Ï Welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmek Watanymyzyň abadançylygynyň möhüm şertidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmek Watanymyzyň abadançylygynyň möhüm şertidir

view-icon 5444

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugry hökmünde welaýatlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynyň ägirt uly maksatlaryna gönükdirilen wajyp çäreler durmuşa geçirilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we Oba milli maksatnamasynyň ýerlerde ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda toý saparlarynda boldy. Olaryň her biriniň jemlerine bagyşlanyp, Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisleri geçirildi. Olarda sebitleriň çäk taýdan ýerleşişi, önümçilik aýratynlyklary we bar bolan tebigy serişdeleri nazara alnyp, welaýatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini şertlendirýän kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, sebitleriň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we olaryň çäklerinde bar bolan täsin taryhy-medeni ýadygärlikleri wagyz etmek ýaly meseleleriň giň toplumyna garaldy.

Maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmek, täze önümçilik toplumlaryny gurmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ulag düzümini kämilleşdirmek, telekeçilige goldaw bermek, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny, serişde tygşytlaýjy usullary ulanmagyň hasabyna, obasenagat toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygyny, ilaty ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, ýokary hilli lukmançylyk, bilim we beýleki durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýerli edara ediş düzümleriniň öňünde goýan wezipeleri ähli sebitler üçin degişlidir. Şol bir wagtyň özünde welaýatlaryň ykdysady we beýleki aýratynlyklary nazara alnyp, olaryň geljekki ösüşleriniň ugurlaryna garaldy. Şunda nebitgaz, himiýa we dokma senagaty ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň ösüşine, Aralýaka sebitiň ekologik abadançylygynyň saklanmagyna aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna toý saparynyň dowamynda häzirki zamanyň öňdebaryjy enjamlary we täzeçil tehnologiýalary bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu toplum ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny pugtalandyrmakda, multimodal ulag geçelgelerini ösdürmekde we halkara söwdanyň möçberlerini artdyrmakda diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm orny eýeleýär. Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen bu iri ulag-logistik merkeziň çägine ýylda 1500 — 1600 gämi girýär. Bu görkeziji yzygiderli artýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow portuň terminallarynyň we beýleki gulluklarynyň işi bilen tanşyp, onuň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç eden mahalynda ýolbaşçylaryň ünsüni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň çäginde ýokary ekologik ýagdaýy saklamak üçin täze tokaý zolaklaryny döretmek, bu ýerde ýola goýulýan hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak  meselelerine çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen, 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy Balkan welaýatyna guralan toý saparynyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. 7 gatly täze lukmançylyk toplumynda 1200-e golaý işgäriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Onuň bölümleriniň 27-sinde keselleri anyklamak, bejermek we adamlaryň saglygyny berkitmek üçin hemme mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasyna gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, şäherleri we obalary ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Balkan welaýatyna guralan toý saparynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde welaýaty ýakyn ýyllarda ösdürmegiň esasy ugurlary, nebitgaz, himiýa, energetika pudaklaryny, dag-magdan we ýeňil senagaty döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Senagat toplumynyň ähli düzümlerine iri maýa goýum serişdelerini çekmegiň hasabyna, sebitiň ykdysadyýetine dünýä tejribesiniň we ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň wajypdygy nygtaldy. Balkan welaýatynyň tebigy serişdeleriniň baý mümkinçiliklerini, hususan-da, Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini nazara alanyňda, bu ýerde himiýa senagatyny ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini toplumlaýyn özleşdirmegiň uly geljegi bar. Gyýanlydaky polimer zawodynda dürli önümçilik üçin zerur bolan himiki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menzilini gurmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň ulag ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem şypahana we syýahatçylyk düzümleriniň, bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen, ýokary amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 5-sini, şeýle-de welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde işleýän hünärmenler üçin 472 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň aýdyň beýanyna öwrülen welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 2019-njy ýylyň aprel aýynda gurluşygyna badalga berlen bu täzeçil taslamanyň çäklerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen dünýäniň ösen tejribesini, bezeg aýratynlyklaryny, tehnologik üpjünçiligi özünde jemleýän bu gurluşyk toplumy sebitde iň irileriň biri hasaplanýar.

Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlarda ilatyň amatly durmuş ýagdaýy, döredijilikli zähmeti we doly derejeli dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Täze welaýat merkezinde 12 müň 324 maşgala niýetlenen 2, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalary, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlaryny, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralary, medeni, söwda we hyzmatlar merkezlerini, sport desgalaryny, edara ediş binalaryny, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlaryny özünde jemleýär.

Täze edara ediş merkezi sanly ulgam we beýleki täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar. “Akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, tehniki wezipeler işlenip taýýarlanyldy. Şunda suw, gaz, elektrik üpjünçiligi üçin niýetlenen elektron töleg enjamlary oturdylar.

Saparyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurluşyklary öz wagtynda tamamlamak we degişli işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetini, şeýle hem onuň şäher häkimligini döretmek hakynda çözgüdi kabul etdi.

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, halk hojalygyny senagatlaşdyrmak, ulag ulgamyny sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler soňky ýyllarda ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda-da üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna amala aşyran toý saparynyň dowamynda ýedi ýyla niýetlenen Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Ýakyn geljekde welaýatyň gazhimiýa, energetika pudaklaryny, ýeňil senagatyny döwrebaplaşdyrmak, senagat toplumynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýum serişdelerini çekmegiň hasabyna, gurluşyk serişdeleri önümçiligini ösdürmek, ykdysadyýete täzeçil we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak meýilleşdirilýär. Ulag-logistika düzüminiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, oba hojalygyny we onuň bilen baglanyşykly pudaklary durnukly ösdürmek, oba hojalyk maksatly ýer gaznalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” taslamasynda Daşoguz welaýatynda täze desgalaryň we binalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu sebitiň Aral deňzine golaý ýerleşýändigi sebäpli, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ekologik abadançylygy hem-de ilatyň saglygyny goramak meselelerine aýratyn üns berdi. Geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda tassyklanan 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynda anyk çäreler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda köpugurly hassahanalaryň 3-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 7-siniň gurluşygy, Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Bu resminamada meýilleşdirilen 86 taslamanyň 48-si Birleşen Milletler Guramasynyň iri agentlikleri — Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Azyk we oba hojalyk guramasy hem-de beýleki halkara düzümler bilen bilelikde amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde gurlan iki sany täze lukmançylyk edarasy — 450 orunlyk köpugurly hassahana hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün eder.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu hassahanalaryň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Bu waka “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy. Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilip, ilatyň halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyna elýeterliligi üpjün edilýär. Täze hassahanalarda saglygy goraýyş işgärleriniň 1331-siniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilendir. Olar ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünär taýýarlyk okuwlaryny geçdiler.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatyna saparynyň çäklerinde Balkan — Daşoguz asma elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy, ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek, Daşoguz we Ahal döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, ýakyn ýyllar üçin meýilleşdirilen taslamalar, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawata deň bolan Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek boýunça netijeli çäreler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz suwaryş ulgamlaryny talabalaýyk ýagdaýda saklamak, suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy. Hususan-da, Düýeboýun suw howdanyndan gözbaş alýan Şasenem we Türkmen derýalarynyň arasynda ýerleşýän ýaýlanyň has amatly künjekleriniň birinde uly emeli suw howdanyny gurmaga taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Şasenem derýasynyň akabasyna beton örtügini düşemek göz öňünde tutulýar. Saparyň dowamynda kesgitlenen şu we beýleki çäreler ýakyn ýyllarda Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý etmek üçin mukaddes Käbä zyýaratyndan soňra, Mary welaýatyna amala aşyran toý saparynyň barşynda diňe bir bu sebitde galla oragynyň barşy hem-de durmuş-ykdysady meseleler bilen däl, eýsem, ruhy we gadymdan gelýän milli ýörelgeleri gorap saklamak, baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri-de üns merkezinde saklady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi. Ol ýerde mukaddes Käbä amala aşyrylan zyýarat mahalynda Arkadagly Serdarymyza sowgat berlen teperrik goýuldy. Soňra hormatly Prezidentimiz golaýda ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasy bilen bitewi toplumda gurlan, köpçülikleýin çäreler üçin niýetlenen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna hem-de umra hajynyň amala aşyrylmagy mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebitler boýunça saparlary dowam edip, Lebap welaýatyna geldi hem-de ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge gönükdirilen oba hojalyk işleriniň barşy, ekerançylaryň zähmet şertleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy saparyň esasy wakasy boldy. Bu desganyň ulanmaga berilmegi nebitgaz ulgamynda köpýyllyk türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýene bir aýdyň mysalyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarada dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň möhümdigini, hususan-da, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleri üçin ägirt uly ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň ýurdumyzyň has okgunly ösýän senagat sebitleriniň biridigini belläp, täze gaz toplaýjy bekediň bu sebitde bina edilýän häzirki zaman kärhanalarynyň, senagat we medeni desgalaryň sanynyň artmagyna ýardam etjekdigini aýtdy. Desganyň ulanmaga berilmegi täze iş orunlarynyň 200-sini döretmäge mümkinçilik berer.

Dabara gatnaşan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen şu ýyl “СNPС” kompaniýasynyň Türkmenistanda işläp başlanyna 15 ýyl dolýandygyny hem-de häzirki wagtda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary we şertnamalary bilelikde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlarynyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde bu sebitlerde ulanmaga berlen durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geljekki meýilnamalar baradaky meselä geçip, “Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” taýýarlanylanda, raýatlarymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, işjeň durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek hem-de sebitleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça çäreler toplumynyň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady.

Tebigy baýlyklary, çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak üçin senagat we gurluşyk pudaklarynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny doly herekete girizmek, täze önümçilikleri ulanmaga bermek hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmek meseleleri işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat welaýatlaryň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň zerurdygy barada aýdyp, haryt bolçulygyny döretmek, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny we ylmyň ýokary gazananlaryny ulanmak babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyna öňdebaryjy iş tejribesini ornaşdyrmak, halkara derejeli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak, ýer-suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça iň täze işläp taýýarlamalary öwrenmek babatda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sebitlere amala aşyran saparlarynyň baş maksady Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Munuň özi diňe bir welaýatlary we aýry-aýry senagat zolaklaryny ösdürmek, oba hojalyk, durmuş maksatly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşylanda däl-de, saparlaryň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň aýry-aýry daýhanlar we maldarlar, oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklarynda-da aýdyň duýuldy.

Hormatly Prezidentimiz saparlaryň dowamynda gallaçy kärendeçiler — Lebap welaýatyndan Azat Joraýew hem-de Mary welaýatyndan Atageldi Ärniýazow, Daşoguz welaýatyndan düýe çopany Atamyrat Işanberdiýew bilen söhbetdeşliklerinde olaryň gündelik iş-aladalary, zähmet şertleri, ýer-suw, ýokary hilli tohumlar we dökünler bilen üpjünçilik meseleleri, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylyşy, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylmy-önümçilik merkeziniň işgäri B.Nowruzow bilen däneli ekinleriň seçgiçilik hem-de oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini maslahatlaşdy, şeýle-de ýurdumyzyň oba hojalykçy alymlary tarapyndan döredilen bugdaýyň täze, ýokary hasylly görnüşlerine “Berkarar” we “Galkynyş” atlaryny goýdy.

Mahlasy, bu duşuşyklar häkimiýetiň halk bilen bitewüliginiň, geçirilýän özgertmelerde göz öňünde tutmak üçin adamlaryň gyzyklanýan meseleleri, aladalary hem-de isleg-arzuwlary bilen içgin tanyşmaga çalşylýandygynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly we öňdengörüjilikli syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly maksatlaryna üstünlikli ýetiljekdiginiň ygtybarly kepilidir.