Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýökary okuw mekdepleriniň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiýadanyň geçirýändigini yglan etdi. Institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy Aşgabat şäheriniň güni bellenilýän günde, ýagny 25-nji maýda geçiriler. Ýetip gelýän goşa baýram mynasybetli institutda birnäçe dabaraly çäreleri, gyzykly agşamlary geçirmeklik meýilleşdirilýär.
«Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça Halkara açyk internet olimpiýadanyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýökary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wideomaslahatlar guralar.
Olimpiýada şu ýylyň 20-maýynda geçiriler. Olimpiýada institutda okaýan talyplar alýan hünärine we okuw ýylyna garamazdan çagyrylýar. Beýleki ýökary okuw mekdepleriniň hersinden 3-den köp bolmadyk talylpar gatnaşyp bilerler.
Gatnaşyjylara “Materiallaryň garşylygy” temadan, matematikadan we tebigy ylymlardan soraglar beriler. Talyplar 120 minudyň dowamynda 6 meseläni çözmeli. Olimpiýadada beriljek meseleler onuň geçirilýän güni institutyň web-saýtynda ýörite bölümde ýerleşdiriler.
Institutyň web-saýty olimpiýada gatnaşmak isleýänler üçin açykdyr we 10-njy maýa çenli gatnaşyjylar bellige alynýar.
Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänler iň köp utuklaryň sany boýunça kesgitlener we degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.
Bu çäre ylym-bilim gatnaşyklarynyň berkemegine, dürli döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmaga, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, alnan bilimlerini kämilleşdirmäge ýardam berer diýip, Halkara derejesinde geçirilýän olimpiýadanynyň guramaçylary ynam bildirýärler.
Şeýle olimpiýadalaryň geçirilmegi talyplarda çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmäge, sanly tehnologiýalar arkaly ylmy barlaglary we synaglary geçirmäge, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga itergi berýär.