4-nji maýda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabatdaky gurluşyk orta hünär mekdebi okuwçylaryň arasynda hünär taýýarlygy boýunça bäsleşik geçirer.
Bäsleşigiň maksady okuwçylarda geljekki hünärine bolan söýgüni, täze döredijilik pikirlerini höweslendirmekden, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan, has zehinlilerini ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Bäsleşik elektromontaž, lanşaft dizaýny, santehnika, kafel- plitka goýmak, kerpiç örmek, surat çekmek ýaly ugurlardan geçiriler. Kompýuter grafikasy we kafel plitka goýmak boýuça bäsleşik şu ýyl ilkiniji gezek geçirilýär.
Emin agzalary ýaşlaryň zähmet başarnygyny işde ulanyşyna, tehnologik sowadyna, tehniki howpsuzlyk düzgenlerini berjaý etmek bilen, tabşyrygy bellenilen wagtda ýerine ýetirişine baha bererler.
Şunuň bilen baglylykda, bäsleşige gatnaşýanlaryň zerur gurallary bolmalydyr, olar iş ýeriniň arassalygyny we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidirler.
-Biz şeýle bäsleşigi geçen ýyllarda hem geçirýärdik. Oňa gatnaşmaga höwesekleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy bizi begendirýär diýip, – orta hünär mekdebiniň mugallymy Wepa Hommyýew gürrüň berýär.