Ýurdumyzyň dokuz ýokary okuw mekdebiniň talyp toparlary Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň göçme Kubogyny almak ugrundaky zehin-bilim bäsleşigine gatnaşdy. Bäsleşigi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan gurnaldy.
Çäre ýurdumyzyň Ýokary diplomatiýa mekdebinde geçirildi. Bäsdeşleriň hataryna Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit wegaz uniwersitetniň, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynyň talyp toparlary girdiler.
Zehin ýaryşynyň çäginde talyp toparlaryna türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly, hususan-da, ulag, energetika we suw diplomatiýasy mowzuklaryndan soraglar berildi.
Bäsleşigiň emin agzalary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we «Türkmen logistika» assosiasiýasynyň wekillerinden ybaratdy.
Bäsleşik talyplara öz diplomatik häsiýetlerini açyp görkezmäge we Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary, diplomatiýasy, döwlet we daşary syýasaty pudagyndaky bilimlerini barlamaga mümkinçilik berdi. Zehin ýaryşmasy oňa gatnaşýanlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge, olaryň diplomatiýa sungatyna bolan höwesini artdyrmaga we ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň wezipelerini has içgin öwrenmäge-de ýardam etdi.
Geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça, eminler 4 sany iň gowy talyp toparyny kesgitledi. Baş baýragy we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň Kubogyny Türkmenistanyň DIM-iň HGI-niň topary eýeledi. Birinji orun Ý. Kakaýew adyndaky halkara nebit-gaz uniwersitetine, ikinji orun Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, üçünji orun bolsa Türkmenistnyň Inžener-tehniki we ulag aragatnaşyklary institutyna berildi.
Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň ýurduň DIM-niň HGI-niň esasynda 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda açylandygyny ýatladýarys. Merkeziň esasy wezipesi Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat ugruny, ilkinji nobatda, energetika, ulag we suw gorlary meseleleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugruny çuňňur öwrenmek arkaly hünärmenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça okuw derslerini taýýarlamakdyr.
Okuw merkezinde diňleýjiler üçin giňişleýin düşündiriş işi alnyp barylýar, şunda esasy nygtalýan zat ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan halkara işiň ähmiýetidir. Şonuň bilen bir hatarda, Merkez şu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar we giňeldýär. Okuw jaýynyň mugallymlary bu ýerde okuw we usuly gollanmalary, ylmy-nazary we amaly häsiýetli makalalary taýýarlamak işini-de alyp barýarlar.
Merkeziň alyp barýan ähli işi onuň institutyň sanly portalyndaky ýörite elektron bölüminde beýan edilýär. Ol ýerde energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça nazary we amaly sapaklaryň, mowzuky makalalaryň, çykyşlaryň, tanyşdyrmalaryň, surat we wideomateriallaryň ýazgylary yzygiderli ýerleşdirilýär.