Ï Döredijilikli syýasat — okgunly öňegidişligiň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilikli syýasat — okgunly öňegidişligiň girewi

view-icon 3301

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň abadançylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil syýasaty halkymyzyň mynasyp durmuşyny, halkara giňişlikde belent abraýa eýe bolan ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz şäheriň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýyna, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine, şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezlerini synlady.

Giň gerimli täzeçil taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşilmegi netijesinde paýtagtymyzyň şu künjeginde ugurdaş desgalaryň iri toplumy döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adamlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýän aýdyň subutnamadyr.

Döwlet Baştutanymyz dikuçardan Aşgabadyň günorta künjegindäki ajaýyp ýerleriň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini, dag etekleriniň abadanlaşdyrylyşyny we döredilen tokaý zolaklarynyň aýratynlyklaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda uçuşyny dowam edip, Aşgabadyň häzirki zaman işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýerindäki desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde soňky ýyllarda gurlan dürli maksatly binalar, ozal bar bolan desgalar, şol sanda özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan Döwletliler köşgüniň binalar toplumy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu täsin çagalar şäherçesiniň binalarynyň durkuny täzelemek, olary doly döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler batly depginlerde dowam edýär.

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynda hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň paýtagtymyzdaky desgalar toplumynyň üstüni ýetirjek 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda dowam edýän işleri synlady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz işewürlik we durmuş düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan Aşgabadyň demirgazyk künjegindäki desgalar toplumyny synlady. Bu ýerde gurlan söwda toplumlary, “Garagum” myhmanhanasy hem-de beýleki dürli maksatly desgalar bir bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirdi. Şäheriň bu künjeginde şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara laýyklykda, iri söwda merkeziniň gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýär. Bu ýerde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürlenilýän ýokary derejeli hyzmatlar bilen bir hatarda, çagalar üçin oýun-güýmenje toplumlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan dürli maksatly binalary, şol sanda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurlan ýaşaýyş jaýlaryny synlady. Aşgabadyň günbatar böleginde, hususan-da, “Gurtly” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary guruldy. Şolarda ugurdaş durmuş desgalarynyň bina edilmegine uly üns berildi. Belentlikden şäheriň bu künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň üstünden uçuşy tamamlap, paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerine bagyşlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bular paýtagtymyzyň düzümleriniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen dürli maksatly täze gurluşyklar bolar.

Döwlet Baştutanymyza Aşgabadyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulyp hödürlenen taslamalaryň, desgalaryň aýratynlyklary barada wise-premýerler Ç.Purçekow we N.Amannepesow hasabat berdiler. Hususan-da, şäherdäki awtomobil köprüleri, olaryň ulanyş aýratynlyklary, ýerasty geçelgeleriň bezeg işleriniň görnüşleri, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada giňişleýin hasabat berildi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda şäheriň günorta künjeginde ýerleşýän Baş baýdak meýdançasynyň durkuny täzelemek boýunça teklip edilýän meýilnamalar, bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we onuň çägini giňeltmek boýunça birnäçe şekil taslamalarydyr çyzgylar bar.

Ak mermerli paýtagtymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklar onuň okgunly ösýän, döwrebap, oňaýly ýaşamak üçin özünde ähli şertleri jemleýän şäher hökmündäki derejesini pugtalandyryp, özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olaryň häzirki döwrüň ruhuna we paýtagtymyzyň okgunly ösüşine kybap gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda gurulýan dürli maksatly desgalar şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň binalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Olaryň bina edilmegi saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap binalar toplumyny, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli tabşyryklary berdi we degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Geljekde bu merkezler Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda bolup, olarda kafedralary ýerleşdirmek, talyplara bilim bermek, lukmanlaryň diplomdan soňky kämilleşdiriş okuwlaryny guramak, tejribe okuwlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlener.

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkymyzyň durmuşynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen içeri syýasatyň birnäçe meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna býujet ulgamyny kämilleşdirmek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, toplumlaýyn çäreleri geçirmek, şol sanda möhleti üç ýyllyk Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek, býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hem-de geljek ýyllarda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ýörite Döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýeti sazlaşykly utgaşdyrmagyň köp babatda netijeli býujet ulgamyna baglydygyny belledi. Bu işiň netijeli ýola goýulmagy ykdysadyýetiň ösmegine oňyn täsir edýär.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri, tagt suwuny tutmak, ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, asylly däbe görä, hormatly ýaşululardan ekişi “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Mejlisde Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, nebitgaz toplumyny zerur serişdeler bilen üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan onuň düzümindäki zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga degişli tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri doly seljermegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.

Hökümetiň mejlisinde täze — 2022-2023-nji okuw ýylyna hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. 1-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy we 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň baýramçylyk maksatnamasynda maslahatlary, “tegelek stol” maslahatlaryny, döredijilik bäsleşiklerini, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. Sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazanylanlaryň sergisi guralar. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

27-nji awgustda paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bu telebäsleşik Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan bilelikde guralýar.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş harby gullukçylar, medeniýet ulgamynyň we beýleki pudaklaryň edaralarynyň işgärleri bar. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine jemi 700-den gowrak ýaş zehinli aýdymçy gatnaşdy.

Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda ýeňijileriň altysynyň atlary yglan edilip, olara ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy.

27-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Awazada gezelenjiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulular üçin bolşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin hem ähmiýetli bolan çäreleriň guralmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýaşlarda mähriban Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza bolan söýgini pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidir. Munuň özi syýahatçylyk zolagynda arassaçylygyň, abadançylygyň üpjün edilmeginde öz beýanyny tapmalydyr.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde adamlaryň oňaýly dynç alşyny, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini öz içine alýan mümkinçilikler toplumynyň döredilmelidigini, Awazanyň myhmanlaryna hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmalydygyny, olaryň hiliniň gowulandyrylmalydygyny belledi we bu babatda häkime degişli maslahatlary berdi.

22-nji awgustda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata we onuň çäklerinde guralan çärelere bagyşlanyp, “Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly mediaforum geçirildi. Oňa ugurdaş düzümleriň, teleradioýaýlymlaryň, Döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen çäräniň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetini açyp görkezmekden ybarat boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen halkara maslahatda öňe süren täze başlangyçlarynyň ähmiýeti esasy garalan meseleleriň biri boldy. Mediaforum ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak hem-de bu ugurda uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli çäre boldy. Ýurdumyzyň žurnalistikasynda öňdebaryjy iş tejribesiniň hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň öwrenilmegi we işjeň peýdalanylmagy dünýä maglumat giňişliginde gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam berer.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň üçünji jildiniň çapdan çykmagy geçen hepdäniň beýleki ähmiýetli wakalarynyň hatarynda boldy. Bu neşir 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarda ýaralanyp, hassahanalarda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten Daşoguz welaýatynyň esgerleriniň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Halkymyz milli gahrymanlarymyzyň Watana gulluk etmegiň beýik göreldesine öwrülen edermenligini we gaýduwsyzlygyny hemişe hakydasynda saklaýar.

Mahlasy, geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek ýaly täze taryhy eýýamyň maksatlary öz beýanyny tapdy.