Ï Türkmenistanyň Kanuny «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda

view-icon 17273

I. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 35-nji madda; 2014 ý., № 1, 47-nji madda, № 2, 83-nji madda; 2016 ý., № 1, 10-njy madda) 8-nji maddasynyň 5-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«51) Türkmenistanyň içeri işler edaralary üçin awtoulag serişdeleriniň sürüjiler düzümini okatmak, taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hem-de öz garamagynda bolan awtoulag sürüjilerini taýýarlamak boýunça bilim edaralarynyň gözükdiriji-mugallym işgärlerine rugsatnamalary berýär;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.