Ï Halkymyzyň abadançylygynyň we ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkymyzyň abadançylygynyň we ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine

view-icon 6603

Geçen hepdäniň wakalary ykdysadyýetiň pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagyna, önümçilige innowasiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary nazara almak bilen, ýurdumyzy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň halk hojalygy toplumynyň her bir ulgamyny täze sepgitlere çykarmak boýunça öňde goýan wezipeleri ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

1-nji awgustda Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üstüni ýetiren täze, döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan “Sabyrly maşgala” hususy kärhanasy hem-de “Güneşli deňiz” we “Kent gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyrylan bu taslamanyň gurluşygy üçin 10 gektar ýer bölünip berildi. Toplum 240 maşgala niýetlenip, bir wagtda 900-e golaý adamy kabul edip bilýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow kottej şäherçesiniň düzümi bilen tanyşdy. Onuň abadanlaşdyrylan çäginde ýokary amatlyklary bolan iki gatly kottejleriň 48-si, sport we çagalar üçin meýdançalar, ýüzmek üçin açyk howuz, hyzmat merkezinde bolsa restoran, fiziobejergi hyzmatlarynyň toplumyny hödürleýän SPA merkezi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen karaoke-bar ýerleşdirilipdir.

Ýolugra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýöriteleşen kärhanalary tarapyndan guralan milli hem-de daşary ýurt aşhanasynyň tagamlarynyň sergisi we türkmen telekeçileriniň önümleri bilen tanyşdy.

Bu ýerde gadymy usullar esasynda sygyr, goýun, guş etinden, balykdan, däneli ösümliklerden, gök we bakja önümlerinden taýýarlanan her dürli naharlar, çorbalar, süýt önümleri hem-de içgiler bar. Şolaryň hatarynda tamdyrlamany, işleklini, ýarmany, dogramany, palawyň dürli görnüşlerini, çorbany, pişmäni, süzmäni, çaly, agarany we köp sanly beýleki tagamlary agzap geçmek bolar. Şunuň bilen birlikde sergide ussat aşpezleriň deňiz önümlerinden taýýarlan özboluşly tagamlary, süýjülikler görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz kottejlere tarap ugrap, bu ýerde dynç alýanlar üçin döredilen şertler, otaglaryň ýerleşdirilişi hem-de enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Öýleriň her birinde mebeller bilen üpjün edilen ýatylýan we myhman otaglary, degişli enjamlar ornaşdyrylan aşhana bar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazaryň häzirki zaman dynç alyş düzümi kemala gelýän kenaryna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ildeşlerimiziň arassa howada dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Munuň üçin deňziň kenarynda sport meýdançasy gurlupdyr. Bu ýerde ýerleşýän kafede myhmanlara türkmen topragynda ýetişýän dermanlyk ösümliklerden demlenen çaýlar hem-de naharlaryň tiz taýýarlanylýan görnüşleri hödürlenilýär.

Gojaman Hazaryň kenary ýylyň bu paslynda has ýakymly. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen amatlyklar bilen tanyşlygyň dowamynda adamlaryň ýokary derejeli dynç alşyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Bu gün dünýäde sportuň kenarda oýnalýan görnüşleri, hususan-da, woleýbolyň, futbolyň, hatda tennisiň kenarda oýnalýan görnüşleri uly meşhurlyga eýe bolýar. Bulardan başga-da deňiz sportuň suwdaky görnüşleri üçin ajaýyp tebigy “meýdançadyr”. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilen. Mahlasy, amatly howa şertleri hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty wagtyňy gyzykly geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, saglygyňy berkitmäge mümkinçilik berýär, eziz Diýarymyzyň “deňiz merjeniniň” halkara syýahatçylygyň, şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafiniň duşuşygy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, energetika pudagynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeleriň guraly barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

3-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda guralan “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. “Awaza” sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde dünýä derejeli sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň adyndan mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlara eýe bolan türgenler Diýarymyzyň sportuny ösdürmäge, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan uly goşandyna hormat hökmünde döwlet derejesinde sarpalanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagynda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilmeginiň türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini hem-de olaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýändigini belledi.

Biziň türgenlerimiz 15 — 25-nji iýul aralygynda goňşy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 21 ýurtdan 260-dan gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdiler. Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy, Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa ýetginjek gyzlaryň arasynda 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip, Özbegistandan, Gazagystandan, Hindistandan, Koreýa Respublikasyndan, Taýlanddan, Bahreýn Patyşalygyndan ýaryşa gatnaşan bäsdeşlerini üstünlikli ýeňip, üç altyn medala hem-de iki bürünç medala mynasyp boldy.

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgeni, Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew ýetginjek oglanlaryň arasynda 89 kilogram agram derejesinde çykyş edip, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Yragyň, Koreýa Respublikasynyň, Bahreýniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň türgenlerinden öňe geçip, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ýaş türkmen agyr atletikaçysy çykyşlarynyň netijesi boýunça jemi üç altyn medaly gazandy.

Türkmen türgenleri şu ýylyň ulag boýunça ýaryşlarynyň esasy wakalarynyň birinde — Russiýanyň Ýewropa böleginiň çäklerinde 6 — 16-njy iýulda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” halkara ralli-reýdinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler. Bu gezekki ralli ýaryşyna dürli döwletlerden, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Bolgariýadan, Latwiýadan, Hytaýdan, Mongoliýadan jemi 32 topar gatnaşdy.

Ýaryşyň geçilmeli ýoly çylşyrymly hem-de gyzykly bolan Astrahan — Moskwa ugry boýunça guraldy. Kerwene goşulanlar Astrahandan badalga alyp, 4463 kilometr aralygy geçip, pellehana — Moskwa şäherine geldiler. Ýoluň köp bölegini ýolsuz ýerler: sähra bölekleri, çägelikler, çylşyrymly dag we tokaý bölekleri düzdi. 10 günlük ralliniň netijeleri boýunça sylaglary gowşurmak dabaralary Moskwadaky “Lužniki” stadionynda geçirildi.

Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça ýygyndy topary T2 görnüşinde üstünlik gazandy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň wekili Merdan Toýlyýew hem-de onuň şturmany Şöhrat Toýlyýew “233” belgi bilen “Nissan Patrol” awtoulagynda çykyş edip, 1-nji orna, altyn medala we degişli Kuboga mynasyp boldular.

Has tapawutlanan türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga ýollanmalar, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýörite egin-eşikler gowşuryldy. Awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerine bolsa döwlet Baştutanymyzyň adyndan «Nissan Pathfinder» sport awtoulagy sowgat berildi.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ugrundaky yzygiderli aladasy, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hem-de täze sport ýeňişlerini gazanmaga ähli şertleriň döredilendigi üçin, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

4-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Soňra Arkadagly Serdarymyz ogly Kerimguly bilen “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz türgenleşik enjamlarynda maşklary ýerine ýetirip, ýokary ussatlyk derejesini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň taplanmagynda bolşy ýaly, adam saglygynyň berkidilmeginde hem aýratyn ähmiýetlidir. Sport enjamlarynda berjaý edilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmeginiň ynsan saglygy üçin peýdasy uludyr. Lukmançylyk ylmynyň tassyklaýşy ýaly, sport maşklary bedeniň ähli agzalarynyň işjeňligini artdyrýar, gujur-gaýratyňy, ruhubelentligiňi ýokarlandyrýar, gan basyşynyň durnuklylaşmagyna hem-de dartgynlylygyň gowşamagyna ýardam edýär.

5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiň, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döredijilik toparlary myhmanlar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar. Ýaş aýdymçylaryň we tansçylaryň sahnalaşdyrylan çykyşlarynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Meýdany 1,5 gektara barabar bolan bu merkez Esenguly etrabynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirligi tarapyndan çagalaryň dynç alşyny guramaga hem-de gurluşyk ülňülerine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bina edildi. Bu ýerde ýaş raýatlaryň göwnejaý dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri hem-de wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda oýun hiňňildikleri, awtodrom, syn ediş çarhy, oýun zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany we beýlekiler ýerleşýär. Bu ýere gelýänler üçin ýaşyl baglaryň, gülleriň arasynda amatly oturgyçlar hem ornaşdyrylypdyr. Edara binasynda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilipdir. Şeýle-de bu ýerde awtoduralga, dürli tehniki otaglar, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutulypdyr.

Ýaş türkmenistanlylara nobatdaky bu ajaýyp sowgat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladasynyň ýene-de bir aýdyň beýany boldy.

6-7-nji awgustda paýtagtymyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergi we “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi. Bu çäreleri ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guradylar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda guralan bu ýöriteleşdirilen forumyň esasy maksady gurluşyk, senagat hem-de energetika ulgamlarynyň, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygynyň ösdürilmegine ýardam bermekden, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň ägirt uly kuwwaty we mümkinçilikleri, daşary ýurtly gatnaşyjylaryň enjamlary, täze tehnikalarydyr hyzmatlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly hem-de ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar gatnaşdylar.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk we senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berýän sergi bölümleri ýerleşdirildi.

Bu ýerde görkezilýän önümleriň hatarynda dürli ölçegdäki turbalar, kerpiçler, demirbeton önümleri, gidroizolýasiýa serişdeleri, ýuwlan çagyl, penopolistirol, keramzit, emulsiýalaryň we boýaglaryň dürli görnüşleri, elektrik kabelleri, kafel, gury gurluşyk garyndylary, “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynyň dürli görnüşli aýnalary, ýag hem howa süzgüçleri, akkumulýatorlar bar.

Pawilýonlardaky monitorlarda täze gurluşyk önümleri, tehnologiýalary, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça awtomatlaşdyrylan ulgamlar, suw sorujy we suw arassalaýjy enjamlar, panel hem-de diwar bloklary, alýumin we plastik germewler, santehnika önümleri, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly gurluşyk tehnikalary görkezildi. Bu ýerde ýakyn geljekde guruljak edara binalarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň şekilleri-de görkezildi.

Aýratyn-da, inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň gurluşyklary barada gürrüň berýän bölümler uly gyzyklanma eýe boldy. Onda awtobanlaryň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň we ýurdumyzyň uly ýollarynyň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklary barada gürrüň berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar, hususan-da, ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler elektroenergetika pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Sergide döwrebap binalaryň — energetika enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek boýunça merkezleriň, “ýaşyl” generator beketleriniň şekilleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky işläp taýýarlamalar — Gün panelleriniň hem-de ýel generatorlarynyň şekilleri görkezildi.

Döwrebap senagat we elektron önümleri öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti sergide ykjam telefonlary, smartfonlary, monobloklaryň dürli görnüşlerini, smart-telewizorlary, split-kondisionerleri, internet ulgamyny paýlaýjylary (router), agyz suwuny sowatmak we ýylatmak üçin niýetlenen enjamlary görkezdi.

Halkara serginiň çäklerinde geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahatda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýerli işewürler, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň, kärhanalaryň hünärmenleri adaty görnüşde we sanly ulgam arkaly öz teklipleri bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda şweýsariýaly önüm öndürijileriň binalaryň we desgalaryň seýsmiki-gorag ulgamynyň ugurlaryna, RIK logistik modulynyň mümkinçiliklerine hem-de ulaglaryň çykdajylaryny hasaplamagyň guralyna, Russiýanyň kompaniýalarynyň önümleri, gurnamalary, enjamlary getirmegiň ykdysady taýdan bähbitli ugurlaryny kesgitlemäge, gurluşyk taslamalaryny dolandyrmagyň usullaryna, türkiýeli işläp taýýarlaýjylar bilen geňeşmeleri guramaga degişli tekliplere baha berildi. Şeýle-de elektroenergetika ulgamynda barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, suw serişdelerini aýawly saklamak, gurluşyk serişdelerini öndürmek, ýolgurluşyk pudagynyň ösdürilmeginde innowasiýalar bilen bagly meselelere deglip geçildi.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar ýurdumyzda döwrebap düzümleriň, innowasion işleri alyp barmak üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny belläp, türkmen kärdeşleri bilen täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak boýunça giňden hyzmatdaşlyk etmäge, bilelikdäki taslamalara, barlag nusgalarynyň synaglaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň depginli ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkara abraýyny has-da belende götermäge we halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilendir.