Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralyp oňa ýokary okuw mekdebiň zenan mugallymlary, talyp gyzlary işjeň gatnaşdylar.
Duşuşyk «Ahlak päkligi — ynsan bezegi» şygar astynda geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygy milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, milli maşgala mukaddesligini gorap saklamak, arassa ahlaklylyk, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirildi.
Maslahatda çykyş edenleriň ýurdumyzda gelin-gyzlara goýulýan sarpa, sylag hakyndaky çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabara eşretli durmuşda ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri bilen tamamlandy.