Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda “Owadan gala” hususy kärhanasy Baýramaly şäheriniň Könegala köçesiniň ugrunda 500 orunlyk täze mekdep jaýynyň gurluşygyny tamamlady.
Şu okuw ýylynyň ilkinji güni ilkinji jaň kakylmagyna taýýarlanýan täze mekdep binasy, onuň abadanlaşdyrylan çäkleri we oňa çekilen täze ýol şäheriň ýyl-ýyldan özgerýän keşbine gözellik goşdy. Bu mekdep şäheriň soňky ýyllarda täze ýaşaýyş jaý toplumlary bilen giňeýän demirgazyk-gündogar künjeginde ýaşaýan okuwçylar üçin uly amatlyklary döreder. Bu mekdep jaýy soňky ýyllarda Baýramaly şäherinde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman bilim edaralarynyň onunjysydyr.
Iňlis dilini we ynsanperwer ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwrenmäge niýetlenen täze mekdepde okuw otaglarynyň 40-a golaýy, şol sanda lingafon we kompýuter otaglarynyň 4-si bolar. Uly we kiçi sport zallarynyň, giň mejlisler zalynyň, naharhananyň, gyzlar we oglanlar üçin aýratyn abzallaşdyrylan birnäçe zähmet otaglarynyň, ýyladyşhananyň bolmagy bu ýerde okuw- terbiýeçilik işlerini ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berer.
Mekdebiň daşyndaky sport desgasynyň çäginde okuwçylar bilen kiçi futbol, basketbol, woleýbol, ýeňil atletika boýunça türgenleşik işlerini we ýaryşlary guramaga hemme mümkinçilikler bar.
Täze mekdep binasy “Owadan gala” hususy kärhanasynyň kurort şäheri bolan Baýramalyda gurýan ilkinji desgasy däldir. Şäheriň 20-nji çagalar bagynyň gurluşygynda oňat hilli işi we ýokary jogapkärçiligi bilen özüni aldyran bu kärhana şäheriň ynamdar hyzmatdaşyna öwrüldi. Şu günler täze mekdep binasynyň okuw we dolandyryş otaglarynyň parta-oturgyçlaryny, synp tagtalaryny, mebellerini we dürli enjamlaryny düzmek, ýerleşdirmek we gurnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.