Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň suratkeşlik bölüminiň mugallymlary öz işleriniň “Kalbyň reňkli owazlary” atly uly sergisini guraýarlar.
Dürli terzde we usulda çekilen surat sergisi halkymyzyň milli medeniýeti, däp-dessurlary we durmuşy barada gürrüň berer. Sergi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ýaş nesline gönükdirilendir we onuň esasy maksady ýaşlarda ahlak we ruhy gymmatlyklary emele getirmek, olarda watançylyk ruhuny terbiýeläp ýetişdirmekdir.
Bu ýokary okuw mekdebinde dersler döwletliligiň we ýurdumyzyň taryhyna hormat goýmagyň esasy ýörelgelerine laýyklykda geçirilýär.
Her ýyl Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny köp sanly ýaşlar tamamlap, olar Türkmenistanyň Suratkeşler birleleşmesiniň agzasy bolup, TDÇA-nyň mugallymlary hökmünde işlemek bilen hünär derejesini ýokarlandyrýarlar.
Sergi 2-nji sentýabrda sagat 16:00-da Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň sergi zalynda açylar.