Ï Psihologiýa we pedagogika derslerini okatmagyň täze usullary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Psihologiýa we pedagogika derslerini okatmagyň täze usullary

view-icon 14097
Psihologiýa we pedagogika derslerini okatmagyň täze usullary

29-30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi üçin «Ýokary mekdepde pedagogikanyň we psihologiýanyň aýratynlyklary» atly iki günlük seminar geçirildi.

Çäräniň maksady ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň öz borçlaryny netijeli ýerine ýetirmegi üçin ugurdaş bilimleriniň üstüni psihologiýa-pedagogik bilimlerdir başarnyklar bilen ýetirmekdir. Seminarda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri sapak geçdiler.

Çykyşlarda sapaklary guramak we geçirmek, talyplaryň psihologik aýratynlyklaryny we gender ugruny, şeýle hem bilim-terbiýe işinde pedagogik innowasiýalaryň hem-de sanly ulgamyň ähmiýetini göz öňünde tutup, olary okatmagyň we bilimine baha bermegiň oňaýly görnüşleridir usullaryny saýlamakda ýokary okuw mekdebiň psiholiogiýasynyň we pedagogikasynyň usulýet esaslary açylyp görkezildi.