Ï Okuw ýylynyň jemleri we öňde duran wezipeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Okuw ýylynyň jemleri we öňde duran wezipeler

view-icon 8245
Okuw ýylynyň jemleri we öňde duran wezipeler

Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy–enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan “Bilim” syýasaty ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2021 – 2022-nji okuw ýyly üstünlikli tamamlandy. Işler maksatnamalaýyn alnyp barlyp, öňde goýlan wezipeler üstünlikli çözüldi. Welaýat boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 383 sanysy bolup, olarda mugallymlaryň 18 müň 500-den gowragy zähmet çekýär we okuwçylaryň 313 müň 370-den gowragy bilim alýar. Welaýatda aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 35 sanysy hereket edýär. Bu mekdeplerde ýöriteleşdirilen dersler boýunça sapaklaryň çuňlaşdyrylan görnüşde okadylmagy, mekdeplere tejribeli bilim işgärleriniň işe çekilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu mekdeplerde bilim alýan çagalar ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilýän dürli olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, taslama we ders bäsleşiklerinde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar

Häzirki wagtda welaýatyň bilim ulgamyna degişli umumybilim berýän orta mekdeplerini tamamlaýan okuwçylaryň 19 müň 300 – den gowragynyň gatnaşmaklarynda gutardyş synaglary guramaçylykly dowam edýär. Ulgam boýunça bu möhüm çärä taýýarlykly gelnendi. Gutardyş synaglaryny geçirmek boýunça düzgünnamanyň talaplary doly ýerine ýetirilip, synaglara tejribeli mugallymlar çekildi.

Welaýatda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Täze 2022–2023-nji okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 31 müň 698-si kabul ediler. Mekdebe ilkinji sapar gadam basýan çagalara bilim we terbiýe berjek mugallymlar, synp otaglary kesgitlendi. Häzirki wagtdan taýýarlyk işlerine girişilmegi täze okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň körpeler üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüljekdigine güwä geçýär.