Ï Parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary

view-icon 5482

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen dördünji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynyň barşynda häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamalaryny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary taýýarlaýandygyny aýtdy we bu teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.

Şunda gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy barada nygtaldy. Şu babatda biz sebitde, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaga öz garaýyşlarymyzy teklip edip bileris we teklip etmelidiris, oňa hemmetaraplaýyn goldaw, ýardam bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň hem-de sebitleýin merkeziň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygyna gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň möhüm şerti hökmünde garalýar. Türkmen Bitaraplygynyň oňyn orny Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň awtordaş bolmagynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edildi we tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ýagdaýy biziň ýurtlarymyzyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça halkara gün tertibini mundan beýläk-de iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ulanmak teklip edildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylyklary, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, birek-birege goldaw bermek gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Ýurdumyz Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň we netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, sebit hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýeleýär.

Biziň ýurdumyzyň şu ýylyň başynda sanly ulgam arkaly “Merkezi Aziýa — Hytaý” hem-de “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitlerine gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol sammitler bu ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesine gabat geldi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitiniň barşynda türkmen tarapynyň öňe süren Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek bilen bagly taslamasy Ýewraziýada ykdysady ösüşe güýçli itergi bermäge niýetlenip, häzirki döwrüň ýörelgelerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli örän uly giňişligi birleşdirmek bilen, özara bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlarydyr senagat halkalaryny emele getirmelidir, köp sanly ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýlip bellenildi.

«Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň barşynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi öz ýurdunyň Merkezi Aziýa bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti Hindistanyň ýakynlaşmak we giň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna garaýşynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde däp bolan döwletara gatnaşyklar, şol sanda köptaraplaýyn esasdaky, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Hindistan” görnüşindäki hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilip, ol bu ýerde ýaşaýan halklaryň taryhy-medeni umumylygyna daýanýar. Premýer-ministr Narendra Modiniň Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa golaýda iberen gutlag hatynda nygtaýşy ýaly, hindistanlylaryň yslam dinine uýýan 200 milliondan gowragy bu baýramy ählumumy ynsanperwerligiň dabaralanmasy, ähli adamlaryň parahatçylyga, raýdaşlyga hem-de dost-doganlyga ymtylmasy hökmünde belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, Merkezi Aziýanyň dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biridigine ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň medeni bileleşikleriniň toplumlaýyn, köpugurly gatnaşyklarynyň, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamynda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmegiň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda giňişleýin gatnaşyklary höweslendirmegiň ulgamy hökmünde sebitde bitewi medeni giňişligi döretmek wezipesi durýar. Hut şolar yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, sebitleýin medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek wezipesini öz üstüne almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ony Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumy diýip atlandyrmagy teklip etdi. Şeýle-de bu ulgamdaky işi höweslendirmek maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň medeniýet ulgamyndaky üstünlikler üçin her ýylky baýragyny döretmek başlangyjy öňe sürüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde, dünýädäki ýagdaýyň örän çylşyrymlaşan şertlerinde bize — umumy taryhy kökleri bolan goňşy, doganlyk halklara bitewüligi hem-de jebisligi saklamak, jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi görkezmek zerur bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bilelikde biziň halklarymyz we döwletlerimiz üçin parahatçylygy, abadançylygy, ösüşi, Merkezi Aziýanyň dünýä ähmiýetli, çalt depginde ösýän hem-de geljegi uly ykdysady sebitleriň hataryna doly we netijeli goşulmagyny üpjün edip biljekdigimize ynam bildirip, Türkmenistanyň şu maksatlara ýetmek üçin ysnyşykly gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady.

Şu ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamalaryny işläp taýýarlaýandygy barada aýtmagy sebitiň diňe bir yklymyň çäklerinde däl, eýsem, ählumumy ösüşde hem barha artýan ornuny nazara almak bilen, ýurdumyzyň özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini çözmäge toplumlaýyn, deňagramly çemeleşýändiginiň nobatdaky güwäsi bolup durýar.