Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna – 25 ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna – 25 ýyl

view-icon 7810
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna – 25 ýyl

Çärýek asyr mundan ozal – 1997-nji ýylyň 12-nji awgustynda Maryda Ýokary tehniki kollejiň binýadynda häzir Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagynda bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty döredildi.

Bu ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň çalt depginlerde ösýän energetikasy, senagaty we aragatnaşygy üçin bilimiň öňdebaryjy usullary esasynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlaýar. Bu ýerde Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasynda institutyň ylym-bilim işiniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen «Elektron okuw merkezi» döredildi.

Elektron okuw merkezinde okadylýan dersleriň ählisi boýunça hemişe täzelenýän amaly we laboratoriýa sapaklarynyň umumy wideo we audio ýazgylary toplanylýar. Elektron okuw merkeziniň tehniki serişdeleri we programma üpjünçilik toplumy sapaklaryň bilim hem usulyýetiniň hilini ýokarlandyrmak üçin goşmaça innowasion mümkinçiliklerden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda esasan elektron we ýylylyk energetikasy, maşyngurluşygy, ykdysadyýet we dolandyryş, elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary, maglumatlar howpsuzlygy, tehniki ulgamlarynda dolandyryş ugurlaryndan bilim berilýär. Maglumat ölçeýji tehnikalar we tehnologiýalar, elektroenergetika we eleketrotehnika, infokommunikasiýa tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlary, maglumatlar howpsuzlygynyň menejmenti ugurlaryndan bakalawrlar taýýarlanylýar.

Professor-mugallymlar düzüminiň gazananlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerine we halkara internet-olimpiadalaryna işjeň gatnaşýan talyplaryň üstünlikleri institutyň bilim derejesiniň ýokarydygynyň görkezijisidir.

Muňa mysal hökmünde, 2022-nji ýylda ikinii ýyl talyby M. Annaýew Sankt-Peterburgyň informasiýa tehnologiýalary, mehanika we optika Milli ylmy-barlag uniwersitetiniň guran Açyk VIII halkara internet-olimpiadasynda matematika dersinden birinji orny eýeländiginimysal getirmek ýakymlydyr. RF-niň Mariý El Respublikasynyň Ýoşkar-Ola şäherinde fizika we himiýa dersleri boýunça geçirilen Açyk halkara internet-olimpiadasynda Döwlet energetika institutynyň talyplary iki bürünç, üç kümüş we iki altyn medala mynasyp boldular.

Bu ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň halk hojalygy toplumy üçin alternatiw energetika, energonetijelilik we beýleki innowasion ugurlaryň ylmy esaslaryny döretmekde öňe saýlandy.

Institutda «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredilip, onuň düzüminde laboratoriýalaryň birnäçesi bar. Olarda fotoelektrik özgerdijler tehnologiýasy; gün energiýasynyň konsentrasiýasy we geliotehnika; bioenergetika we biomassalar önümçiligi tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak; elektrik energiýasynyň akkumulýasiýasynyň tehnologiýasy we ş.m. ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Döwlet energetika institutynyň YÖB-niň işgärleri Türkmenistanda ilkinji gün-ýel garyşyk kuwwatly elektron bekediniň taslamasyny işläp taýýarladylar. Ol Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde gurlar.

Bu ýokary okuw mekdebi halkara guramalary, hususan-da ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk edýär. «Döwrebap tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimi kämilleşdirmek» halkara taslamasyna (HiEdTec) gatnaşýar, onuň çäklerinde institutyň mugallymlary dersler boýunça elektron onlaýn kurslary işläp taýýarladylar.

Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Uniwersitetleriň Halkara assosiasiýasynyň (UHA) agzalygyna goşuldy.