Ï Ýurdumyz giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyz giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar

view-icon 5812

Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady hem-de ruhy kuwwatynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan we halkymyzyň mynasyp durmuşynyň hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulag düzüminiň ýene-de bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçen hepdäniň wakalarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag düzüminiň dünýä ulgamyna goşulyşmagy, häzirki zaman halkara ölçeglere laýyk gelýän hem-de ulaglaryň ähli görnüşini, şol sanda awtomobil ulagyny öz içine alýan multimodal düzüminiň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär.

Bu taslamany amala aşyrmak Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan “Dorožnoýe stroitelstwo — “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetine tabşyryldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, iki ýylyň dowamynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden häzirki zaman awtomobil köprüsi hem-de oňa eltiji ýollar gurlar. Iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň umumy uzynlygy 354 metre, ini 21 metre deňdir.

Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda dürli maksatly desgalary gurmak hem meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda sürüjiler we ýolagçylar üçin niýetlenen dynç alyş merkezleri, myhmanhana, tehniki hyzmat ediş merkezleri, awtobus duralgalary, ulaglaryň agramyna hem-de ölçegine gözegçilik etmegiň, yşyklandyryjylaryň, ýol belgileriniň awtomatlaşdyrylan ulgamlary bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýbüni tutmak dabarasyndaky çykyşynda täze köpriniň Demirgazyk — Günorta ugrunyň möhüm bölegine öwrüljekdigini hem-de diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetli boljakdygyny belläp, gurluşyklaryň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy möhüm talapdyr.

Täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu köpri Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol boýunça çykmakda netijeli hyzmat eder.

Bu köpriniň ulanmaga berilmegi deňiz ýakasynyň hem-de Garabogazkölüň tebigy baýlyklaryny özleşdirmäge, bu ýerleriň geografik ýagdaýlaryny öwrenip, netijeli peýdalanmaga ýardam berer. Şeýle-de syýahatçylaryň Türkmenbaşy şäherindäki we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky şypahana-dynç alyş desgalarynyň hyzmatyndan peýdalanmaklaryna mümkinçilik döreder.

Şeýle hem bu köpri abatlandyrylmagy meýilleşdirilýän Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan döwlet awtomobil ýolunyň bölegi bolar.

Watanymyzyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyny durmuşa geçirmäge, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbidine halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu taslamanyň amala aşyrylmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hem gönüden-göni täsir eder.

10-njy awgustda Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.

Harby-Deňiz Güýçleriniň bu deňiz birikmesiniň desgalary häzirki döwrüň bu ugurdaky talaplaryna laýyklykda gurlupdyr. Onuň çäginde edara binasy hem-de ugurdaş düzümleýin desgalar ýerleşýär. Esasy binada dolandyryş bölümi, şeýle hem nobatçylyk çekýän harby deňizçiler üçin iş otaglary bar. Bu ýerde harby gullukçylaryň hem-de deňizçileriň gulluk etmegi üçin döredilen şertler öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde gulluk edýän serkerdeleriň biri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny dolandyryş nokadynyň işi, ýerine ýetirýän wezipeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar we sanly ulgam, elektron kartasy, şeýle hem ýurdumyzyň Harby-Deňiz Güýçleriniň serkerdeleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan maglumat-dolandyryş ulgamynyň ýörite programma üpjünçiligi Hazar deňziniň giňişliginde ýolagçy we harby gämileriň hereketine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmäge niýetlenen radiolokasiýa enjamy, şeýle hem Harby-Deňiz Güýçleriniň söweşjeň gämilerinde gurnalan tehniki toplumlar peýdalanylýar.

Döwlet Baştutanymyz “Deňiz han” korwet kysymly harby gämi, onuň söweşjeň mümkinçilikleri, tehniki häsiýetnamalary hem-de gurluşynyň aýratynlyklary, bölümleriniň işleýiş usullary bilen tanyşdy. “Deňiz han” gämisi garşydaşyň suwasty hem-de suwüsti söweşjeň gämilerini, guryýer we howa nyşanlaryny ýekelikde hem-de gämi urgy toparynyň düzüminde ýok etmek üçin niýetlenendir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat berýär. Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar ýurdumyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli deňiz flotunyň Hazar deňzinde geçirilen dabaraly ýörişiniň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň geljekde hem Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, harby deňizçileriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine aýratyn üns berjekdigini belledi. Goranyş häsiýetli Harby doktrinada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekleri, bu kysymly goşunlaryň harby gullukçylarynyň mukaddes borjy bolup durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady.

Häzirki wagtda Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, iň täze harby tehnikany we enjamlary, gämileri satyn almak, şeýle hem olary öz ýurdumyzda gurmak boýunça netijeli çäreler geçirilýär, harby deňizçileriň söweşjeň we nazaryýet taýýarlyk derejesi ýokarlanýar. Olaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gämileriniň gözden geçirilişi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň deňiz serhediniň ygtybarly goralýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

12-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy.

Ýedi aýda toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanyldy.

Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklary bolan ykdysady hem-de bank-maliýe toplumlaryna sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak işiniň çaltlandyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Ýylyň başyndan bäri geçen döwürde Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini hem-de beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem mejlisde ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat hem-de elektroenergetika ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlar berildi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Güýzlik bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär. Ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek boýunça talabalaýyk işler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny doly derejede peýdalanmak, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bol hasyl almagyň girewi bolan öňümizdäki oba hojalyk möwsümlerine taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary, suw tygşytlaýjy usullary giňden ornaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz söwda we dokma pudaklarynda, telekeçilik ulgamynda täze önümçilikleri döretmegiň, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň hem-de hususy işewürligi höweslendirmegiň zerurdygyny belledi.

Hasabat döwründe ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işler boýunça ösüş depgini gazanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hökümetiň 2022-nji ýylyň ýedi aýynda halk hojalygy toplumynyň işiniň netijelerine bagyşlanan mejlisinde bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky meselelere aýratyn üns berdi.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, kämilleşdirilýän kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň aýratyn wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň önümçilik pudaklarynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda alyp barmak, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň senagat toplumynyň, oba hojalygynyň, energetika ulgamlarynyň, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň depginini ýokarlandyrmak, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini, telekeçilik ulgamyny ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 1-nji sentýabrda geçiriljek VII gurultaýynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň wajypdygy bellenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalara baýdygyny belläp, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Döwlet maslahatyna häzirden göwnejaý taýýarlyk görülmelidigini belledi. Maslahatda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serederis, şoňa görä-de, bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

12-nji awgustda her ýyl Hazarýaka döwletleri tarapyndan bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, alymlar, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, iri halkara guramalaryň–— BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda kenarýaka ýurtlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy şertleriň jemlenmesine esaslanýan hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu şertler ykdysady, durmuş we ekologiýa meseleleriniň bitewi toplumynyň çözgüdini özünde jemleýär. Çykyşlarda bu ulgamda sebitiň döwletlerinde alnyp barylýan köpugurly işler hemmetaraplaýyn şöhlelendirildi.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyz tarapyndan milli hem-de halkara derejelerde alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň esasy ugurlary we netijeleri beýan edildi.

Hyzmatdaşlygyň bäştaraplaýyn gurallarynyň netijeliligi hem-de gepleşikleriň täze görnüşleriniň mümkinçilikleri nygtaldy. Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek hem-de peýdalanmak, söwda gämi gatnawyny, syýahatçylygy ösdürmek, şeýle hem Hazaryň düýbüniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek we peýdalanmak boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

13-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri, bu ýerde guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy hem-de ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek we desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrmak meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

14-nji awgustda köp sanly daşary ýurtly myhmanlary kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezdi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzy syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.