Ï Ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi

view-icon 6489
Ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi
camera-icon
education.gov.tm

Türkmen döwlet maliýe instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçen ykdysadyýet boýunça internet olimpiadanyň netijelerini jemledi. Bilim bäsleşigi ýetip gelýän baýram ‒ Türkmenistanda her ýyl 12-nji iýunda bellenýän Ylymlar güni mynasybetli guraldy.

Olimpiada ýurdumyzyň 13 ýokary okuw mekdebinden elliden gowrak talyp gatnaşdy. Bu bäsleşik talyplara ukyplaryny we zehinlerini ýüze çykarmaga, ders boýunça bilim derejelerini görkezmäge mümkinçilik berdi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça 4 ýeňiji we 22 baýrakly orunlara mynasyp bolanlar yglan edildi. Birinji orny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkmen döwlet maliýe instituty paýlaşdy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine iki ýeňşi Şirin Garaýewa bilen Humaý Gurbannazarowa getirdi. Ýene iki ýeňiji: Bägül Jumaýewa we Ysmaýyl Jumanyýazow olimpiadanyň guramaçylarynyň wekilleridir.

Bu ýokary okuw mekdepleriň talyplary ikinji orny eýelän altylyga girdiler, olara Türkmen oba hojalyk institutynyň we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Hakara gatnaşyklary institutynyň talyplary-da goşuldy.

16 üçünji orny ýaňy ady agzalan iki okuw mekdebiniň ‒ TOHI we DIM HGI-niň, şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Olimpiada makroykdysadyýet, maliýe-karz, sanly ykdysadyýet boýunýa 50 soragdan ybarat synag görnüşinde döwlet dilinde geçirildi. Her dogry jogaba 2 utuk berildi. Bäsleşikde baýrakly ýerler iň köp utuk gazanan talyplaryň arasynda bölündi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa her okuw jaýyndan 4 talyp gatnaşyp bilýärdi, bu bolsa gatnaşýanlaryň umumy utuklary boýunça toparlaýyn ýaryşyň ýeňiji mekdeplerini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Şu hasaplamalara laýyklykda, ýeňiji diýlip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti yglan edildi. Ikinji orun Türkmen döwlet maliýe institutyna, üçünji orun bolsa DIM-iň HGI-ne berildi.

Baýramçylyk olimpiadasynyň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.

Olimpiada ýiti zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmak, ýaşlaryň okuw-öwreniş we ylmy-barlag işlerine ýardam bermek, talyplaryň özbaşdak işlemek ukyplaryny kämilleşdirmek, olaryň ylma höwesini artdyrmak we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, şol sanda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy arkaly berkitmek maksady bilen guraldy.