Geçen şenbe güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyny has-da höweslendirmäge gönükdirilen meýilnamalar we çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň bäş aýynda daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,8 göterim ýokarlandy. Diňe Russiýa Federasiýasy bilen haryt dolanyşygy şu ýylyň birinji çärýeginde 45 göterimden gowrak artdy.
Bütindünýä sergisi 2022-nji ýylyň 31-nji martynda öz işini tamamlansoň, Dubaýdaky guramaçylyk komiteti şol milli pawilýonyň binasyny ýene-de bäş ýylyň dowamynda ulanmagy teklip edýär. Milli pawilýonyň öz işini dowam etmegi ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklaryny, forumlary geçirmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça halkara sergileri guramagy dowam etmegi tabşyrdy.
Hökümetiň mejlisinde onuň desgalarynyň ýurdumyzyň eksport önümlerini öňe ilerletmäge we ýerlemäge, işewür duşuşyklary we forumlary geçirmäge hyzmat etjekdigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda merkezlerini açmak meselelerine dolanyp gelmelidigini belledi. Munuň özi harytlaryň eksportynyň mukdaryny artdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň söwda merkezleri häzirki güne çenli Owganystanda, Belarusda, Gyrgyzystanda, Gruziýada we Russiýanyň iki şäherinde – Moskwada we Kazanda açyldy. Söwda-da satyn alyş we dellalyk işleri, mahabat ýerleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkara ölçegleri boýunça güwänamalaşdyrylan ýokary hilli önümlerini has ýakyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrylýan ýurtlaryň bazarlarynda, şeýle hem täze eksport bazarlarynda rowaçlandyrmak üçin hemişelik hereket edýän görkezişli söwda merkezini guramak wezipe bolup durýar.
Türkmenistanyň haryt dolanyşygynyň giňelmegine ýardam berýän söwda merkezleriniň açylmagyna ýakyn we alys ýurtlar gyzyklanma bildirýärler.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Sankt-Peterburguň wekiliýetiniň Aşgabada bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň hem-de Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň söwda merkezlerini açmak baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşylypdy.
Daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önüm öndürijiler bilen gönüden-göni işleýän söwda merkezlerine Türkmenistanda öndürilýän harytlary ibermegiň ulag-logistika halkasynyň netijeli hereket etmegi uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ýük daşamalaryny gaýtadan dikeltmek boýunça ýakyn wagtda işleri geçirmek barada beren tabşyrygy ýurduň daşary söwda dolanyşygyny artdyrmagyň ýene-de bir oňyn ýagdaýy bolar.