«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasy geçiriler.
Halkara olimpiada gatnaşmak isleýän ýurdumyzyň ähli talyplary maý aýynyň 16-syna çenli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň resmi web-saýtynda resmi kagyzlary dolduryp hasaba alynmaly.
Halkara olimpiadasyna sanly ulgam arkaly test görnüşinde geçiriler.
Test geçen her bir gatnaşyjy netijelerini we gazanan bahalaryny awtomatik usulda hasaplanylyp, gurmaçylyk topary boýunça testiň netijeleri kesgitlenilýär. Halkara olimpiadasynyň yglan edilen ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan sylaglanar.