Türkmen döwlet maliýe institutynda şu okuw ýylyny üstünlikli tamamlan uçurymlara bagyşlanan dabara geçirildi.
Bu baýramçylyk çäresine okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň wekilleri, mugallymlar, talyplar, elbetde, wakanyň esasy gahrymanlary ‒ uçurymlar gatnaşdylar. Yokary mekdebiň «Bagtyýarlyk joşguny» ansamblynyň eden çykyşlary bu ýere gelenleriň ählisiniň keýpine keýp goşdy.
Duşuşyga gatnaşýanlar biziň ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň depginli ösüşine we kämilleşmegine berilýän aýratyn üns üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ösüp barýan nesil barada edilýän atalyk aladanyň, döwlet tarapyndan ýaşlara berilýän yzygiderli goldawyň ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemäge köp babatda goşant goşýandygy-da bellenildi.
Uçurymlaryň adyna durmuşda üstünlik we abadanlyk barada arzuwlar ýaňlandy. Ýolbaşçylaryň, mugallymlaryň we halypalaryň ak patasy ýaşlaryň öz ynamyny ödejekdiklerine we Watanymyzyň bähbidine päk ýürekden yhlas bilen zähmet çekjekdiklerine, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine we güllemegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynamdan doludy.
Şol gün institutyň baýramçylyk meýdançasynda ýokary mekdebini «Maliýe», «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we maliýe», «Salgytlar we salgyt salma», «Ätiýaçlandyrma işi», «Birža işi», «Buhgalterlik hasap we audit» hünärleri boýunça üstünlikli tamamlan 216 uçurymy gutlap, ak ýol arzuw etdiler.
Dabaraly çäräniň çäginde şu ýyl aýratyn tapawutlanan uçurymlara Hormat hatlary gowşuryldy. Institutyň uçurymlarynyň şol gün özleri bilen alyp giden iň esasy we bahasyz sowgatlary bolsa, olaryň ýokary mekdepde okan döwründe toplan ägirt uly bilim hazynasydyr.