Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 5640

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

1. 1992-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan, 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2018 ý., № 2, 47-nji madda; 2019 ý., № 2, 37-nji madda):

9-njy maddanyň 8-nji bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

46-njy maddanyň ikinji tesimini, 89-njy maddanyň birinji böleginiň «1.» san belgisini we ikinji bölegini aýyrmaly.

2. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 91-nji madda; 2013 ý.,
№ 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2015 ý., № 3, 113-nji madda; 2016 ý., № 2, 100-nji
madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý.,
№ 2, 45-nji madda, № 4, 98-nji we 109-njy maddalar; 2019 ý., № 4, 95-nji madda; 2021 ý.,
№ 1, 18-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda; 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda) 26-njy maddasynyň bäşinji böleginiň ikinji tesimini aýyrmaly.

3. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky «Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 55-nji madda; 2018 ý.,
№ 4, 109-njy madda) 9-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendiniň ikinji sözlemini aýyrmaly.

4. 2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 105-nji madda, 2015 ý., № 1, 33-nji madda; 2017 ý., № 4, 171-nji madda) 26-njy maddasynyň birinji böleginde «saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan lukmançylyk barlaglarynyň we sanitariýa-gigiýena okuwynyň geçiriliş tertibine laýyklykda» diýen sözleri aýyrmaly.

5. 2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 57-nji madda; 2017 ý.,
№ 3, 95-nji madda, № 4, 169-njy madda; 2018 ý.,
№ 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 3, 49-njy madda):

10-njy maddanyň 9-njy bendini, 10-njy bendiniň «ç» kiçi bendini, 11-nji bendiniň «b», «d», «e» we «r» kiçi bentlerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

30-njy maddanyň birinji böleginde «ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan tertipde» diýen sözleri aýyrmaly.

6. 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky «Derman üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 4-nji madda; 2017 ý., № 4, 171-nji madda):

1) 6-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarly edara), öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary derman üpjünçiligi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.»;

2) 7-nji maddanyň 3-nji bendini we 4-nji bendiniň «b» kiçi bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

3) 8-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara derman üpjünçiligi çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Derman üpjünçiligi çygryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

4) ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;

5) derman serişdeleriniň kliniki barlaglarynyň geçirilmegine rugsatnama berýär;

6) döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini guraýar;

7) ilatyň howpsuz, oňat hilli we netijeli derman serişdeleri hem-de lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegi boýunça gözegçiligi amala aşyrýar;

8) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň işlenip taýýarlanylmagyna, öndürilmegine (taýýarlanylmagyna), saklanylmagyna, daşalmagyna, mahabatlandyrylmagyna, ýok edilmegine (utilleşdirilmegine) bildirilýän umumy talaplary belleýär;

9) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar;

10) şulary işläp düzýär we tassyklanylmagy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär:

a) Derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde satyn almaga hukuk berýän keselleriň sanawyny;

b) Tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde ýerlenilýän (goýberilýän) derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň sanawyny;

ç) Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Türkmenistana getirilmeginiň we Türkmenistandan alnyp gidilmeginiň tertibini;

d) Derman üpjünçiligi çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibini;

11) şulary işläp düzýär we tassyklaýar:

a) Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibini;

b) Farmakopeýa komiteti hakynda düzgünnamany;

ç) Farmakologiýa komiteti hakynda düzgünnamany;

d) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Derman üpjünçiligi çygrynda ahlak kadalary boýunça komitet hakynda düzgünnamany;

e) Lukmançylyk wekilleri hakynda düzgünnamany;

ä) Derman serişdeleriniň ýaramsyz täsirleriniň monitoringini amala aşyrmagyň tertibini;

f) Dermanhanalarda dermannamalar boýunça taýýarlanylýan derman serişdeleriniň standart ýazylyşynyň sanawyny;

g) Derman serişdeleriniň kliniki barlaglarynyň geçirilmegini amala aşyrýan bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň sanawyny;

h) Esasy derman serişdeleriniň milli formulýaryny;

i) Derman serişdeleriniň klinikadan öňki barlaglarynyň geçirilmeginiň düzgünlerini;

j) Derman serişdeleriniň kliniki barlaglarynyň geçirilmeginiň düzgünlerini;

ž) Ýaramaz hilli derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň, galplaşdyrylan derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň, kontrafaktly derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň ýok edilmeginiň (utilleşdirilmeginiň) tertibini;

k) Dermanhanalarda dermannama esasynda ýerlenilýän (goýberilýän) derman serişdeleriniň sanawyny;

l) Ilatyň keselleýjiliginiň gurluş düzüminde has ýaýran (agdyklyk edýän) bolup durýan keselleriň sanawyny;

m) Kliniki barlagyň geçirilmegi barada birkysmy şertnamany;

n) Esasy (ýaşaýyş üçin wajyp) derman serişdeleriniň sanawyny;

ň) derman serişdesini ulanmak boýunça gözükdirijiniň görnüşini we onuň ýazgysynyň mazmunyny;

o) derman serişdesiniň gabynyň dizaýnyny;

ö) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän öndürijileriň farmakopeýa makalalaryny;

12) derman üpjünçiligi çygrynda işi amala aşyrýan işgärleriň hünär synagyny geçirýär;

13) maddy-tehniki we maglumat binýadynyň ösdürilmegini üpjün edýär;

14) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň öndürilmegine (taýýarlanylmagyna), ýerlenilmegine (goýberilmegine) bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan halatynda, olaryň önümçiligini (taýýarlanylmagyny), ýerlenilmegini (goýberilmegini) wagtlaýyn togtadýar;

15) kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzýär, şeýle hem halkara farmakopeýanyň aýry-aýry standartlarynyň we daşary ýurt döwletlerinde öndürilýän derman serişdeleri üçin farmakopeýa makalalaryň ykrar edilmegi barada çözgüt kabul edýär;

16) Derman serişdesiniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda Şahadatnamany (mundan beýläk — Şahadatnama) berýär;

17) Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet sanawynyň ýöredilmeginiň tertibini belleýär;

18) Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Türkmenistana getirilmeginiň we Türkmenistandan alnyp gidilmeginiň tertibine laýyklykda, derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Türkmenistana getirilmegi üçin rugsatnamany berýär;

19) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň hiliniň bilermenler seljermesini geçirýär;

20) Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet sanawyny ýöredýär;

21) derman serişdeleriniň ýaramsyz täsiriniň monitoringini amala aşyrýar;

22) kesel bejermegiň standartlarynyň işlenip düzülmegine we ornaşdyrylmagyna gatnaşýar;

23) derman serişdeleriniň talabalaýyk amalyýetiň standartlaryna laýyk gelmegi üçin, olaryň öndürilişine (taýýarlanyşyna) gözegçilikli barlagy geçirýär;

24) öz hünärmenleriniň hünärleriniň, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýokarlandyrylmagyny we olaryň gaýtadan taýýarlanylmagyny amala aşyrýar;

25) ylmy barlaglary geçirýär;

26) Türkmenistanda bellige alnan derman serişdeleri barada ilaty habarly edýär;

27) derman serişdesiniň ulanylyşynyň togtadylmagy, onuň dolanyşykdan aýrylmagy, ýok edilmegi (utilleşdirilmegi) barada çözgüt kabul edýär;

28) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jerimeleri salýar;

29) halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar, şeýle hem innowasiýa tehnologiýalaryny, talabalaýyk amalyýetiň standartlaryny ornaşdyrmak maksady bilen, öz hünärmenlerini daşary ýurt döwletleriniň çäginde ýerleşýän derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň öndürilmegini amala aşyrýan kärhanalara iberýär;

30) derman serişdeleriniň mahabatyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

31) derman üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine ylmy edaralary we hünärmenleri şertnamalaýyn esasda çekýär;

32) konferensiýalaryň, maslahatlaryň, simpoziumlaryň we duşuşyklaryň geçirilmegine gatnaşýar, derman üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler boýunça sergileri we beýleki çäreleri guraýar;

33) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.»;

4) 9-njy maddany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

5) 10-njy maddada:

adynda «Derman üpjünçiligi çygryndaky işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň» diýen sözleri «Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary derman üpjünçiligi çygrynda:»;

1-nji we 3-nji bentlerde degişlilikde «derman üpjünçiligi çygrynda» we «derman üpjünçiligi çygryndaky işi amala aşyranlarynda» diýen sözleri aýyrmaly;

6) 13-nji maddada:

ikinji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

dördünji bölegiň 5-nji bendinde «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň» diýen sözleri «ygtyýarly edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölekde «ygtyýarly edara» diýen sözlerden soň «derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň» diýen sözleri goşmaly;

altynjy bölekde:

birinji tesimde «Döwlet» diýen sözi «Derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri döwlet» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bentde «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi» diýen sözleri «ygtyýarly edara» diýen sözlere çalşyrmaly;

ýedinji bölegiň birinji we ikinji sözlemlerinde «Döwlet» diýen sözi degişlilikde «Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet» we «Derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri döwlet» diýen sözlere çalşyrmaly;

sekizinji bölekde «möhletde» we «ýa-da» diýen sözlerden soň degişlilikde «derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň» we «derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri» diýen sözleri goşmaly;

on üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«13. Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky düzgünnama laýyklykda ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.»;

7) 14-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«14-nji madda. Derman serişdelerini,

lukmançylyk maksatlaryna

niýetlenen önümleri döwlet

tarapyndan bellige

almakdan ýüz öwrülmegi

1. Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin berlen resminamalaryň ýa-da nusgalarynyň bilermenler seljermesi geçirilende derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň bellenilen talaplara laýyk gelmezligi ýüze çykarylan halatynda, ygtyýarly edara derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz öwürmek barada çözgüt kabul etmäge haklydyr.

2. Derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz öwrülmegi baradaky çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.»;

8) 17-nji maddanyň birinji böleginiň 6-njy bendinde, 23-nji we 24-nji maddalaryň üçünji böleklerinde we 26-njy maddanyň ikinji böleginiň 3-nji bendinde «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň» we «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarly edaranyň» we «ygtyýarly edara» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 18-nji maddanyň üçünji bölegini, 21-nji maddanyň bäşinji bölegini we 25-nji maddanyň üçünji böleginiň soňky tesimini aýyrmaly;

10) 22-nji maddada:

ikinji bölekde birinji «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň» diýen sözleri «ygtyýarly edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölegiň ikinji sözlemini we on birinji bölegi aýyrmaly;

dördünji we ýedinji böleklerde «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine» diýen sözleri «ygtyýarly edara» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«5. Derman serişdeleriniň kliniki barlaglary bejeriş-öňüni alyş edaralarynda geçirilýär.»;

11) 27-nji maddada:

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň saklanylmagy we daşalmagy»;

birinji bölegiň «1.» san belgisini we ikinji bölegi aýyrmaly;

12) 28-nji maddada:

adynda «serişdeleriniň» diýen sözden soň «, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň» diýen sözleri goşmaly;

dördünji bölegiň ikinji sözlemini we altynjy bölegi aýyrmaly;

13) 29-njy maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Dolanyşykdan aýrylan ýaramaz hilli derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň, şeýle hem galplaşdyrylan ýa-da kontrafaktly bolup durýan derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň ýok edilmegi (utilleşdirilmegi) degişli tertipde amala aşyrylýar.»;

14) 32-nji maddada:

üçünji bölegiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«Ilatyň keselleýjiliginiň gurluş düzüminde has ýaýran (agdyklyk edýän) bolup durýan keselleriň bejerilmegi üçin derman serişdeleriniň bellenilmegi kliniki standartlara (teswirnamalara), şeýle hem Esasy (ýaşaýyş üçin wajyp) derman serişdeleriniň sanawyna we Esasy derman serişdeleriniň milli formulýaryna laýyklykda amala aşyrylýar.»;

bäşinji bölegiň soňky sözlemini aýyrmaly;

altynjy bölekde «Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi» diýen sözleri «ygtyýarly edara» diýen sözlere çalşyrmaly;

15) 33-nji maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Esasy (ýaşaýyş üçin wajyp) derman serişdeleriniň sanawyna goşulan derman serişdeleri baradaky maglumatlar ygtyýarly edara tarapyndan neşir edilýän (gaýtadan neşir edilýän) Esasy derman serişdeleriniň milli formulýaryna girizilýär.»;

16) 35-nji maddada:

sekizinji bölekde:

birinji sözlemi şu görnüşde beýan etmeli:

«Saglygy goraýyş edarasynda derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri öndürijileriň (distribýutorlaryň) saglygy goraýyş wekilleri tarapyndan derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler barada mahabat maglumatlarynyň ýaýradylmagyna diňe ygtyýarly edaranyň rugsat bermegi bilen ýol berilýär.»;

soňky sözlemi aýyrmaly;

10-njy bölegi aýyrmaly.

7. 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndаky «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 105-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda, № 4, 70-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda) 25-nji maddasynyň birinji böleginiň «1.» san belgisini we ikinji bölegini aýyrmaly.

8. 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 11-nji madda):

8-nji maddanyň 3-nji we 4-nji bentlerini şu görnüşde beýan etmeli:

«3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

4) zyýansyzlandyryş serişdeleriniň standartlaryň, beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygynyň gözegçiligini amala aşyrýar;»;

19-njy maddanyň dördünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.