Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda maý aýynyň 23-den 25-i aralykda «Ýylyň talyby» atly bilim bäsleşigi geçirdi.
Bäsleşigiň ilkinji tapgyry 23-nji maýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde açyldy. Bu tapgyrda yokary netige görkezen talyplar ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşik 24-nji maýda Türkmenistanyň Telekomunikasiýalar we informatika institutynda dowam edip, onda talyplar ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş sapagy we kompýuterde test barlagy boýunça öz bilimlerini görkezdiler. Bu tapgyryň netijesi boýunça jemleýji tapgyrda çykyş etjek talyplar saýlandylar.
25-nji maýda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dowam eden üçünji tapgyrda türkmen we iňlis dilleri boýunça test barlaglary geçirilip, bäsleşigiň netijeleri yglan edildi.
Baş baýraga Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby K. Amanow mynasyp boldy.
Yglan edilen iki sany birinji oruna M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dördünji Ş.Tekäýew hem-de D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby A.Çaryýewa birinjinji orunlara mynasyp boldular.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby J.Bäşimowa hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby N.Saparnazarow geçirilen tapgyrlarda deň baha gazanyp, ikinji orna mynasyp boldular.
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby G.Guldurdyýewa üçünji orna mynasyp boldy.
Bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolanlara degişli Diplomlar we sowgatlar gowşuruldy.