2022-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çärelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dilleri mugallymlarynyň arasynda “Terjimeçilik işini kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary” atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahata Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň daşary ýurt dilleri mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw-usulyýet maslahaty geçirildi
7617