Ï Söwda ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi haryt bolçulygyny üpjün etmegiň esasy şertidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Söwda ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi haryt bolçulygyny üpjün etmegiň esasy şertidir

view-icon 17517

Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, sanly ulgam arkaly ilata edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň söwda toplumynyň öňünde goýan esasy wezipeleridir.

Söwda ulgamy islendik önümçilik işiniň ahyrky netijesidir. Şeýlelikde, onuň ösüşiniň derejesi, işiň, harytlaryň we hyzmatlaryň giň gerimi, köpdürlüligi diňe bir ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň derejesine däl, eýsem, ýurdumyzyň senagat pudaklarynyň kuwwatyna, onuň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz halk hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça degişli tabşyryklary berip, şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde toplumda sarp ediş harytlarynyň, aýratyn-da, oba hojalyk pudagynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak babatda işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda, zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligi gowulandyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlaryndaky makroykdysady görkezijiler söwda ulgamynyň durnukly ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Hususan-da, şu ýylyň alty aýynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,3 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 105,6 göterime barabar boldy.

Bu ministrlik ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden we zerur bolan halatynda daşary ýurtly önüm öndürijilerden ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin elýeterli bahadan harytlaryň gerek bolan möçberlerini satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, harytlaryň bahalaryna we azyk bolçulygyny üpjün etmäge, ýokary hilli import harytlarynyň gelmegine hem-de olaryň möçberiniň azaldylmagyna, ýurdumyzyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna, bazarlarda we söwda edaralarynda söwda kadalarynyň berjaý edilişine pugta gözegçilik edilýär. Şu çäreler bilen birlikde, hyzmat ediş hem-de söwda ulgamyny ösdürmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan köp sanly söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilatymyza, ýurdumyzyň myhmanlaryna edilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün edýärler.

Häzirki wagtda önümçilik pudaklary we hyzmatlar bazarlary sanly ulgama işjeň geçýärler. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalaryň ýokary depginlerde ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän ornuny berkidýär. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, elektron söwdany guramak bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.

Dünýäniň bölek we lomaý söwdasynda bolup geçýän özgertmeler geljegi uly işewürlik nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazaryndaky ýagdaýlara dogry we öz wagtynda seslenmegiň bäsdeşleriň öňünde artykmaçlyk berýändigi äşgärdir. Häzir, tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem bu ulgamda sanlylaşdyrmagyň depgininiň artýandygy duýulýar. Munuň özi sarp edijileriň barha köpüsiniň sanly tehnologiýalara uly ähmiýet berýändigi bilen şertlendirilendir. Sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bazarda üstünlikli bäsdeşlik etmek üçin öňdebaryjy tehnologik çözgütleri ulanmak we marketing kommunikasiýalarynyň täze gurallaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar.

Sanly ulgamlar söwda kärhanalaryna sarp edijiler barada maglumatlary toplamaga, satyn almalaryň taryhyna syn etmäge, dürli önümlere bolan islegleri seljermäge hem-de alyjylar üçin islegli bolup galmaga mümkinçilik berýär. Şolaryň kömegi bilen amallar işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, degişlilikde, harytlaryň özüne düşýän gymmatyny azaltmak, önümleriň bazarda has elýeterliligini üpjün edip bolar. Şunuň bilen baglylykda, täzelikleri işjeň ulanmak hem-de sarp edijileriň isleglerini düýpli seljermek ýurdumyzyň söwda ulgamyny sanlylaşdyrmakda esasy ugurlar bolup durýar.

Internet dükanlarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Söwdada sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri kämilleşdirilýär. Harytlary uzak aralykdan satmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsdeşlige ukyply bazar ykdysadyýeti kemala gelýär.

Aşgabatda döwlet söwda kärhanalaryny sanlylaşdyrmak boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkezi tarapyndan esaslandyrylan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň hünärmenleri “Hengsheng Lianhua Investment Management Co.Ltd” hem-de “Tongfang Hongkong Limited” ýaly belli hytaý kompaniýalary bilen bilelikde işleýärler. Kärhana “Agzybirlik tilsimaty” haryt nyşanly enjamlary, şol sanda sensor ekranly kompýuterleri, çek-printerleri, ştrih-kod printerleri we skanerleri öndürýär. Bu enjamlar söwda nokatlarynda söwdanyň guralyşyna awtomatik ýagdaýda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň görkezijisi, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegleri aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly maglumat-seljeriş çeşmesi bolup durýar. Ministrler Kabinetiniň ýokarda agzalan giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe söwda geleşikleriniň 149-sy geçirilip, şolarda 18 müň 255 şertnama hasaba alyndy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, işleriň bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda guralmagyna, şol sanda birža hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagyna we şolaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň hem-de beýleki usullaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar.

Ösen we ýokary netijeli söwda ulgamy haryt iberijilere we önüm öndürijilere hil babatda ýokary talaplary bildirip, sarp edijilere ýetirilýän önümleriň hiline gözegçilik edýän ulgama gatnaşyjy bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, ol döwletiň ilat saglygyny goramak boýunça tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ştrih-kodlar bilen bellemek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylýan harytlyk önümleriň onlarça müň görnüşine eýýäm degişli nyşan dakyldy. Türkmenistanyň GS1 halkara guramasyna (Global Standart One) goşulmagy hem ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň alyp barýan işleriniň gerimi giňdir, haryt dolanyşygynyň artdyrylmagy hem-de çaltlandyrylmagy, bir tarapdan, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport mukdarynyň artdyrylmagy, beýleki tarapdan bolsa, içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary, önümçilik-tehniki ähmiýetli önümler we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen enjamlar bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Birža söwdalarynda 40-dan gowrak döwlete, şol sanda Russiýa, Hytaýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Beýik Britaniýa, Türkiýä, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we beýleki ýurtlara ýurdumyzda öndürilýän harytlar eksporta iberilýär. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty, dünýäniň ähli künjeginden işewürleriň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýän durnukly ykdysady hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy ýardam berýär.

Şeýlelikde, Döwlet haryt-çig mal biržasy daşary ýurtlaryň biržalarynyň iň gowy tejribelerini işjeň ornaşdyrmak bilen, öz işini döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistany dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşmak maksady bilen, haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary söwda amallaryny höweslendirmek, harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri esasynda amala aşyrýar.

Hökümetiň ýokarda agzalan mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini, daşary söwda dolanyşygynyň kämilleşdirilmelidigini hem-de halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmelidigini hem nygtady.

Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesiniň berilmegi söwda ulgamyny we telekeçiligi ösdürmekde möhüm ädim boldy. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky iş topary döredildi. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy derejesiniň berlendigini bellemek gerek. Bu bolsa ýurdumyza guramanyň işiniň esasy ugurlary, onuň düzgünleri hem-de köptaraplaýyn söwda gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt derejesi (“işjeň synçy”) milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi, ýurdumyzyň daşary söwdadaky ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin şertleri döredýär, köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, köp millionlyk maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam edýär. Şeýle-de munuň özi Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýalaryny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge degişlidir.

Bütindünýä Söwda Guramasy özüniň agzalarynyň arasynda söwdanyň düzgünlerini kadalaşdyrýan ýeke-täk ählumumy halkara gurama bolup durýar. Dünýäniň köp sanly ýurdunyň gatnaşmagynda gol çekilen we tassyklanan degişli ylalaşyklar onuň esasyny düzýär. BSG-niň kadalary söwda-ykdysady gatnaşyklarda milli kanunçylygy işläp taýýarlamak, ony iş ýüzünde ulanmak üçin möhüm çelgi bolup durýar.

Guramanyň baş maksady agza döwletleriň arasynda durnukly, aýdyň we erkin söwda akymlaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda dünýäniň 164 ýurdy BSG-niň agzasy bolup durýar. Döwletleriň birnäçesi onda synçy derejesine eýedir. Türkmenistan synçy derejesine eýe bolan 25-nji döwletdir. Bu bolsa ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmek, eksportyň möçberlerini artdyrmak, şeýle-de bazar gatnaşyklarynyň özgertmeleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen birlikde, “işjeň synçy” derejesi Bütindünýä Söwda Guramasynyň geçirýän resmi çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik berýär we onuň esasy resminamalaryna, guramanyň söwda meseleleri boýunça tehniki goldaw maksatnamasyna elýeterliligi üpjün edýär.

Häzirki wagtda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasat bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär. Döwletimiziň daşary ýurtlardaky Söwda öýleriniň sany barha artýar. Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki Türkmenistanyň söwda öýi, Belarus Respublikasyndaky Türkmen-belarus söwda öýi, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Türkmen-türk söwda öýi jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýetleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly orun eýeleýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň fewral aýynda Tatarystanyň paýtagtynda Türkmen söwda öýi açyldy. Ol Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda öndürilen dürli harytlaryň lomaý hem-de bölek söwdasy bilen meşgullanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyna» laýyklykda, milli söwda nyşanly harytlaryň täze görnüşlerini öndürmek we daşary ýurtlarda giňden ilerletmek boýunça möhüm wezipeler öňde goýuldy. Türkmenistan halkara bileleşikde «Türkmenistanda öndürilen» diýen nyşanly harytlary öndürmek we ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde bellidir.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullady. Döwlet Baştutanymyz türkmen dizaýnerleriniň dünýä ülňülerine laýyklykda, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamy giňden ulanmalydygyny belledi.

«Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanyň döredilmegi we ony bermegiň şertleriniň kesgitlenilmegi ýerli önüm öndürijileriň jogapkärçiligini ep-esli ýokarlandyrar, şeýle-de halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýurt hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrar, eksport kuwwatynyň artmagyna hem-de maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam eder. Iň esasysy bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmaga ymtylmasy eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu nyşan daşary ýurtly alyjylarda Türkmenistanda öndürilen harytlara ynam döretmäge gönükdirilendir. Ol önümiň bäsdeşlige ukyplylygynyň we ekologik taýdan arassalygynyň kepilidir.

Mälim bolşy ýaly, Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde döwlet hem-de hususy düzümleriň, IT kompaniýalaryň, dizaýnerleriň, suratkeşleriň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýörite okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda milli nyşan hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak bilen bagly bäsleşik yglan edildi. Onda ähli isleg bildirýänleriň işlerine-de garalar.

Milli nyşan owadan şekili hem-de gysgalygy, şol bir wagtyň özünde çuňňur manysy bilen tapawutlanýan, özünde watansöýüjilik pikirini jemleýän türkmen, iňlis we rus dillerindäki şygaryň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň gowy taslamalar seçilip alnar hem-de degişli taslama tassyklanylar.

Daşary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekde we işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekde Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir. Hökümetiň alty aýyň jemleri boýunça geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlar bilen söwda aragatnaşygyny pugtalandyrmagy, şeýlelikde, Söwda-senagat edarasynyň işini güýçlendirmegi esasy talaplaryň hatarynda görkezdi.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 104,1 göterime barabar bolandygyny bellemek gerek. Telekeçilik düzümleriniň we döwlet hem-de hojalyk dolandyryş edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, Türkmenistanyň hususy ulgamynyň halkara işewürlik bileleşigine ýakynlaşmagyna, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň daşarky bazarlarda ilerledilmegine, içerki we daşary ýurt maýalarynyň, döwrebap tehnologiýalaryň çekilmegine ýardam bermek Söwda-senagat edarasynyň üstüne ýüklenen esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Türkmenistanda jemgyýetçilik iýmiti, myhmanhana ulgamy uly ösüşe eýe boldy. Bu babatda iň döwrebap tehnologiýalar, hyzmat etmegiň dürli usullary işjeň ornaşdyrylýar. Restoranlaryň, kafeleriň, naharhanalaryň, “tiz tagam” ulgamynyň, fitnes-barlaryň, çaýhanalaryň netijeli işlemegi ýola goýuldy. Olarda türkmen we dünýäniň halklarynyň aşhanalarynyň tagamlary hödürlenilýär. Bäsdeşligiň ýokarlanmagy bilen, hyzmat ediş ulgamynyň derejesi hem artýar, bäsleşiklerdir festiwallar yzygiderli geçirilýär.

Hyzmat etmegiň häzirki zaman görnüşleri we usullary ösdürilýär, söwda edaralarynyň işini guramagyň tehnologiýasy, söwda nokatlarynyň önümleriň dürli görnüşleri bilen üpjün edilmegi babatda halkara standartlara geçmek işi işjeň dowam etdirilýär. Munuň özi döwletiň ykdysady taýdan abadançylygynyň iň gowy görkezijisi bolup durýar we islendik ýurduň ösüşiniň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýär.

Şeýlelikde, söwda edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda harytlaryň bolçulygyny mundan beýläk-de artdyrmaga, şunlukda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.