Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda intellektual internet-bäsleşik geçirdi.
Çäräniň wirtual meýdançasyna ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan 80-den gowrak talyp gatnaşdy. Oňa gatnaşýanlar bedenterbiýe we sport, şeýle hem olar bilen baglanşykly köpugurly bilimini görkezmelidiler.
Talyplara bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport ähmiýetli binalar, taryhy seneler we wakalar, sportuň görnüşleri hem-de olaryň düzgünleri, sport oýunlary, baýramlary we başga-da ençeme zatlar barada 100 sowal taýýarlanyldy. Öňe saýlananlar üçin sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän daşary ýurtly hem-de türkmen kinematografiýaçylarynyň, ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň döredijiligi barada sowallaram berildi.
Bäsleşigiň jemi boýunça baýrakly ýerleriň 10-sy: 3 birinji, 3 ikinji we 4 üçünji orunlar kesgitlenildi.
Ajap Batyrowa (Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmenabat şäheri), Mähri Ýagşymyradowa (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) we Enar Myradowa (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty) dagylar birinji orna mynasyp boldular.
Ikinji orun Abylesen Aşyrdurdyýewe (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Rahym Kakadurdyýewe (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti) we Oraz Berdiýewe (Türkmen oba hojalyk instituty) berildi.
Üçünji orna Nepes Saparnazarow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Mary şäheri), Ymammuhammet Agalyýew (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) Gülhatyja Gurbanmämmedowa (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty), Babahan Janmyradow (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) dagy mynasyp boldular.
Intellektual bäsleşik institutyň sanly bilim meýdançasynda geçirildi. Ýaşlaryň bedenterbiýe we sport baradaky düşünjesini ösdürmek, talyplaryň bedenterbiýe we sport işjeňligini höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksatlarynyň biridir. Bäsleşik şeýle hem döwlet ýaşlar syýasaty babatda wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.