndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2021-2022 okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli beren umumy sapagy döredijilik bäsleşigini geçirmek üçin esasy boldy. Ýaş nesliň wekilleri sapakdan alan gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, bäsleşige jogapkärli çemeleşdiler.
Çäre ýaşlaryň döredijilik zehinini açmaga, ata-baba gelýän sungatlat älemine aralaşmaga mümkinçiilk berdi. Milli şekilledniriş sungaty, binagärlik, agaç ussaçylygy, küýzegärlik, zergärlik, ýonaçylyk, üflenip we kakaylyp çalynýan hem-de kirişli saz gurallaryny ýasamak ýaly pederlerimiziň gymmatly taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak, aýamak we has-da ösdürmek ýurduň ýaş nesliniň baş wezipesidir.
Bäsleşik milli gymmatlyklaryň esasynda ýaş nesli terbiýelemegi, talyp ýaşlaryň zehinini we başarnygyny açyp görkezmegi, sungata höwesi artdyrmagy, milli baýlyklary we türkmen halkynyň maddy gymmatlyklaryny saklap galmagy maksat edindi.Bäsleşgiň şygary edilip alnan nakylyň manysy we ideýasy öz ýurdunyň hakyky watanperwerlerini birleşdirdi.
Pederlerimiz ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn üns beripdirler. Şunda nakyllaryň ähmiýeti uludyr. Olaryň manysy geljekki nesiller üçin durmuş ýörelgesi bolmalydyr. Nesillerimiz biziň üstünliklerimizi we gazananlarymyzy has-da ösdürmelidirler. Olar has belent derejä ýetmelidirler. Olar Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny has-da belende götermelidirler!