I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 29-njy madda; 2010 ý., № 3, 42-nji madda; 2011 ý., № 3, 56-njy madda; 2012 ý., № 1, 43-nji madda, № 4, 110-njy madda; 2014 ý., № 1, 41-nji madda, № 2, 78-nji madda; 2016 ý., № 1, 7-nji we 65-nji maddalar; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2018 ý., № 2, 33-nji madda; 2019 ý., №1, 8-nji madda, № 4, 89-njy madda; 2020 ý., № 3, 35-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
1) 121-nji maddanyň dördünji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Teswirnamada kazyýet mejlisinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamynyň peýdalanylandygy görkezilýär.»;
2) 122-nji madda şu mazmunly bölekleri goşmaly:
«5. Teswirnama berlen bellikler olaryň berlen gününden başlap, bäş günüň dowamynda seredilmelidir.
6. Kazynyň ýekeliginde seredilýän işler boýunça başlyklyk edijiniň haýsydyr bir obýektiw sebäpler boýunça teswirnama berlen belliklere seretmäge mümkinçiligi bolmasa, onda bellikler işe goşulýar.»;
3) 252-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«2521-nji madda. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmegiň, ýüzleşdirmegiň, tanamak üçin görkezmegiň aýratynlyklary
1. Anyklaýjy ýa-da sülçi tarapyndan deslapky derňewi alyp barýan edaralaryň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmek, ýüzleşdirmek hem-de tanamak üçin görkezmek derňew hereketleri şu Kodeksiň 27-nji we 29-njy baplarynda görkezilen talaplary berjaý edip hem-de şu maddada göz öňünde tutulan aýratynlyklara laýyklykda geçirilip bilner.
2. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmek, ýüzleşdirmek we tanamak üçin görkezmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, deslapky derňewi geçirýän sülçi ýa-da anyklaýjy, derňew hereketleri geçirmäge degişli adamyň bolýan ýerindäki derňew ýa-da anyklaýyş edarasyna şol adamlar bilen degişli derňew hereketlerini geçirmekligi guramak hakynda tabşyryk ibermelidir.
3. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmegiň, ýüzleşdirmegiň we tanamak üçin görkezmegiň teswirnamalary şu Kodeksiň 257-nji, 258-nji we 269-njy maddalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen, olara gol çekmeklik şu maddada görkezilen aýratynlyklary göz öňünde tutmak arkaly, derňew hereketini geçirmek barada tabşyryk beren anyklaýjy ýa-da sülçi tarapyndan düzülýär. Teswirnamada onuň düzülýän, şeýle-de derňew hereketi geçirilýän adamlaryň bolýan ýeri hem-de agzalan ýerleriň ikisi boýunça hem derňew hereketiniň başlanan we gutaran wagtlary görkezilýär. Derňew hereketi geçirilýän ýerde bolmadyk gatnaşyjylara olaryň hukuklarynyň, borçlarynyň we jogapkärçiliginiň hem-de derňew hereketiniň geçirilişiniň tertibiniň düşündirilendigi, şeýle hem derňew hereketiniň teswirnamasynyň özüne yglan edilendigi derňew hereketine gatnaşyjylaryň gollary bilen tassyklanýar, bu barada olardan derňew hereketine gatnaşyjylaryň bolýan ýerindäki anyklaýjy ýa-da sülçi tarapyndan dil hatlary alynýar.
4. Şu maddada göz önünde tutulan derňew hereketleri geçirilende wideoýazgyny ulanmak hökmandyr hem-de şol wideoýazgylar derňew hereketiniň teswirnamasyna goşulmalydyr.
5. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmek, ýüzleşdirmek we tanamak üçin görkezmek tamamlanyp, teswirnama düzülip yglan edileninden soň, derňew hereketine gatnaşyjylar şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen dil hatyna we teswirnama takyklaýjy we üstüni ýetiriji bellikleri girizmäge haklydyrlar.
6. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmek, ýüzleşdirmek we tanamak üçin görkezmek tamamlanandan soň, derňew hereketi geçirilen adamlaryň bolýan ýerindäki anyklaýjy, sülçi ýa-da anyklaýyş edarasy 24 sagadyň dowamynda derňew hereketini geçirmek barada tabşyryk iberen anyklaýja ýa-da sülçä şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen dil hatyny, derňew hereketiniň dowamynda oňa goşulan resminamalary, şeýle hem derňew hereketine adwokat gatnaşan bolsa, onuň orderini ibermelidir.
7. Derňew hereketini geçirýän anyklaýjy ýa-da sülçi şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen dil haty, oňa goşulan resminamalar özüne gowşanyndan soň, olary degişli derňew hereketini geçirmek baradaky teswirnamanyň ýanyna goşýar.
8. Döwlet syrlarynyň ýa-da kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlaryň aýan bolmak mümkinçiliginiň döräp biljek, şeýle hem derňew hereketi geçirilýän adamlar babatynda howpsuzlyk çäreleri geçirilýän ýagdaýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmäge, ýüzleşdirmäge we tanamak üçin görkezmäge ýol berilmeýär.».
4) 350-nji madda birinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«11. Jebir çeken we şaýat kazyýet tarapyndan sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag edilip bilner.»;
5) 356-njy maddanyň ýedinji böleginde «34-nji maddasynyň birinji böleginiň» diýen sözleri «34-nji maddasynyň ikinji böleginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 369-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly: «Kazyýet mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly geçirilip bilner, bu barada kesgitnama (karar) çykarylýar.»;
7) 392-nji maddanyň birinji böleginde «393-nji maddasynda» diýen sözleri «393-nji we 3931-nji maddalarynda» diýen sözlere çalşyrmaly;
8) 393-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«3931-nji madda. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly şaýady sorag etmegiň aýratynlyklary
1. Kazyýetlerde sanly wideoaragatnaşygy amala aşyrmak üçin tehniki mümkinçilikler bolanda hem-de zerurlyk ýüze çykan halatynda, işe seredýän kazyýet şaýady sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag etmek hakynda kesgitnama (karar) çykaryp biler.
Şaýadyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag edilmegi diňe kazyýetiň jaýynda geçirilmelidir.
2. Işe seredýän kazyýet kesgitnamanyň (kararyň) nusgasyny sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly şaýadyň bolýan ýeri boýunça geçirilmeli kazyýet mejlisini guramak üçin degişli kazyýete haýal etmän iberýär.
3. Şaýady sorag etmek şu Kodeksiň 393-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.
4. Şaýady sorag etmek başlamazyndan öň, işe seredýän kazyýetiň kazyýet mejlisinde başlyklyk edijiniň tabşyrmagy boýunça şaýadyň bolýan ýeri boýunça kazyýetiň kazysy şaýadyň şahsyýetini anyklaýar. Şaýadyň bolýan ýeri boýunça kazyýetiň kazysy şu Kodeksiň 92-nji we 94-nji maddalarynda göz öňünde tutulan şaýadyň hukuklarynyň, borçlarynyň we jogapkärçiliginiň oňa düşündirilendigi baradaky dil hatyny hem-de şaýat tarapyndan berlen resminamalary jenaýat işine seredýän kazyýete iberýär.»;
9) 452-nji maddanyň sekizinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Ikinji basgançakly kazyýet sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly subutnamalary barlamaga haklydyr.»;
10) 489-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«1) etrap, etrap hukukly şäher kazylarynyň we kazyýetleriniň hökümlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna, şeýle hem welaýat, welaýat hukukly şäher kazyýetiniň jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň nägilelik tertibindäki kesgitnamalaryna, şol kazyýetleriň kazylarynyň kazyýetiň başlygynyň tassyklan karary esasynda gözegçilik önümçiligini gozgamaga esas bolan teklipnamalaryna we şikaýatlaryna, şeýle-de welaýat, welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň netijenamalaryna — welaýat, welaýat hukukly şäher kazyýetiniň prezidiumy;».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.