Ï Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi

view-icon 8543
Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi
Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi
Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi
Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi

Ýagşyledi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi geçirilýär.

Rus diline we edebiýatyna, dili öwrenilýän ýurdumyzyň sungatyna we ylmyna bagyşlap ýokary okuw mekdebinň professor-mugallymlarynyň taýýarlan sergisini bu ýere gelýänler hepdäniň dowamynda synlap bilerler.

Şeýle hem hepdäniň dowamynda «Rus dili – parahatçylygyň we dostlugyň dili» atly diwar gazetine syn etmek, akyl-paýhas oýunlaryny we rus şahyrlarynyň goşgularyndan çeper okaýyşlary guramak meýilleşdirilýär.

Bu çäräniň baş maksady ýaşlary rus dilini öwrenmeklige, rus medeniýeti, edebiýaty we ylmy bilen tanyşmaklyga çekmekden ybaratdyr – diýip, ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Ogulnyýaz Annataganowa aýtdy.

Bu geçirilýän rus diliniň hepdeliginiň şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa bellemäge mynasyp.