Ï Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli maslahat geçirildi

view-icon 12447
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli maslahat geçirildi

Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmäge bagyşlanan onlaýn seminarlar toplumy tamamlandy. Bu çäräni «Dünýäniň medeniýetleri we sungatlary diller arkaly dostlaşýar we bitewüleşýär» şygary astynda geçen okuw-usuly hepdeliginiň çäginde D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty gurady. Hepdelik ýurdumyzda her ýyl 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanypdyr.

Okuw-usulyýet seminarlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Hepdäniň soňky güni onuň maksatnamasy fransuz diline bagyşlandy. Çäräniň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary fransuz dilini öwretmegiň dürli usullaryny seminara gatnaşýanlaryň garamagyna hödürlediler we bilelikde ara alyp maslahatlaşdylar. D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary ýygnananlaryň dykgatyna türkmen-fransuz syýasy-diplomatik, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary barada manyly we gyzykly tanyşdyrmalary hödürlediler. Mugallymlaryň tanyşdyrmalarynda Magtymguly Pyragynyň eserlerini fransuz diline terjime etmek barada giňden beýan edildi.

Elbetde, duşuşyga gatnaşýanlar Gündogaryň beýik şahyry, filosofy, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny buýsanç bilen labyzly okadylar. Şol gün beýik şahyryň goşgulary fransuz dilinde ýaňlandy.

Seminarlara gatnaşanlar öz çykyşlaynda Gahryman Arkadagymyza we ýurdumyzyň Prezidentine daşary ýurt dillerini netijeli öwrenmek üçin döreden mümkinçilikleri we ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň depginli ösüşine we kämilleşmegine berilýän aýratyn üns üçin hoşallyk bildirdiler.