Ï Talyp olimpiýadalary: bilimiň we ösüşiň binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyp olimpiýadalary: bilimiň we ösüşiň binýady

view-icon 6460
Talyp olimpiýadalary: bilimiň we ösüşiň binýady

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sanly ykdysadyýet boýunça olimpiýada geçirildi.

Olimpiýada uinwersitetiň “Lukmançylyk fizikasy we informatika” kafedrasynyň guramagynda geçirildi. Oňa uniwersitetiň hemme fakultetlerinden 23 talyp gatnaşdy. Olimpiýada dürli temalardan soraglary we dürli meseleleri öz içine alýan barlagnama görnüşinde geçirildi.

Sanly ykdysadyýet bilimi boýunça gatnaşanlaryň arasynda bejeriş fakultetinden - birinji ýyl talyplar - Abdyrahym Döwranow birinji orny, Aly Allaberdiýew ikinji orny, Laçyn Öjybaýewa bolsa üçünji orny eýelediler.

Lukmançylyk uniwersiteti şeýle olimpiýadalary diňe özünde däl, eýsem beýleki ýokary okuw mekdepleriň arasynda hem yzygyderli geçirip durýar. Mart aýynyň ahyryndan bäri fiziologiýanyň patologiýasy, gistologiýa, embriologiýa, sitologiýa we iňlis dili boýunça uniwersitetara olimpiýadalar geçirildi.

Beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen himiýa we häzirkizaman kompýuter tehnologiýalary boýuça internet olimpiadalary guraldy.

Himiýa boýunça geçen, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemlän olimpiýadada 6 birinji, 4 ikinji we 7 üçünji ýerler üçin baýraklar bellenildi. Birinji altylyga ýer eýeleriniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Magtymguly adyndakyTürkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary girdiler.

Olimpiýadada häzirkizaman kompýuter tehnologiýalary boýunça 19 talyp saýlandy. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyby Ýazmyrat Atdaýew bu ýaryşda 100 utuk bilen 1-nji orny eýelemegi başardy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we ýer eýeleriniň talyplary baýrakly orunlaryeýelediler.

Şeýle çäreleriň geçirilip durulmagy dürli ylymlar boýunça talyplaryň bilim derejesiniň barlanyp durulmagyna , olaryň döredijilik işjeňligini artdyrmaga we talyplary höweslendirmäge uly mümkinçilik berýär

Şeýle hem olimpiýadalar ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmekligi kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça Konsepsiýalaryň we milli bilimi ösdürmeklige gönükdirilrn beýleki maksatnamalaryň çäklerinde geçirilýär.