Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş hukukçylar topary üçin Halkara maýa goýumy arbitražy boýunça guralan ýörite okuwy tamamlandy.
Ýörite okuwa hukuk boýunça ýaş mugallymlar, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň okaýan IV-V ýyl talyplary gatnaşdylar.
Okuw Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hünärmenleriniň, halkara hukukçylaryň, ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň we mugallymlarynyň düzen meýilnamasy boýunça türkmen we iňlis dillerinde geçirildi.
Sapaklaryň mazmuny halkara arbitraž taglymatyny, halkara we milli hukuk esaslaryny şeýle hem kazyýet işini, arbitraž işe garamaklygyň basgançaklaryny, araçy kazyýet döretmegiň kadalaryny, işleri maliýeleşdirmegiň we subutnama ýygnamagyň esaslaryny, kazyýet mejlislerini guramagy öwrenmekden ybarat boldy.
Okuw ýaş hukukçylara hünär bilimlerini kämilleşdirmäge, hukukdan bilim derejesini ýokarlandyrmaga, halkara söwda we maýa goýum arbitražynyň aýratynlyklaryny we amalyny öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda başlanan ýörite okuwa gatnaşanlara okuwy üstünlikli tamamlandyklary barada şahadatnamalar gowşuryldy.
Ýaş hukukçylar üçin halkara maýa goýumy arbitražy boýunça ýörite okuwyň guralýandygy hakyndaky habar ýurdumyzyň 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edilipdi. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ähli pudaklarda, şol sanda, hukuk boýunça ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň wajyp ähmiýete eýedigini nygtady. Ýaş hukukçylaryň ýokary derejede taýýarlanmagy, olaryň halkara hukugyny çuňňur bilmegi daşary ýurtly maýa goýujylar bilen ýüze çykýan jedelleri döwletimiziň peýdasyna çözmäge köp derejede ýardam etjekdigini-de nygtady.