Ï Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi

view-icon 6949
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi

27-nji aprelde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary, bu ýokary okuw mekdebi bilen giňişleýin tanyşdyrmak üçin «Açyk gapylar» güni geçirildi.

Çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işler, ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport pudagynda ýetilen sepgitler, ýokary okuw mekdebiniň talyp-türgenleriniň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda gazanan üstünlikleri, institutda öwredilýän hünärler, yzygiderli geçirilip durulýan medeni-köpçülik çäreleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berildi. «Açyk gapylar» güni çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.