I. 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 15-nji madda; 2011 ý., № 4, 80-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 93-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 82-nji madda) 3-nji maddasynyň bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«5. Gümrük gullugynyň işgärlerine şahsyýetini we eýeleýän wezipesini tassyklaýan şahsyýetnama we bellenilen nusgadaky tapawutlandyryş nyşanlary, şeýle hem belgili şahsy möhür berilýär, şol şahsyýetnamanyň we belgili şahsy möhüriň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.