Çagalar çeperçilik mekdepleriniň ikisiniň uçurymlary Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň atriumynda sergi açdylar. Çep tarapda – Aşgabadyň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň, sag tarapda – Aşgabadyň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri görkezilýär. Işleriň ählisi ýokary çeperçilik derejede ýerine ýetirilipdir.
Iki tarapyňam žiwopisçileri diňe bir hili däl, eýsem dürli temalary bilen hem geň galdyrdylar: işlerde dogup we ýaşyp barýan Gün şekillednirilen ajaýyp türkmen tebigaty, Awaza şypahanasy, häzirki Aşgabat, bagtyýar çagalar, saz, ajap binalar, deňi-taýsyz ahalteke bedewleri, türkmen toý däpleri beýan edilýär.
Sag tarapda ajap nygmatly «Narlar» heýkeltaraşlyk kompozisiýasy goýlupdyr.
– Men eserimde nar miwesini türkmen topragynyň baýlygy hökmünde görkezmek isledim – diýip awtor Enaýy Kömekowa gürrüň berýär. – Bu meniň diplom işim. Entek haýsy käri saýlajagymy – binagärmi ýa-da dizaýner anyk bilemok, ýöne heýkeltaraşlygy goýmajagym welin anyk.
Jemile Hojammaýewa ilkinji türkmen nakgaşy Bäşim Nuralyny grafiki portretde ýaş we bagtyýar şekillendiripdir.
Diwarçanyň çep tarapynda ýaş zergärleriň üçüsi işini görkezýärdiler.
– Mekdepdäki mugallymlarymyzdan gowy bilim alsagam, geljekde ejelerimizi we uýalarymyzy iň gowy şaý-sepler bilen bezemek üçin ussatlygymyzy kämilleşdirmekçi – diýip olaryň biri Öwezgeldi Saparmyradow gürrüň berdi.
Her ýyl uçurymlar bilen hoşlaşanymzyda şatlygymyza gussa garylýar – diýip B. Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri Güljemile Amanowa gürrüň berýär. – Okuwçylarymyzy özbaşdak durmuşa goýberenimizde biz olaryň mekdepde alan bilimleriniň uçurymlarymyza kärine ussat adamlar we hoşgylaw ýagşy adam bolmaga ýardam etjekdigine umyt baglaýarys.