Ï Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň işleri «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron žurnalynda çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň işleri «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron žurnalynda çap edildi

view-icon 8943
Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň işleri «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron žurnalynda çap edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron ylmy-köpçülikleýin žurnalyň täze sanynda ykdysadsyýet, hukuk, ekologiýa, lukmançylyk we lingwistika ýaş alymlaryň 40-dan gowragynyň işleri çap edildi. Žurnalda sanly ulgam, innowasion tehnologiýalar, bazar ykdysadyýetiniň ösüşi, ekologiýa syýasaty, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, Türkmenistanda intellektual eýeçilik ulgamynyň ösüşi, milli miras we ş.m. meseleler bilen baglanşykly dürli temalardan makalalar neşir edildi.

J. Öräýewanyň «Sanly hukuk — jemgyýetiň ygtybarly kepili», M. Şükürowanyň, T. Mämmedowyň «Himiýa dersini okatmakda sanly tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti», B. Jumaýewiň, H. Annagurbanowyň «Ýaş alymlar geňeşiniň işini netijeli guramak üçin niýetlenen sanly gurşawyň taslamasy» ýaly işleri sanlylaşdyrmagyň dürli ugurlaryna bagyşlsanypdyr. Ş. Kurbanowyň «Ekologiýa syýasaty we milli kanunçylyk», G. Hommadowanyň «Halkara hususy hukugy: Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugynyň ösüşi» makalalarynda hukuk meselelerine garalýar.

R. Nurmyradowyň «Bazar ykdysadyýetinde ulag logistika ulgamyny kämilleşdirmegiň ýollary», A. Saparberdiýewiň «Dag eteklerindäki ilatly ýerleri sil suwlaryndan goramagyň usuly», P. Gulmyradowyň, Ş. Geldiýewiň, P. Işanowyň «Kärhanalarda we guramalarda netijeliligi ýokarlandyrmakda motiwasiýanyň ähmiýeti», M. Daňatarowanyň, M. Agaýewanyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini elektrik stansiýanyň bazasynda bitewi agregatlaryň kömegi bilen peýdalanmagyň ähmiýeti» we beýlekiler ylmy-amaly häsiýetli makalalardyr.

H. Jumakowanyň «Arduino Nano» esasynda 3D lazer skanirlerýji enjamynyň ýasalyş tehnologiýasy», N. Kurbanalyýewiň, A. Egemberdiýewanyň «Ekstraksiýa esasynda mekge krahmalyndan bioplastik materialy almagyň innowasion tehnologiýasy», R. Begmyradowyň, S. Nuryýewiň, K. Ryzaýewiň «Türkmenistanda gowaça çöpünden ekologiki taýdan arassa bioetanolyň öndüriliş tehnologiýasy», S. Gedaýewiň. O. Rozyýewanyň, M. Ýergeşowyň «Buýan ekstraktyny fitohimiki seljermek boýunça geçirilen barlaglar» ýaly işleri hünärmenler üçin gyzykly bolar.

Y. Şamämmedowyň «XIX asyryň ahyrynda — XX asyryň başlarynda türkmen çagalarynyň saz gural oýnawaçlary», M. Halmuhammedowanyň «Türkmen halkynyň guýy gazmak sungaty bilen baglanyşykly gadymy däp-dessurlary», G. Çaryýewanyň «Türkmen we pars dillerinde däp-dessurlara degişli adalgalar», B. Mämmedowanyň, B. Çakanowanyň «Bitarap Türkmenistanyň Russiýa bilen medeni gatnaşyklary» we beýleki işler okyjylarda uly gyzyklanma döredýär.