Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk talyplaryň milli däplerimize laýyklykda terbiýelemek, internet ulgamyndan ýerlikli peýdalanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bozulmalaryň öňüni almak hem-de ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň gatnaşmagynda guraldy.
Wagyz-nesihat duşuşygy “Ýaşlar ýurduň ýagty geljegi” şygar astynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda geçirildi. Duşuşykda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işler boýunça prorektory G.Sähedow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy M.Nurjanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy R.Allaberdiýew, Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň Köpetdag etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekilýet bölümçesiniň jenaýata çekilen işe ýerleşdirmek boýunça gözegçisi polisiýanyň Maýory Ý.Muhammedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň başlygy N.Döwletow dagylar çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri dogry peýdalanmalydygy dogrusynda gürrüň berdiler. Dabara hormatly Prezidentimize alkyş sözleri bilen tamamlandy.