Ï Türkmenistanyň Kanuny Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda

view-icon 6335

1958-nji ýylyň 10-njy iýunynda Nýu-Ýork şäherinde kabul edilen Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa şu aşakdaky şertleri beýan etmek bilen goşulmaly:

«Türkmenistan diňe agza döwletiň çäginde kabul edilen arbitraž çözgütleriniň ykrar edilmegini we ýerine ýetirilmegini üpjün eder,

Türkmenistan Konwensiýany diňe milli kanunçylyga laýyklykda täjirçilik jedeller diýlip hasaplanýan jedeller babatynda ulanar,

Türkmenistan Konwensiýany diňe özi üçin güýje girenden soň çykarylan kazyýet kararlary babatynda ulanar.».

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji apreli.