Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2022» halkara sergisi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap tehnologiýalary we inženerçilik-tehniki çözgütleri ulanmak, döwletiň hem-de hususy pudagyň goldamagynda innowasion iş üçin ähli şertleriň döredilmegi üçin giň mükinçilikleriň bardygyny aýan görkezdi.
Nanotehnologiýalary ulanmak üçin ekoulgamyň döredilmegini şeýle iş ugurlarynyň biri hasaplasa bolar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň düzüminde nanotehnologiýalar barlaghanasy hereket edýär, ol nanobölejikleriň sintezine we nano-gatlaklary almaga, önümçilikde ulanmak üçin dürli sypatly täze materiallary döretmäge ýöriteleşendir. Bu ýerde, mysal üçin, elektronikada, senagatda, lukmançylykda, gurluşykda giňden ulanylýan nanoturbajyklary döretmek boýunça synaglar geçirilýär. Barlaghananyň hünärmenleri ýerli çig maldan – metandan we nebit koksundan uglerod nanoturbajyklaryny almagy göz öňünde tutýarlar.
Bu innnowasion ulgamda hünärmenleri taýýarlamak üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň ýörite okuw maksatnamasyna talyplar üçin nanotehnoligiýalar hem-de nanomateriallar boýunça umumy sapaklardyr okuw maslahatlary girizildi. Bu tema aýratynam Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde giňden ulanylýar. Bu ýerde himiýa we nanotehnologiýalar fakultetinde nanohimiýada, elektronikada, biomedisinada ulanylýan tehnologiýalara aýratyn üns berilýär.
Ýerli we daşary ýurtly müşderilere bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän türkmenistanly telekeçiler nanotehnologýalara esaslanýan önümçiligi has işjeň özleşdirýärler. Gurluşyk-senagat toplumynyň geçen sergisinde «Kesgir bulak» HK-sy öýlerde we jaýlarda otaglara girýän howany saglyga zyýanly tozan bölejiklerinden we mikroorganizmlerden goramak üçin «nano-torly süzgüç» görkezdi. Täze önüm häzirki gorag torlaryndan has netijelidir we uzak wagtlap ulandyrýar.
Alyjylar «Cv-dent» haryt nyşany bilen nanotehnologiýalary ulanyp, diş çotgalaryny çykarýan «Täze saba» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine gowy baha berildi. Ol diňe bir gigiýena harytlarynyň şu görnüşine bildirilýän ýokary hil ölçeglerine gabat gelmän, eýsem hil taýdan has gowudygy bilen tapawutlanýar. Elýeter bahaly sanitar-gigiýeniki berk talaplara laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli «Cv-dent» diş çotgalarynyň gowy eksport geljegi bar. Şu harydyň ilkinji tapgyrlary eýýäm daşary ýurtlara ugradyldy.