Daşoguz welaýatynyň bilim edaralar ulgamyna ýakyn geljekde üç sany täze bina goşular. Sebitde umumy bilim berýän iki sany täze okuw jaýyny we bir çagalar bagyny işe girizmek üçin taýýarlyk görülýär.
Şolardan biri, 600 orunlyk mekdep, S. A. Nyýazow etrabynyň Şöhrat geňeşliginiň Buýanly obasynda ýerleşýär. Ol jemi dört gektardan gowrak ýer tutýar. Iki gatly binasy bolsa ýedi bölekden ybarat bolup, olarda köp sanly synp otaglaryndan başga-da mejlisler zaly, kitaphana, naharhana we beýleki zerur otaglar ýerleşýär. Oba mekdebiniň çäginde bu bilim ojagyny ýylylyk we elektrik bilen özbaşdak üpjün edýän zerur tehniki desgalar-da guruldy.
Alty ýüz okuwça niýetlenen başga bir mekdep bolsa, Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrundaky täze ýaşaýyş jaýlar toplumynda ýerleşýär. Onuň umumy meýdany üç gektar. Dört bölekden ybarat täze bilim ojagynyň iki gatly binasynda sowady ýokary, beden taýdan berk ýaş nesli terbiýelemek üçin, ähli şertler döredilýär.
Mekdebe çenli ýaşly çagalar barada aýdylanda bolsa, olar üçin sebitiň dolandyryş merkezinde Şagadam köçesiniň ugrunda ýerleşýän 240 orunlyk täze çagalar bagy ýakyn wagtda öz gapylaryny açar.
Onda ýatylýan otaglardan we synplardyr döredijilik otaglaryndan başga-da aýdym-saz zaly, lukman otagy, açyk howada dynç alyş eýwanlary, hereketli oýunlar üçin açyk oýun meýdançalary we dürli maksatly beýleki zerur zatlar guruldy. Bu ýerde ýerli çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda kompýuter biliminiň esaslaryny we daşary ýurt dillerini öwretmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.