Ï Tehnologiýa merkeziniň ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnologiýa merkeziniň ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi

view-icon 10626
Tehnologiýa merkeziniň ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi

«Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary» – «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen makalalar ýygyndysy şeýle atlandyrylýar. Bu, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň işgärleriniň nobatdaky – altynjy – ylmy işler ýygyndysydyr. Onda okyjylara düýpli we amaly häsiýetli kyrkdan gowrak ylmy iş, şeýle hem Merkeziň barlaghanalarynda işlenip düzülen innowasion teklipler hödürlenýär.

Täze ýygyndy «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we we beýleki resminamalar tarapyndan kesgitlenen strategik maksatlary durmuşa geçirmäge gatnaşýan Tehnologiýa merkeziniň ýokary mümkinçiligini görkezýär.

Ýygyndynyň makalalary okyjyny maglumat we aragatnaşyk, bio we nano tehnologiýalar, alternatiw energetika pudagyndaky toplumlaýyn ylmy derňewler bilen tanyşdyrýar. Onda agrosenagat toplumy, ekologiýa we tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, ýangyç we energetika pudagy we serişde tygşytlama ýaly ugurlar boýunça düýpli gözlegleriň hem amaly işleriň ähli jähetleri görkezilendir.

Ýygyndyda ýeriň we suwuň howpsuz ulanylmagy, suwarymly ekerançylygyň şorlan ýerlerini karbonlaşdyrmakda we dikeltmekde kükürt hem biomassanyň galyndylaryny ulanmak, şeýle hem ýerden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen beýleki işler esasynda agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşini üpjün edýän täze tehnologiýalary berilýär.

Merkeziň alymlary dikeldip bolýan energiýa çeşmeleri (gün, ýel) tarapyndan dolandyrylýan, energiýany we suwy tygşytly ulanmak bilen, galyndysyz işleýän awtonom meliorasiýa toplumy esasynda «ýaşyl» wodorod, şeýle hem suw howdanlarynyň we kölleriň, hususan-da, bir öýjükli suwotulary we saprofit bakteriýalary özünde jemleýän «Altyn asyr» kölüniň ýokarky gatlagyndan suw almagyň şertlerini işläp düzdüler.

Uglerodly nanoturbajyklaryň sintezi boýunça geçirilen synaglar, kremniniň perowskitiniň tandem elementini öndürmek boýunça ylme işler we buýan köki gaýtadan işlenende galýan galyndylardan sellýulýoza çykarmak mümkinçiligi baradaky habarlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Köp ýyllyk ösümlik bolan ýandagyň dürli görnüşleriniň halk tebipçiliginde giňden ulanylmagy Tehnologiýa merkeziniň alymlarynda bu ösümligiň dürli ekstraktyny, efir ýaglaryny we beýleki metabolitlerini öwrenmäge gyzyklanma döretdi.

Barlaghanalarda geçirilen bu gözlegleriň netijesinde ruhupesligi aradan aýyrmak (antidepressiw) häsiýeti bolan ýandakdan gury agaç ekstraktyny öndürmegiň innowasiýa usuly döredildi.

Merkeziň alymlary senagat kärhanalarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek üçin biotehnologiýalary giňden ulanýarlar. Hususan-da, barlaghanada limon kislotasyny öndürmegiň biotehnologik usuly ulanyldy. Barlaghanada alnan organik kislota azyk senagatynda, lukmançylykda we tehniki ugurlarda, şeýle hem iýmit önümlerini okislenmekden goramak üçin, konserwant hökmünde giňden ulanylyp bilner. Alymlaryň işläp düzen zatlary alkogolly we alkogolsyz içgiler öndürmekde, ösümlik ýaglaryny arassalamakda kadalaşdyryjy pH hökmünde ulanylýar.

Iki dilde (türkmen, rus) neşir edilen «Ylmy makalalar ýygyndysy» halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklarynyň hünärmenleri, şeýle hem mugallymlar, aspirantlar we şu ugurlardan bilim berýän ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin niýetlenendir.