2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 53-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji madda; 2017 ý., № 1, 37-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda) rejelenen görnüşde beýan etmeli:
Şu Kanun ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär, şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) watançylyk — Türkmenistanyň raýatynyň öz Watanyna, halkyna bolan söýgüsinden, Watan öňündäki raýatlyk borjuna wepaly bolmakdan we ony berjaý etmäge ýokary jogapkärçilikli çemeleşmekden, şahsy bähbitlerini bu borja tabyn etmekden ybarat bolan ahlak ýörelgesi;
2) watansöýüjilik — Watanyň ösüşlerine we şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmak;
3) ýaşlar — Türkmenistanyň 14 ýaşdan 35 ýaşa çenli ýaşdaky raýatlary. Olar öz ýaş häsiýetnamalarynyň we jemgyýetdäki durmuş ýagdaýynyň aýratynlyklarynyň jeminiň esasynda toparlara bölünýärler we ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak çäreleriniň we usullarynyň häsiýetinden ugur alnyp, mundan beýläk aşakdaky maksatlaýyn toparlar hökmünde kesgitlenilýär:
a) okuwçy ýaşlar — umumy orta bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän ýaşlar;
b) talyp ýaşlar — hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän ýaşlar;
ç) ýaş hünärmenler — okuwy tamamlanyndan soň, iki ýylyň dowamynda alan hünärine (taýýarlygyň ugruna, kärine) laýyklykda zähmet şertnamasy boýunça işe kabul edilen, hünär-tehniki, orta hünär we ýokary hünär bilimi edarasynyň uçurymlary;
d) zehinli ýaşlar — aýratyn döredijilik ukyby, zehini bolan we ylym, tehnika, bilim, sport, medeniýet, sungat babatda şahsy başarnygyny görkezen, ýokary netijeleri gazanan ýaşlar;
e) telekeçi ýaşlar — ýuridik şahsy döretmezden ýa-da ýuridik şahsy döretmek arkaly telekeçilik işi bilen meşgullanýan we ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýaşlar;
ä) alym ýaşlar — ylmy iş bilen hünär taýdan meşgullanýan ýaşlar;
f) şu bentde görkezilen maksatlaýyn toparlara girmeýän beýleki ýaşlar;
4) ýaşlar barada döwlet syýasaty — ýaşlaryň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň we erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, ylym, bilim, medeni, jemgyýetçilik, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy;
5) ýaşlar birleşigi — tertipnamalaýyn işi ýaşlaryň durmuşda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegini we hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hasaba alnan, garaýyşlarynyň we bähbitleriniň umumylygy esasynda döredilen, agzalarynyň umumy sanynyň azyndan 75 göterimi ýaşlar bolup durýan meýletin jemgyýetçilik birleşigi. Ýaşlar birleşikleriniň 35 ýaşa ýeten agzalary, degişli ýaşlar birleşiginiň tertipnamalaýyn düzgünlerini berjaý eden ýagdaýynda, 37 ýaşa ýetýänçäler olaryň agzasy bolmagyny meýletin esasda dowam etdirip bilerler;
6) ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygy — ýaşlaryň beden, ruhy, akyl, ahlak taýdan ösüşini we durmuşda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet kepillikleriniň jemi;
7) ýaşlar kärhanalary — eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki we işgärleriniň azyndan 75 göterimini ýaşlar düzýän, şu aşakdakylar tarapyndan döredilen kärhanalar:
a) bilimleri çuňlaşdyrmak hem-de öwrenilýän kärlere we hünärlere laýyklykda amaly taýdan ulanmak maksady bilen, hünär bilimi edaralarynyň okatmagyň gündizki görnüşiniň talyp ýaşlary tarapyndan;
b) ylmy-barlag, innowasiýa we ornaşdyryjylyk işlerini geçirmek üçin alym ýaşlar tarapyndan;
ç) ýaşlaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, telekeçiler tarapyndan;
8) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlar — maýyplygy bolan, ekologik we tehnogen heläkçilikleriň, tebigy betbagtçylyklaryň, adam söwdasynyň pidalary bolan, oňaýsyz şertlerde galan, ýörite bilim edaralarynda bolýan, ýetim çagalar we ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan, ýakyn garyndaşlarynyň aradan çykmagy netijesinde ruhy çökgünlik ýagdaýyna düşen ýa-da belli bir heläkçilikleriň netijesinde ruhy taýdan durnuksyz ýagdaýa düşen ýaşlar;
9) ýaşlar telekeçiligi — aşakdaky şertlere laýyk gelýän kiçi we orta telekeçilik işini amala aşyrmak:
a) işgärleriniň azyndan 75 göteriminiň ýaşy 35 ýaşa çenli bolsa;
b) esaslyk maýasynda, eger ol ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi bilen göz öňünde tutulsa, 35 ýaşdan uly bolmadyk adamlaryň goýumlarynyň paýy 75 göterimden ýokary geçse;
10) ýaşlar üçin durmuş mümkinçilikleri we şertleri — ýaşlaryň ýaşaýyş üpjünçiligi üçin gerek bolan jaýlaryň, binalaryň, desgalaryň we beýlekileriň, şeýle hem öz işini ýaşlaryň saglygyny goramak, okatmak, terbiýelemek, beden, ruhy we ahlak taýdan ösüşine, durmuş taýdan uýgunlaşmagyna hem-de olaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam etmek boýunça amala aşyrýan ýörite guramalaryň ulgamy;
11) ýaşlar üçin durmuş gulluklary — ýaşlara lukmançylyk, psihologiýa-mugallymçylyk, hukuk, maglumat-maslahat beriş hyzmatlaryny we maddy kömek bermek, olaryň durmuş taýdan uýgunlaşmagyna, dikeldilmegine we goralmagyna ýardam etmek boýunça çäreleri amala aşyrýan ýöriteleşdirilen täjirçilik bolmadyk guramalar;
12) ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek — döwlet häkimiýet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň we maşgala institutlarynyň durmuş-medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklara hem-de adamyň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine gönükdirilen, türkmen jemgyýetinde kabul edilen düzgünlere we kadalara esaslanýan, şahsyýetiň kämilleşmegine, ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmagy we jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen hem-de ýaşlarda öz Watanyňa söýgi we wepalylyk duýgusyny, Watanyň bähbitlerini goramak boýunça raýat we konstitusion borçlary ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli garaýyşlary, ruhy-ahlak päkligini kemala getirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly ulgamlaýyn, maksatlaýyn we köpçülikleýin aň-bilim, terbiýeçilik işi;
13) ýaş maşgala — är-aýalyň ýaşy 35 ýaşa ýetmedik maşgala, çagalaryny (çagany) 35 ýaşa ýetmedik bir ata ýa-da ene terbiýeleýän doly bolmadyk maşgala.
2-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň gatnaşyjylary
1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty şu aşakdakylara degişlidir:
1) kämillik ýaşyna ýetmediklere;
2) okuwçy ýaşlara;
3) talyp ýaşlara;
4) işçi ýaşlara;
5) daýhan ýaşlara;
6) ýaş maşgalalara;
7) ýaşlar birleşiklerine;
8) ýaşlar kärhanalaryna;
9) ýaşlary goldamak baradaky döwlet we jemgyýetçilik gaznalaryna;
10) alym ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşiklerine;
11) ýaş döredijilik we sungat işgärleriniň jemgyýetçilik birleşiklerine.
Şu Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda maksatlaýyn topara laýyk gelýän ýaşa ýeten we Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň ýaşlary bilen bir hatarda deň hukuklardan peýdalanýarlar.
2. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny şu aşakdakylar amala aşyrýarlar:
1) döwlet häkimiýet edaralary;
2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;
3) jemgyýetçilik birleşikleri;
4) ýaşlar barada döwlet syýasatyny döredýän we durmuşa geçirýän ýuridik we fiziki şahslar.
3-nji madda. Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
II BAP. ÝAŞLAR BARADA DÖWLET
SYÝASATYNYŇ ÝÖRELGELERI,
MAKSATLARY, WEZIPELERI WE
ESASY UGURLARY
4-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty şu ýörelgelere esaslanýar:
1) umumadamzat gymmatlyklaryny, ýaşlaryň ömrüni we saglygyny, hukuklaryny we azatlyklaryny ileri tutmak, şeýle hem şahsyýetiň erkin ösüşi, ynsanperwerlik we kanunylyk;
2) milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan ähli ýaşlaryň hukuklarynyň deňligi;
3) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň çäklerinde amala aşyrylýan, ýaşlaryň öz bähbitlerini durmuşa geçirmek arkaly saýlamak erkinliginiň kepilligi;
4) ýaşlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň, azatlyklarynyň we raýat jogapkärçiliginiň bitewüligi;
5) ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy;
6) maşgalada, şeýle-de bilim edaralarynda, işi ýaşlary terbiýelemek bilen baglanyşykly beýleki edaralarda we guramalarda terbiýäniň yzygiderliligi;
7) ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlylygy, watansöýüjiligi, beýleki milletlere hormaty, jogapkärçilikliligi, zähmete söýgini terbiýelemek;
8) ýaşlaryň ýaşy bilen şertlendirilen durmuş ýagdaýynyň çäklendirmeleriniň öwezini dolýan hukuk we durmuş-ykdysady kepilliklerini üpjün etmek;
9) ýaşlar barada döwlet syýasaty döredilende we durmuşa geçirilende şahsyýetiň döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini utgaşdyrmak, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak;
10) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlary ileri tutmak;
11) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek;
12) ýaşlaryň dürli maksatly toparlarynyň bähbitlerini we isleglerini hasaba almak;
13) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maglumat açyklygy;
14) Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň gös-göni gatnaşmaklary;
15) döwletiň, raýat jemgyýeti institutlarynyň we telekeçiligiň wekilleriniň arkalaşykly hereketiniň üsti bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlyk;
16) ýaşlar barada döwlet syýasatyny işläp taýýarlamagyň ylmy esaslylygy we toplumlaýynlygy;
17) Watana bolan söýgini, milli buýsanjy kemala getirmek üçin milli ýörelgelere laýyk gelýän, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň geriminiň giňeldilmegi;
18) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň deňagramlylygynyň berjaý edilmegi;
19) watançylyk terbiýesiniň gatnaşyjylarynyň özara baglanyşykly hereketi;
20) watançylyk, hukuk, ruhy, ahlak, ekologik we zähmet terbiýesiniň bitewüligi;
21) ýaşlar syýasaty babatda umumy ykrar edilen halkara resminamalarynyň ileri tutulmagy.
5-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleri
1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary şulardan ybaratdyr:
1) ýaşlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek;
2) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň goşandyny artdyrmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekde hukuk, durmuş, ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek;
3) hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek;
4) ýaşlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak duýgusyny ösdürmek;
5) Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň esas goýujy taglymatlaryna, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaşlaryň aňly-düşünjeli garaýyşlaryny kemala getirmek;
6) ýaşlarda milli ruhy-ahlak garaýyşlaryny we özüňi alyp barmak edebini kemala getirmek;
7) ýaşlaryň milli we dünýä medeniýetine goşulyşmagyny gazanmak;
8) ýaşlarda döwlete gulluk etmekde, zähmet we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirmekde dogduk mekana söýgini terbiýelemek;
9) ýaşlarda hukuk medeniýetini, kanuny, döwlet häkimiýetini, döwlet nyşanlaryny hormatlamagy, ýokary ahlaklylygy we umumy medeniýeti, şahsy mertebe duýgusyny we düzgün-nyzamlylygy kemala getirmek;
10) ýaşlarda milli duýgularyň we milletara gatnaşyklaryň medeniýetini, işjeň raýatlyk ornuny, öz raýatlyk we konstitusion borçlaryňy ýerine ýetirmäge hemişe taýýar bolmagy, ata-babalarymyzyň şöhratly işlerine we däp-dessurlaryna dahyllylyga buýsanjy döretmek;
11) ýaşlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gulluga taýýarlamak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine buýsanjy, Watanymyzyň taryhyna, harby gulluga we harby lybasa hormat goýmagy terbiýelemek;
12) ýaşlarda halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmak jogapkärçiligini ýokarlandyrmak;
13) ýaşlarda maşgala, çagalar, ýaşuly adamlar, aýratyn aladany we ünsi talap edýän raýatlaryň beýleki toparlary barada alada etmek islegini ösdürmek;
14) ýaşlarda meýletinçilik we haýyr-sahawat duýgusyny ösdürmek;
15) döwrebap ýaşlary kemala getirmekde milli terbiýeçilik ýörelgelerini we çärelerini ileri tutmak;
16) raýaty we watansöýüji nesli terbiýelemek;
17) döredijilik endiklerini kemala getirmek;
18) şahsyýetiň durmuş ösüşini pedagogik we psihologik taýdan goldamak;
19) jemgyýete dahyllylyk duýgusyny we şahsyýetara gatnaşyklaryň endiklerini ösdürmek;
20) özüňi medeniýetli alyp barmagyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň endiklerini ele almak;
21) ekologiýa medeniýetini kemala getirmek;
22) hukuk bozulmalarynyň psihologik-pedagogik taýdan öňüni almak;
23) Türkmenistanyň raýatlarynda raýat umumylygyny, watançylyk duýgularyny we düşünjesini kemala getirmek;
24) Türkmenistanyň raýatlarynda ýokary jemgyýetçilik işjeňligini, raýat jogapkärçiligini, Watana gulluk etmäge taýýarlyk we ukyplylyk we döwleti pugtalandyrmak, onuň möhüm bähbitlerini we durnukly ösüşini üpjün etmek esasynda jemgyýete we döwlete watançylyk gatnaşygyny döretmek;
25) Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmegiň meselelerini çözmek üçin jemgyýetiň jebisliginiň derejesini ýokarlandyrmak;
26) ýaşlaryň Türkmenistanyň taryhyna we medeniýetine dahyllylyk duýgusyny berkitmek, nesilleriň miras geçijiligini üpjün etmek;
27) Watanyny we maşgalasyny söýýän, özüniň işjeň durmuş garaýşy bolan Türkmenistanyň raýatyny terbiýelemek;
28) ýaşlara maglumat we sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, kompýuter we maglumatlar ulgamynda täze ylmy taglymatlary, tehnologik tejribeleri öwrenmäge ýardam bermek;
29) sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň ýokary medeniýetini terbiýelemek.
2. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleri şulardyr:
1) ýaşlary ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna laýyklykda terbiýelemek;
2) şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin şertler döretmek;
3) ýaşlaryň hünär bilimini almagy üçin deň şertleri döretmek;
4) ýaşlary iş bilen üpjün etmek we alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmek;
5) ýaşlaryň telekeçiligini döretmek we ösdürmek üçin şertleri döretmek;
6) ýaş maşgalalary goldamak, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmek;
7) ýaşlaryň başlangyçlaryny maglumat, guramaçylyk we maliýe taýdan goldamak;
8) ýaşlar sportuny we bedenterbiýesini goldamak;
9) hukuk bozulmalary duýdurmak, arakhorlugyň, temmäki çekmegiň, neşekeşligiň, jenaýatçylygyň öňüni almak;
10) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlara salgyly durmuş kömegini bermek;
11) ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini höweslendirmek;
12) ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrmak we goldamak;
13) ýaşlarda sanly, elektron tehniki serişdeleri we telekommunikasiýa aragatnaşyk serişdelerini peýdaly, ýerlikli ulanmagyň ýokary medeniýetini kemala getirmek;
14) ýaşlarda sagdyn we mynasyp durmuşda ýaşamaga, esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge hem-de milli we ählumumy meseleleri çözmäge mümkinçilik berýän endikleri, ruhy gymmatlyklary, garaýyşlary we bilimleri ösdürmek;
15) ýaşlarda ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşleri üçin jogapkärçiligi ösdürmek;
16) ýaşlaryň şahsyýetiniň ösüşiniň beden we akyl esaslaryny kemala getirmek, ony milli hem-de umumadamzat ruhy we medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrmak;
17) ýaşlarda ýokary ahlakly garaýyşlary, şahsyýetara we milletara gatnaşyklaryň ýokary medeniýetini kemala getirmek;
18) ýaşlary häzirkizaman jemgyýetde ýaşamaga, durmuşda öz orunlaryny erkin saýlap almaga we zähmet işine başlamaga taýýarlamak;
19) ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmek we ösdürmek;
20) ýaşlarda raýatlyk we watansöýüjilik häsiýetlerini ýüze çykarmak, kemala getirmek we ösdürmek;
21) ýaşlary özüňe we beýleki adamlara, maşgala, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna, beýleki halklaryň medeniýetine hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýelemek;
22) ýaşlarda türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna, milliligine laýyk gelýän daşky gözellik (estetik) keşbini kemala getirmek;
23) raýatlarda öz ýurduňa bolan buýsanjy we Watana gulluk etmegiň däplerini, raýat, hünär, harby we gulluk borçlaryňy päk ýürekden ýerine ýetirmäge çemeleşmäni kemala getirmek üçin amatly şertleri döredýän bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
24) milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ruhy we ahlak taýdan döredijilikli kämil şahsyýeti kemala getirmek;
25) özbaşdak durmuşa taýýarlyk görmek, raýatlarda zähmete durmuşyň möhüm gymmatlygy hökmünde oňaýly garaýşy we jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine zähmet çekmek islegini ösdürmek;
26) ahlak gymmatlyklaryny, estetiki we ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, şahsyýetiň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagy, öz-özüni kämilleşdirmegi we öz ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmagy üçin şertleri döretmek;
27) raýatlarda ruhy-ahlak taýdan kämilleşmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga, maşgala durmuşy bilen ýaşamak we çagalary terbiýelemek ukybyna, ýaşululara we dogan-garyndaşlaryna, saglyk taýdan mümkinçilikleri çäkli adamlara üns bermäge, zähmet çekýän ýerlerinde oňaýly gurşawy döretmäge islegi kemala getirmek;
28) raýatlaryň aňynda Türkmenistanyň taryhy we medeni geçmişine, däplerine hormaty, beýik işlere we sepgitlere buýsanjy döretmek;
29) raýatlaryň Watany goramaga we harby gulluga taýýarlyga oňyn höwesiniň kemala gelmegi üçin anyk şertleri döretmek;
30) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jemgyýetçilik durmuşyndaky wakalary we hadysalary şöhlelendirmek işiniň watançylylyga gönükdirilmegini güýçlendirmek üçin şertleri döretmek, zorluk tagzymyna esaslanýan maglumatyň wagyz edilmeginiň, taryhy wakalaryň ýoýulmagynyň we galplaşdyrylmagynyň öňüni almak;
31) raýatlarda şahsyýetiň öz ýurdunyň aladasyny etmekde, ony pugtalandyrmakda we goramakda ýüze çykýan iň möhüm häsiýetleri hökmünde kanuna, jemgyýetçilik durmuşynyň kadalaryna, jemgyýetçilik jogapkärçiligine hormat goýmagy terbiýelemek;
32) jemgyýetiň ykdysady, durmuş we syýasy durnuklylygynyň, geljekki ösüşiniň meselelerini çözmek üçin jemgyýeti jebisleşdirmek;
33) jemgyýetiň ykdysady, durmuş we syýasy durnuklylygynyň, onuň geljekki ösüşiniň meselelerini çözmek üçin jemgyýeti jebisleşdirmek;
34) kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hossarsyz, howandarsyz we gözegçiliksiz galdyrylmagynyň öňüni almak;
35) ýaşlaryň ukyplaryny we başarnyklaryny nazarda tutup, geljekki durmuşlaryny meýilleşdirmeklerine ýardam etmek;
36) durmuş gymmatlyklaryny emele getirmegiň şerti hökmünde ýaşlaryň jemgyýetçilik-medeni gurşawyny goldamak.
3. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlary we wezipeleri ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrýanlar hem-de oňa gatnaşyjylar tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bilelikde ýa-da özbaşdak durmuşa geçirilýär.
6-njy madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr:
1) döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmaklary üçin şertleri döretmek;
2) ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyna şert döretmek we onuň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam etmek;
3) ýaşlary watançylyk we halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek;
4) ýaşlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek;
5) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlaryň jemgyýetiň durmuşyna goşulmagy üçin şertleri döretmek;
6) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlaryň hukuklarynyň we durmuş taýdan goraglylygynyň kepilliklerini üpjün etmek;
7) ýaş maşgala döwlet goldawy;
8) ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimi üçin şertleri üpjün etmek;
9) zehinli ýaşlaryň döwlet goldawy;
10) ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen oňaýly şertleri döretmek;
11) ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine sanly tehnologiýalaryň we maglumatlar ulgamlarynyň ýetirip biljek zyýanly täsirlerinden goramak;
12) ýaşlaryň zähmet we iş bilen üpjünçiligi çygrynda kepillikleri üpjün etmek;
13) ýaşlaryň telekeçilik işine ýardam etmek;
14) ýaşlaryň boş wagtyny medeniýetli geçirmekleri we dynç almaklary üçin şertleri üpjün etmek;
15) ýaşlaryň birleşiklerini goldamak we ösdürmek;
16) halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek;
17) ýaşlary umumadamzat ahlak kadalaryna, milli däplere, zähmete uýgunlaşdyrmak;
18) ýaşlaryň aňynda watançylygy ösdürmek;
19) tebigata, daşky gurşawa aýawly gatnaşygy terbiýelemek;
20) Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek;
21) Türkmenistanyň Döwlet nyşanlaryny hormatlamak, goramak we söýmek duýgusyny döretmek;
22) ýaşlara intellektual işlerini täjirleşdirmekde ýardam bermek;
23) ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň netijeli guraly bolan meýletinçiler hereketini ösdürmek üçin şertleri döretmek;
24) ýaşlara bilim bermek, hünär öwretmek işlerinde hem-de olary terbiýelemekde milli halypa-şägirtlik mekdebiniň ýörelgelerinden giňden peýdalanmak.
III BAP. ÝAŞLARYŇ
WATANÇYLYK TERBIÝESI
7-nji madda. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň düzümi (gurluşy). Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi babatdaky işiň esasy ugurlary
1. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň düzümi (gurluşy) şulary öz içine alýar:
1) ruhy-ahlak terbiýe — şahsyýetiň ýokary gymmatlyklara, nusgalyk göreldelere we gözükdirmelere, hakyky durmuşda durmuş taýdan ähmiýetli dowam edýän ýagdaýlara we hadysalara göz ýetirmäge, ahlak duýgularyny ösdürmäge we ahlak taýdan özüňi alyp barmak ukyplaryny we endiklerini terbiýelemäge, saglyga, ahlak we ruhy taýdan ösmäge zyýan ýetirip biljek daşky täsirlerden goramaga, Watana mynasyp gulluk etmäge gönükdirilen amaly işde we özüňi alyp barmakda kesgitleýji ýörelgeler, garaýyşlar hökmünde olardan ugur almaga ukyplylyga gönükdirilen çäreleriň toplumy;
2) raýat-watançylyk terbiýesi — raýatlarda gulluk, zähmet we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirmekde Watana päk ýürekden gulluk etmäge aň ýetirilen zerurlygy, eziz Diýara söýgini terbiýelemäge, hukuk medeniýetini we kanuna, döwlet häkimiýetinе hormat goýmagy, döwlet nyşanlaryny, ýokary ahlaklylygy we umumy medeniýeti kemala getirmäge, öz-özüňe hormat goýmak duýgusyna we düzgün-nyzamlylyga, milletara gatnaşyklarynda milli duýgulary, işjeň raýat garaýşy, öz raýat we konstitusion borçlaryňy hemişe ýerine ýetirmäge taýýarlygy, ata-babalarymyzyň beýik işlerine we olaryň däplerine dahyllydygymyza bolan buýsanjy sazlaşykly ýüze çykarmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy;
3) harby-watançylyk terbiýesi — ýaşlarda Watany goramak boýunça konstitusion borjy ýerine ýetirmäge aň ýetirilen zerurlygy kemala getirmäge, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk etmegiň abraýyny ýokarlandyrmaga, harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk etmäge taýýarlyga, öz ýurduň Ýaragly Güýçlerine buýsanç duýgusyny, Watanyň taryhyny, harby gullugy we harby lybasy hormatlamagy terbiýelemek, ata-babalarymyzyň şöhratly harby däplerini gorap saklamaga, Watany goramakda wepat bolanlaryň hatyrasyny ebedileşdirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy;
4) durmuş-watançylyk terbiýesi — halkyň durmuş taýdan bitewüligini berkitmäge, nesilleriň miras geçijilik gymmatlygyny, ählumumy kabul edilen ahlak kadalaryny hormatlamagy kemala getirmäge, maşgala mukaddesliklerini pugtalandyrmaga, çagalara, ýaşuly adamlara, ýörite idegi we ünsi talap edýän beýleki toparlara degişli raýatlara ideg etmekde ynsanperwerliligi, meýletinçiligi we haýyr-sahawatlylygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy;
5) taryhy-watançylyk terbiýesi — taryhy we medeni däpleri, olaryň Türkmenistanyň häzirki we geljekki ösüşine miras geçijiligini gorap saklamaga we hormatlamaga, milli-medeni aňy we umumylygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy;
6) sport-watançylyk terbiýesi — bedenterbiýäni, köpçülikleýin sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmegi wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy.
2. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi babatdaky işiň esasy ugurlary şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1) watançylyk terbiýesi ulgamyny kadalaşydyryjy-hukuk taýdan düzgünleşdirmek;
2) watançylyk terbiýesi ulgamynyň hereket etmegini ylmy we usulyýet taýdan üpjün etmek;
3) watançylyk terbiýesi ulgamyny maglumat taýdan üpjün etmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde watançylyk terbiýesini wagyz etmek;
4) watançylyk ugurly çäreleri we bäsleşikleri guramak we geçirmek;
5) watançylyk terbiýesi ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň özara baglanyşykly hereketini amala aşyrmak;
6) türkmen halkynyň taryhyny hormatlamagy, Watana bolan buýsanjy we öz hereketleriňe jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemek maksady bilen, Watan goragçylarynyň edermenligini, gahrymançylygyny we merdanalygyny wagyz etmek;
7) edermenlikli, döredijilikli halal zähmetiň gadyr-gymmatyny hem-de döwlet, jemgyýetçilik we hojalyk işlerinde ýetilen sepgitleriň durmuş taýdan ähmiýetini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek;
8) ýaşlaryň watançylyk terbiýesi babatda gözegçiligi amala aşyrmak, ýaşlaryň watançylyk terbiýeçilik işine ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak;
9) ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesine höwesi kemala getirmek;
10) harby-sport oýunlary we ýörişleri arkaly ýaşlary harby gulluga taýýarlamak;
11) watançylyk terbiýesi ulgamynda işleri durmuşa geçirýän durmuş maksatly, täjirçilige dahylly däl guramalara döwlet goldawyny we ýardamyny bermek;
12) watançylyk terbiýesi babatda ýaşlaryň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek;
13) ýaşlaryň watançylyk terbiýesi babatda gazanylan üstünlikleri goldamak maksady bilen, grantlary döretmek;
14) ýaşlaryň watançylyk terbiýesi babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ugurlar.
8-nji madda. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi ulgamy
1. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgamda köptaraplaýyn işi pugtalandyrmaga we utgaşdyrmaga gönükdirilen ýaşlaryň watançylyk terbiýesi ulgamy döredilýär.
2. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi ulgamynyň maksatlary şulardan ybaratdyr:
1) ýaşlarda işjeň raýat garaýşynyň kemala getirilmegini üpjün etmek;
2) umumydöwlet meselelerini çözmäge ýaşlaryň gatnaşmaklaryna ýardam bermek;
3) ýaşlarda Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýän pikirlenmegi, hereketleri ösdürmek üçin şertleri döretmek.
2. Watançylyk terbiýesi ulgamynda maşgala bu ulgamyň başlangyç bölegi hökmünde aýratyn orun eýeleýär.
3. Watançylyk terbiýesi ulgamy bilimiň möhüm, aýrylmaz düzüm bölegi bolmak bilen, esasy we goşmaça bilim maksatnamalaryny amala aşyrmak arkaly üznüksiz bilim işi üçin şertleri döredýär.
9-njy madda. Ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň gatnaşyjylary
Şu Kanunyň 10-njy maddasynda görkezilen, ýaşlar syýasaty babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar hem-de wezipeli adamlar ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň gatnaşyjylary bolup durýarlar.
IV BAP. ÝAŞLAR BARADA
DÖWLET SYÝASATY BABATYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE
GÖZEGÇILIGI
10-njy madda. Ýaşlar barada döwlet syýasaty babatynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar hem-de wezipeli adamlar
Şular ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar hem-de wezipeli adamlar bolup durýarlar:
1) Türkmenistanyň Prezidenti;
2) Türkmenistanyň Milli Geňeşi;
3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda wezipä bellenilýän, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ýaşlaryň meseleleri boýunça Уgtyýarlandyrylan (mundan beýläk — ýaşlaryň meseleleri boýunça Ygtyýarlandyrylan);
5) Türkmenistanyň Bilim ministrligi (mundan beýläk — Ygtyýarly edara);
6) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary;
7) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary.
11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
3) umumy guramaçylyk, durmuş, ykdysady, syýasy we hukuk esaslaryny belleýär;
4) gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär;
5) jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirýär;
6) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
7) ýaşlar kärhanalaryny goldamak boýunça ýeňillikleri bermegiň düzgünini kesgitleýär.
8) ýaşlary durmuş taýdan goramak boýunça çäreleriň ulgamyny döredýär;
9) ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň başlangyçlaryny hukuk, guramaçylyk we ykdysady taýdan goldaýar;
10) Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň çäklerinde ýurduň ýaşlarynyň bähbitlerine wekilçilik edýär, halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;
11) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
12-nji madda. Ýaşlaryň meseleleri boýunça Ygtyýarlandyrylanyň ygtyýarlylygy
Ýaşlaryň meseleleri boýunça Ygtyýarlandyrylan ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda:
1) döwlet maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny üpjün edýär, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklatmak üçin hödürleýär we durmuşa geçirilmegini guraýar;
2) ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň işini utgaşdyrýar;
3) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň amala aşyrylyşy barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär;
4) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny guraýar;
5) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;
6) maglumat we ylmy üpjünçiligi guraýar;
7) ýaşlar we ýaşlar birleşikleri bilen işlemegiň, ýaşlar maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň seljermesini we baha bermegi taýýarlamagyň we amala aşyrmagyň meselelerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna usuly kömek berýär;
8) ýaşlary we ýaşlar birleşiklerini ýaşlar barada döwlet syýasatynyň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine çekmek boýunça çäreleri geçirýär;
9) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
13-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürleýär;
3) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;
4) ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar;
5) sanly ulgamy ornaşdyrýar we kämilleşdirýär;
6) ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalaryň öňüniň alynmagyna gatnaşýar;
7) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişini seljerýär, şeýle hem ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;
8) ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyna, şeýle hem olaryň iş bilen üpjünçiligine gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar;
9) döwlet edaralarynyň we guramalarynyň özara hyzmatdaşlyk etmegini üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;
10) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlar bilen döwlet edaralarynyň hem-de guramalarynyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär;
11) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşyjylar bilen özara hyzmatdaşlyk edýär;
12) halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;
13) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
14-nji madda. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýärler;
3) sanly ulgamy ornaşdyrýarlar we kämilleşdirýärler;
4) ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar;
5) döwlet maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
6) ýaşlaryň bilime, sagdyn durmuş ýörelgelerine we zähmete bolan höwesini artdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler;
7) ýaşlaryň hukuk düşünjeliligini we hukuk medeniýetini ösdürmek, şeýle hem ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek boýunça işleri durmuşa geçirýärler;
8) zehinli ýaşlary ýüze çykarýarlar;
9) ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler;
10) garamagyndaky edaralarda ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň seljermesini geçirýärler;
11) ýaşlaryň hünärlere ugrukdyrylmagy, gaýtadan taýýarlygy we hünär kämilleşdirilişi boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
12) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşyjylar bilen özara hyzmatdaşlyk edýärler;
13) Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
15-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda:
1) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň sebitlerde durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;
2) döwlet ýaşlar maksatnamalarynyň esasynda degişli meýilnamalary işläp taýýarlaýarlar we durmuşa geçirýärler;
3) degişli çäkde ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;
4) bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, dynç alşy guramak üçin zerur bolan binalaryň, desgalaryň ulanylmaga berilmegini üpjün edýärler;
5) sanly ulgamy ornaşdyrýarlar we kämilleşdirýärler;
6) degişli çäkde kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary we ýaş maşgalalary ýüze çykarýarlar, hasabyny ýöredýärler hem-de olary goldamak boýunça degişli işleri durmuşa geçirýärler;
7) degişli çäkde meýletinçilik işini amala aşyrýan ýaşlaryň goldawyny üpjün edýärler;
8) degişli çäkde ýerleşýän kärhanalarda, edaralarda we guramalarda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan çäreler hakyndaky hasabatlary diňleýärler.
16-njy madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri:
1) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
2) ýaşlarda durmuşa bolan berk ynamyň we garaýyşlaryň kemala gelmegine, ýaşlary kanuny, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge gatnaşýarlar;
3) ýaşlaryň ruhy-ahlak we harby-watançylyk terbiýesi boýunça çärelere gatnaşýarlar;
4) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan beýleki edaralar bilen özara sazlaşykly hereket edýärler;
5) sagdyn we döwrebap garaýyşly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny we işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri guraýarlar we geçirýärler;
6) ýaşlara durmuş taýdan goldaw berilmegini, ýaşlaryň şahsy, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goraglylygyna degişli işlere gatnaşýarlar;
7) ýaşlaryň ylym, sport, sungat we medeniýet babatda döredijilik zehinleriniň irki ýaşda ýüze çykarylmagyna we ösdürilmegine ýardam berýärler;
8) ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine, ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýarlar;
9) ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, ýokanç we gaýry jemgyýetçilik howply kesellere, arakhorluga, neşekeşlige, toksikomaniýa, çilim çekmäge we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çäreleriniň durmuşa geçirilmegine, ýaşlaryň netijeli dynç almaklaryny, ýaşlar sportunyň köpçülikleýin ösdürilmegini guramaga gatnaşýarlar;
10) ekologiýa medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna, ekologik bilimiň we ýaşlaryň arasynda ekologik terbiýäniň ösdürilmegine ýardam berýärler;
11) ýaşlaryň telekeçilige çekilmegine, hünärlere ugrukdyrylmagyna, gaýtadan taýýarlygyna we hünär kämilleşdirilişine ýardam berýärler;
12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çärelere gatnaşýarlar.
2. Döwlet jemgyýetçilik birleşikleriniň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyny kepillendirýär we üpjün edýär.
17-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işi guramak
1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, olaryň ygtyýarlylygynyň çäklerinde, şu Kanunyň 10-njy maddasynda kesgitlenen edaralaryň hem-de wezipeli adamlaryň üstüne ýüklenilýär.
2. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça edaralaryň hem-de guramalaryň işini utgaşdyrmak Ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, wekilçilikli we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýanynda geňeşler we toparlar döredilip bilner.
4. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň ýanynda toparlar döredilip bilner.
5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýanynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşlar bilen işlemek baradaky bölümler döredilip bilner.
18-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň gatnaşmagy
1. Ýaşlar Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine aşakdakylar arkaly, şol sanda sanly ulgamyň üsti bilen hem gatnaşyp bilerler:
1) ýaşlaryň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlary boýunça teklipleri bermek;
2) ýaşlar syýasatynyň meseleleri boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen arkalaşykly hereket etmek;
3) ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmegiň döwlet maksatnamalarynyň we ýerli derejedäki maksatnamalaryň hem-de beýleki meseleleriň jemgyýetçilik bilen ara alnyp maslahatlaşylmalary;
4) ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan maslahat beriji geňeşleriň, halkara we beýleki guramalaryň işi;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik işiň beýleki görnüşleri.
2. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek boýunça ýaşlar, ýaşlar birleşikleri tarapyndan döwlet häkimiýet edaralaryna girizilýän tekliplere olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän tertipde garalýar.
Eger tekliplere garamak üçin maglumatlary toplamak, maddy we maliýe serişdeleriniň degişli hasaplamalaryny, resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak zerur bolsa, onda döwlet häkimiýet edaralary maglumat we usulyýet kömegini amala aşyrýarlar, görkezilen teklipleri girizen ýaşlar birleşikleriniň ygtyýarly wekilleri we ýaşlar bilen maslahatlary geçirýärler.
3. Döwlet häkimiýet edaralary Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek babatda maslahatlaryň geçirilmegine we hereketleriň utgaşdyrylmagyna ýaşlar birleşikleriniň wekillerini çekýärler. Görkezilen maksatlary durmuşa geçirmek üçin maslahat beriş-maslahatçy edaralar döredilip bilner, olaryň düzümine ýaşlar birleşikleriniň ygtyýarly wekilleri girýärler.
4. Döwlet häkimiýet edaralary ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda maksatnamalarda göz öňünde tutulýan işleriň ýa-da hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginde ýaşlar birleşikleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge haklydyrlar.
19-njy madda. Ýaşlar bilen işi amala aşyrýan ýöriteleşdirilen guramalar
1. Ýaşlar bilen işi amala aşyrýan ýöriteleşdirilen guramalara şular degişlidir:
1) jemgyýetçilik birleşikleri, ýaşlar merkezleri, ýetginjekler we bedenterbiýe-sport merkezleri;
2) ýaşlar üçin durmuş gulluklary;
3) ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam etmek boýunça guramalar (ýaşlaryň zähmet biržalary, ýaşlary iş bilen üpjün edýän merkezler we beýlekiler);
4) mekdepden daşary bilim edaralary;
5) işi şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen beýleki guramalar;
6) ýaşlary goldamak baradaky döwlet we jemgyýetçilik gaznalary;
7) alym ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleri;
8) ýaş döredijilik we sungat işgärleriniň jemgyýetçilik birleşikleri.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýöriteleşdirilen guramalar ýaşlar üçin durmuş goldawy, durmuş, lukmançylyk, psihologiýa-mugallymçylyk, hukuk we beýleki hyzmatlar boýunça, şeýle hem kyn durmuş ýagdaýyna düşen we beýleki ýaşlara durmuş, psihologiýa taýdan uýgunlaşmak we durmuş taýdan dikeldilmegine ýardam etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.
3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýöriteleşdirilen guramalar ýaşlary goldamagyň döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýa-da döwlet durmuş taýdan buýurmasyna bäsleşik esasynda gatnaşyp bilerler.
20-nji madda. Ýaşlar üçin durmuş gulluklary
1. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek we ýaşlary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kepillikler bilen üpjün etmek maksady bilen, döwlet-jemgyýetçilik esasynda ýaşlar üçin durmuş gulluklary döredilip bilner.
2. Ýaşlar üçin durmuş gulluklary muzdsuz esasda şu aşakdakylary amala aşyrýarlar:
1) ýaşlara olaryň hukuklary we mümkinçilikleri hakynda habar bermegi;
2) kämillik ýaşyna ýetmediklere, beýleki ýaşlara we olaryň ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara maslahat bermegi;
3) psihologiýa, mugallymçylyk we hukuk kömegini;
4) ýaş maşgalalara durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat, maslahat beriş hyzmatlaryny;
5) saglyk ýagdaýy boýunça goldawa mätäç ýaşlary, şeýle hem ýetim çagalary we ýörite bilim edaralarynda bolýan ýa-da olarda bolmagyny tamamlan, ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramagy, durmuş-zähmet we lukmançylyk taýdan dikeltmegi;
6) zähmetkeşler we okaýanlar köpçüliklerinde ýaşlary hukuk taýdan goramagy;
7) arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihotrop maddalara we olaryň prekursorlaryna baglylykdan bejergi alan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylan ýaşlary durmuş taýdan dikeltmegi;
8) hukuk taýdan wagyz-nesihat işlerini, işe ýerleşmek, dynç almak, bilim we hünär taýýarlygy, syýahatçylyk we sport çygyrlarynda ýaşlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri hakynda olara habar bermegi;
9) ýaşlaryň ýaşaýan ýerlerinde boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini guramagy, şol sanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň howly klublaryny döretmegi we goldamagy;
10) ýaşlaryň işe ýerleşmegine we iş bilen üpjünçiligine ýardam etmegi;
11) ýaşlaryň köpçülikleýin we hususy telekeçilik işini goldamagy we ösdürmegi;
12) ýaşlaryň öz-özüni dolandyryş görnüşleriniň ösdürilmegine hemaýat etmegi;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil nesil bolup ýetişmekleri üçin zerur goldawlary bermek we şertleri döretmek boýunça beýleki wezipeleri.
3. Ýaşlar üçin durmuş gulluklary ulgamyndaky işe degişli hünär bilimi we taýýarlygy bolan we bellenilen tertipde hünär synagyny geçen hünärmenler goýberilýär.
4. Ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň işini maliýeleşdirmek ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary sebit aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, durmuş gullugynyň görnüşini kesgitleýärler.
V BAP. ÝAŞLARYŇ HUKUK WE
DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGY
21-nji madda. Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary
Türkmenistanyň ýaşlary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen berilýän ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar.
22-nji madda. Ýaşlaryň hukuk goraglylygy we ony üpjün etmek
1. Ýaşlaryň hukuk goraglylygy Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän tertipde kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Ýaşlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň haýsydyr bir göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirilmegine ýol berilmeýär.
3. Ýaşlaryň aýry-aýry toparlarynyň (maýyplygy bolanlaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolanlaryň, ýetim çagalaryň, ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we başgalaryň) hukuklaryny goramagyň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
23-nji madda. Türkmenistanda ýaşlaryň hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýaşlara beýleki raýatlar üçin bellenen borçlar bilen deňeşdirilende haýsydyr bir goşmaça borçlaryň ýüklenilmegine ýol berilmeýär.
2. 18 ýaşa (kämillik ýaşyna) ýetmedik ýaşlar döwletiň aýratyn goragyndan peýdalanýarlar.
3. Kanunda göz öňünde tutulan terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreler kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara diňe kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda ulanylyp bilner.
4. Döwlet häkimiýet edaralary hem-de wezipeli adamlar, mugallymçylyk işgärleri we ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň işgärleri kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan amala aşyrylan etmişler hakynda maglumatlaryň jemagat taýdan ýaýradylmagyna esaslanan täsir ediş çärelerini ulanyp bilmezler. Agzalan çäreler jenaýat jeza çäresi ýa-da administratiw temmisi ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuk bozulmalarynyň geljekde gaýtalanmazlygyny gazanmagy göz öňünde tutmak bilen, kanun bozulmalara getiren sebäpleri aradan aýyrmak boýunça berlen täsir ediş çäreleri bolsa ýa-da kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda ulanylýan terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreler bilen baglanyşykly halatlar muňa degişli däldir.
5. Bilim edaralary bilen özara gatnaşyklarda okuwçy we talyp ýaşlaryň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň bilim hakynda kanunçylygy bilen bellenilýär.
6. Okuw wagtynda we okuwdan daşary wagtda okuwçy we talyp ýaşlaryň zähmet işine çekilmegine ýol berilmeýär. Şeýle iş olar tarapyndan saýlanyp alnan kärlere (hünärlere) laýyk gelýän we okuw-önümçilik tejribeliliginiň görnüşi bolup durýan halatlar ýa-da okuwdan boş wagtynda okuwçy we talyp ýaşlaryň döwlet derejesinde geçirilýän çärelere meýletin köpçülikleýin ýa-da özbaşdak gatnaşmagy bilen baglanyşykly halatlary muňa degişli däldir. Görkezilen zähmet işi Türkmenistanyň zähmet we beýleki kanunçylygyna laýyklykda guralýar we geçirilýär.
24-nji madda. Ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygy
1. Ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň çärelerine şular degişlidir:
1) tölegsiz umumy orta bilimi hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bilim edaralarynda tölegli ýa-da tölegsiz esasda hünär bilimini almak;
2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, özleriniň hukuklary we kanuny bähbitleri baradaky maglumatlary mugt almak;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet tarapyndan kepillendirilýän lukmançylyk kömegini mugt almak;
4) ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralarynyň çözgüdi boýunça döwlet sport-sagaldyş we medeni aň-bilim edaralaryna ýeňillikli şertlerde barmak;
5) ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edaralarynyň çözgüdi boýunça okatmagyň gündizki görnüşinde okaýanlar üçin jemgyýetçilik ulagynda (taksiden başga) ýeňillikli gatnamak;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hünär-tehniki, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda okaýanlar üçin demir ýol we şäherara awtomobil ulagynda (taksiden başga) gyşky we tomusky dynç alyş döwründe ýeňillikli gatnamak;
7) hukuk, psihologiýa, mugallymçylyk meseleleri boýunça, şeýle hem maşgala terbiýesi we sagdyn önelgelik meseleleri boýunça maslahatlar görnüşinde durmuş hyzmatlaryny almak;
8) ýaşlaryň şu aşakdaky toparlarynyň saglyklaryny we zähmete ukyplylygyny dikeltmek boýunça hyzmatlardan peýdalanmak:
a) maýyplygy bolan we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolanlaryň;
b) azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşanlaryň;
ç) arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihotrop maddalara hem-de olaryň prekursorlaryna baglylykdan bejergi geçenleriň;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet durmuş kömegini almak;
10) bilim edaralaryna kabul etmegiň döwlet meýilnamasyna laýyklykda, döwlet hünär bilimi edaralarynda okatmagyň gündizki görnüşinde okaýanlar üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän möçberde we tertipde aýlyk talyp hakyny almak;
11) hünär bilimi edaralarynda okuwyň tölegini tölemek we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde okuw hem-de ylmy edebiýatlary edinmek, şeýle hem naharlanmak, ýaşamak we beýleki durmuş hajatlarynyň çykdajylaryny kem-käsleýin ýapmak üçin ýaşlar tarapyndan döwlet bilim karzyny almak;
12) ýaşaýyş jaýyny gurmak we edinmek, mellek ýerlerini edinmek öý hojalygyny edinmek üçin ýaşlara ýeňillikli karzlary bölüp bermek;
13) iş bilen üpjün etmek, iş bilen üpjün edilmedik ýagdaýynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde maddy öwez puluny almak;
14) durmuş ähmiýetli desgalary taslananda we gurlanda ýaşlaryň isleglerini hasaba almak.
2. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlaryň aýry-aýry toparlarynyň (maýyplygy bolanlaryň, çagalar öýlerinde terbiýelenenleriň, harby gullukdan boşanlaryň, ätiýaçdaky esgerleriň) durmuş taýdan goraglylygynyň ýörite çäreleri, şeýle hem olaryň hukuklaryny amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
VI BAP. ÝAŞLARYŇ
DÖWLET GOLDAWY
25-nji madda. Türkmenistanda ýaşlaryň döwlet goldawynyň esasy ugurlary
Türkmenistanda ýaşlaryň döwlet goldawynyň esasy ugurlary şulardyr:
1) bilim çygrynda ýaşlary goldamak;
2) zehinli ýaşlary goldamak;
3) medeniýet we sungat çygrynda ýaşlary goldamak;
4) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary goldamak;
5) ýaş maşgalalary goldamak;
6) alym ýaşlary goldamak;
7) ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek;
8) ýaş hünärmenleri goldamak;
9) ýaşlar telekeçiligini goldamak;
10) saglygy goramak, howply keselleriň öňüni almak babatda ýaşlara ýardam etmek;
11) bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek babatda ýaşlara ýardam etmek;
12) ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlaryny, işini goldamak;
13) halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny goldamak;
14) hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilen, şeýle hem ýetim galan çagalary goldamak.
26-njy madda. Ýaşlaryň bilim çygryndaky döwlet goldawy
Ýaşlaryň bilim çygryndaky döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, goldamak we höweslendirmek;
2) ýaşlarda raýatlyk, watançylyk we ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek;
3) ýaşlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak;
4) ýörite bilim edaralarynda, mekdepden daşary bilim edaralarynda, ýaşaýan ýeri boýunça ýetginjekler we ýaşlar merkezlerinde terbiýeçilik işiniň dürli görnüşlerini goldamak we ösdürmek;
5) ylmy barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak;
6) umumybilim berýän edaralaryň köp çagaly we kömege mätäç maşgalalarda ýaşaýan okuwçy ýaşlaryny goldamak;
7) ýerlerde ylmy-döredijilik merkezlerini döretmek;
8) ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek;
9) çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýaşlar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilmekde artykmaç hukukdan peýdalandyrmak.
27-nji madda. Zehinli ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak
1. Jemgyýetiň akyl we döredijilik kuwwatyny aýap saklamak we ösdürmek, Türkmenistanyň ylmy, medeni däpleriniň miras geçijiligini üpjün etmek maksady bilen, zehinli ýaşlary goldamak boýunça çäreleriň ulgamy amala aşyrylýar.
2. Zehinli ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýörite döwlet talyp haklaryny, baýraklary bellemek, bilim we ylym grantlaryny bermek;
2) görnükli ylmy, medeniýet, sungat we sport işgärleriniň bilimleriniň, tejribesiniň miras geçijiligini üpjün edýän şertleriň döredilmegine, şeýle hem olaryň ýolbaşçylygynda döredijilik ussahanalarynyň, mekdepleriniň we beýleki edaralaryň döredilmegine ýardam etmek;
3) olimpiadalary (şol sanda internet olimpiadalaryny), bäsleşikleri (şol sanda hünär bäsleşiklerini), sergileri, festiwallary, gözden geçirişleri, simpoziumlary, maslahatlary we beýleki çäreleri guramak we geçirmek;
4) zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;
5) zehinli ýaşlara okatmagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünär tälimini almagyň döwlet we halkara maksatnamalaryna bäsleşik esasynda elýeterliligi üpjün etmek;
6) ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, hünär bilimi edaralaryna tölegli esasda okuwa kabul edilen hem-de okuwda, döwlet we halkara bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara okuwyny tölegsiz esasda dowam etmek mümkinçiligini döretmek;
7) umumybilim edaralarynda okan döwrüniň bütin dowamynda okuwda, döwlet we halkara ders, ylmy, sport, çeper döredijilik, sungat bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara saýlap alan hünär ugurlary boýunça döwlet hünär bilimi edaralaryna giriş synaglarynda ýeňillikleri göz öňünde tutmak.
3. Kärhanalar, edaralar we guramalar, jemgyýetçilik birleşikleri, wezipeli adamlar zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we döredijilik taýdan kemala gelmegine ýardam etmäge borçludyrlar. Şu maksatlar bilen olar ylym, tehnika, ykdysadyýet, dolandyryş, telekeçilik, sungat, sport çygyrlarynda we gaýry çygyrlarda zehinli ýaşlary ýüze çykarýarlar, goraýarlar we goldaýarlar.
28-nji madda. Ýaşlaryň medeniýet we sungat çygryndaky döwlet goldawy
1. Ýaşlaryň medeniýet we sungat çygryndaky döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) ýaşlaryň jemgyýetiň medeni durmuşyna gatnaşmaklaryny işjeňleşdirmek üçin olaryň umumadamzat we milli medeniýetiň gymmatlyklaryna goşulmagynda olary akyl we ahlak taýdan ösdürmegiň görnüşlerini kämilleşdirmek;
2) ýaşlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna goşulmagyna akyl ýetirmegine ýardam etmek;
3) medeni giňişligiň bitewüligini, medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagynda ýurduň ähli sebitleriniň ýaşlary we ýaşlaryň dürli maksatly toparlarynyň wekilleri üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmek;
4) medeniýet we sungat babatda zehinli ýaşlary goldamak we höweslendirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
5) görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň çeperçilik ýolbaşçylygy astynda ýaşlar üçin döredijilik ussahanalaryny, mekdepleri we beýleki edaralary döretmek;
6) ýerli we umumydöwlet derejelerinde bäsleşikleri we festiwallary geçirmek arkaly ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak.
2. Ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmaklaryny goldamak, içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek arkaly, ýaşlarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek amala aşyrylýar.
29-njy madda. Kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlaryň döwlet goldawy
Kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary goldamak çygrynda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak çärelerini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
2) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlary zerur durmuş kömegi we hukuk goraglylygy bilen üpjün etmek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;
3) bilimiň, hünäre ugrukdyrmagyň, işe ýerleşmegiň, telekeçilik işini guramagyň we goldawyň beýleki çäreleriniň ugurlaryny we görnüşlerini saýlamagyň meseleleri boýunça kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlara durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat we maslahat beriş kömegini işjeňleşdirmek babatda çäreleri işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
4) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlara durmuş kömegini bermek, lukmançylyk we durmuş-psihologiýa hyzmatlary etmek, durmuş taýdan dikeltmek we uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleri işjeňleşdirmek;
5) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlara kömek berýän jemgyýetçilik birleşiklerini, ýuridik we fiziki şahslary goldamagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek.
30-njy madda. Ýaş maşgalalaryň döwlet goldawy
Ýaş maşgalalary goldamak çygrynda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) durmuş-ykdysady, ýaşaýyş-durmuş we ýaşaýyş jaý meselelerini çözmekde olara maddy we gaýry kömek bermek boýunça ýaş maşgalalary, ozaly bilen üpjünçiligi pes ýa-da doly däl maşgalalary goldamak;
2) sagdyn önelgelik, howpsuz enelik, çagalary terbiýelemek we ösdürmek meseleleri boýunça ýaş maşgalalar bilen aň-bilim işini guramak;
3) maşgala we çagalar dynç alşy hem-de syýahatçylyk çygrynda çäreleri guramak we geçirmek;
4) ýaş maşgalalar bilen işlemek boýunça ýaş maşgalanyň meseleleri we ylmy-usulyýet barlaglary boýunça sosiologik seljermeleri geçirmek;
5) ýaşaýyş jaýy gurlanda we edinilende, ýaşaýyş jaý şertleri gowulandyrylanda ýaş maşgalalary goldamak meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;
6) elýeter ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy meseleleri boýunça ýaş maşgalalary goldamak;
7) hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berlende, öý hojalygyny edinmekde, öýde ulanylýan uzak wagtlaýyn peýdalanylýan serişdeleri edinmekde, hünär bilimi edaralarynda tölegli esasda okamagy üçin töleg geçirmekde ýaş maşgalalara ýeňillikli karz serişdelerini bermek we beýleki ýeňillikleri bellemek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;
8) daýhan hojalygy guralanda ýaş maşgalalara ýerden peýdalanmagyň we suwdan peýdalanmagyň ýeňillikli tertibini bellemek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;
9) ýaş maşgalalara bilim, lukmançylyk-durmuş, durmuş-hukuk, psihologiýa-mugallymçylyk, maglumat, maslahat beriş we beýleki hyzmatlar çygryny giňeltmek maksady bilen, ýaşlar üçin durmuş gulluklarynyň ulgamyny döretmek.
31-nji madda. Alym ýaşlaryň döwlet tarapyndan goldawy
Ylym we innowasiýalar çygrynda ýaşlaryň döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) ylym, tehnika we tehnologiýalar, şol sanda sanly tehnologiýalardan kämil baş çykarýan zehinli ýaşlary goldamak we höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak;
2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet talyp haklaryny we baýraklary bellemek;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, alym ýaşlar üçin döwlet grantlaryny bermek;
4) geljegi uly bolan ylmy barlaglary alyp barýan alym ýaşlar üçin ýeňillikli maliýe we maddy şertleri döretmek;
5) alymlaryň, halypa medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň ýolbaşçylygynda döredijilik ussahanalaryny, ylmy merkezleri ýa-da ylmy işgärleriň toparlaryny döretmek;
6) alym ýaşlaryň innowasiýa işi üçin döwletiň eýeçiliginde durýan maddy serişdeleri şertnamalaýyn esasda bermek;
7) taryhy-medeni we ylmy-tehniki ähmiýetli gymmatlyklary ilkibaşdaky niýetlenilişine laýyklykda aýap saklamak kepillendirilen ýagdaýynda, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin ýaşlar birleşiklerine şertleri döretmek;
8) alym ýaşlara innowasiýa, oýlap tapyş işini amala aşyrmak üçin maddy we maliýe taýdan kömek bermek.
32-nji madda. Ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygynyň üpjün edilmegine we olaryň zähmet hukuklarynyň we borçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek
Ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygy we olaryň zähmet hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmek çygrynda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine, hünäre ugrukdyrma işlerine, hünär taýýarlygyna, gaýtadan taýýarlamaga we hünärini ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça işi amala aşyrýan guramalary (ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik merkezlerini, ýaşlaryň zähmet biržalaryny, talyp ýaşlaryň toparlaryny we başgalary) goldamak;
2) ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini we hünäre ugrukdyrma işlerini durmuşa geçirýän ýaşlar birleşiklerini goldamak;
3) zähmet bazarynda ýaşlaryň durmuşa uýgunlaşmagyna ýardam etmek we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
4) ýaşlar, ilkinji nobatda durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän (maýyp çagalar, ýetim çagalar, ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar) we iş orunlary bilen üpjün bolmadyk adamlar we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň öňki harby gullukçylarynyň hatarynda bolan ýaşlar, şeýle hem oba ýerlerinde ýaşaýan ýaşlar üçin iş berijiler tarapyndan iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;
5) ýaşlar kärhanalarynyň döredilmeginde we döwlet belligine alynmagynda talyp we alym ýaşlara ýardam etmek;
6) ýaşlaryň içerki zähmet migrasiýasynyň möçberlerini we ugurlaryny düzgünleşdirmek, amatlaşdyrmak boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
7) bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemegiň tertibini Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda kesgitlemek.
33-nji madda. Ýaş hünärmenleriň döwlet goldawy
1. Ýaş hünärmenleri goldamak çygrynda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) hünär bilimi edaralaryny tamamlan ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;
2) ýaş hünärmenleriň hataryndan dolandyryjylyk wezipelerini çalyşmak üçin işgärler ätiýaçlygyny döretmek.
2. Ýaş hünärmeniň hukuk ýagdaýy şu aşakdaky halatlarda uzaldylýar:
1) çagyryş boýunça harby gullukda bolanda — gulluk möhletine çenli;
2) çaga seretmek boýunça rugsat berlende — çaga üç ýaşyna ýetýänçä.
Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň ähli talaplary, zähmet işiniň amala aşyrylýan kärhanasynyň, edarasynyň ýa-da guramasynyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary ýaş hünärmenlere degişlidir.
3. Ýaş hünärmeniň tiz uýgunlaşmagy we onuň hünär endiklerini edinmegi üçin Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda halypaçylyk guralýar.
4. Ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna ýa-da ýaşaýyş jaýyna mätäçlik çekýän ýaş hünärmenler Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.
Iş beriji ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlik çekýän ýaş hünärmenleri ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegiň özbaşdak maksatnamasyny bellemäge haklydyr. Şu maksatnamalary durmuşa geçirmekde iş beriji döwlet goldawyny almaga haklydyr;
Iş beriji tarapyndan ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlik çekýänleri ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek meselesine garalanda ýaş hünärmenlere artykmaçlyk berlip bilner.
34-nji madda. Ýaşlar telekeçiliginiň döwlet goldawy
Ýaşlar telekeçiligini goldamak çygrynda ýaşlaryň döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) ýaşlar telekeçiliginiň hukuk ýagdaýynyň we netijeli işlemeginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek;
2) ýaşlar telekeçiliginiň kärhanalarynyň işini maddy-enjamlaýyn we maliýe taýdan goldamak boýunça döwlet çäreler ulgamyny döretmek we durmuşa geçirmek;
3) ýaşlary telekeçilik işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek;
4) telekeçilik işiniň esaslaryny öwretmekde, esaslandyryjy resminamalary we täjirçilik maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda telekeçi ýaşlara ýardam etmek;
5) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we gaýtadan taýýarlaýan edaralaryň ulgamynda telekeçi ýaşlara ykdysady we dolandyryjylyk bilimini almakda guramaçylyk we maliýe taýdan ýardam etmek;
6) telekeçi ýaşlaryň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda telekeçilik işi babatda bäsleşikleri , olimpiadalary we festiwallary geçirmek;
7) telekeçi ýaşlar we ýaşlar kärhanalary üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň gurallaryny netijeli ulanyp, maýa goýum gaznalaryny döretmek.
8) Ýaşlar telekeçiligini döwlet tarapyndan goldamak boýunça hemişelik hereket edýän (degişli ugurlar boýunça jogapkär edaralaryň wekillerinden ybarat bolan) döwlet toparyny döretmek.
35-nji madda. Saglygy goramak, howply keselleriň öňüni almak babatda ýaşlara ýardam etmek
Saglygy goramak we howply keselleriň öňüni almak babatda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaşlaryň saglygyny goramak we howply keselleriň öňüni almak boýunça goldamak we kömek bermek;
2) howpsuz eneligi goldamak, jynsy ýol bilen geçýän keselleriň öňüni almak, önelgelik saglygyny goramak meseleleri boýunça ýaşlary goldamak;
3) ýaşlaryň arasynda arakhorlugyň, neşekeşligiň ýa-da psihotrop maddalara baglylygyň öňüni almak, ýaşlary arakhorlukdan, neşekeşlikden we psihotrop maddalara baglylykdan bejermek we dikeltmek;
4) howply keselleri duýdurmak we öňüni almak boýunça durmuş taýdan töwekgelçilikli ýaşlaryň toparlary bilen öňüni alyş işini guramak;
5) lukmançylyk-psihologiýa-mugallymçylyk taýdan dikeltmek boýunça ýaşlaryň durmuş hyzmaty edaralarynyň ulgamyny döretmek we ösdürmek;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşlaryň sagdyn ösmegini üpjün etmek maksady bilen, olary döwürleýin lukmançylyk gözegçiliginden muzdsuz geçirmek;
7) ýaşlaryň arasynda arakhorluga, neşekeşlige we psihotrop maddalara we olaryň prekursorlaryna baglylygyň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk, psihologik we pedagogik durmuş hyzmaty edaralarynyň ulgamyny ösdürmek.
36-njy madda. Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaşlara ýardam etmek
Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaşlaryň döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlarda bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga islegi ösdürmek we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;
2) ýaşlaryň gatnaşmaklarynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça ýaryşlary, bäsleşikleri geçirmegiň tejribesini ösdürmek;
3) ýaşlar gurşawynda ekologiýa syýahatçylyk ulgamyny döretmek we ösdürmek;
4) ýaşlarda daşky gurşawyň düzüm böleklerine ekologiýa aňyny, medeniýetini we aýawly garaýşy döretmek;
5) mümkinçilikleri çäkli ýaşlaryň beden ösüşini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek.
37-nji madda. Ýaşlaryň we ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryny, işlerini goldamak
Ýaşlaryň we ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryny, işlerini goldamak babatda döwlet goldawy şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) ýaşlar birleşiklerini, ýaşlaryň jemgyýetçilik işini goldamak, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli çygyrlarynda ýaşlaryň döredijilik işjeňligini durmuşa geçirmek we kuwwatyny ösdürmek üçin şertleri döretmek boýunça çäreleri kämilleşdirmek;
2) ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ylmy we maglumat üpjünçiligi boýunça işleri kämilleşdirmek;
3) ýaşlaryň meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmegiň, umumydöwlet we ýerli derejede ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň usulyýetini işläp taýýarlamak we ulanmak;
4) sosiologik barlaglaryň tejribesini we ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlarynyň we işleriniň seljermesini kämilleşdirmek;
5) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça ylmy-amaly, okuw-usulyýet maslahatlaryny, «tegelek stollary» yzygiderli geçirmek;
6) ýaşlaryň durmuşynyň hilini we durmuş taýdan goşulyşmak işini häsiýetlendirýän görkezijiler (kesgitleýjiler) boýunça saýlama barlaglary geçirmek;
7) ýaşlara maglumat kömeginiň ýeke-täk döwlet ulgamyny döretmek we ösdürmek, ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça maglumat-seljerme, okuw-enjamlaýyn merkezleriň işini üpjün etmek;
8) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýanyndaky jemgyýetçilik-maslahat beriş düzümlerine ýaşlaryň gatnaşmaklaryna şertleri döretmek we ösdürilmegine ýardam etmek.
38-nji madda. Ýaşlara halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy babatda ýardam etmek
1. Döwlet şu aşakdakylar arkaly halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna ýardam edýär:
1) ýaşlar syýasaty babatda, halkara tejribäni alyşmak hakynda halkara şertnamalary bellenilen tertipde baglaşmak we durmuşa geçirmek;
2) halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çygrynda maglumat almakda, resminamalary işläp taýýarlamakda we hyzmatdaşlary seçip almakda halkara ýaşlar alyş-çalyşlarynyň guramaçylaryna we gatnaşyjylaryna kömek bermek;
3) halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýän beýleki çäreleriň guralmagyna gatnaşmak.
2. Döwlet Türkmenistanyň ýaşlarynyň we ýaşlar birleşikleriniň, daşary ýurt döwletleri hem-de halkara ýaşlar guramalary bilen ýaşlar syýasaty babatda, medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk, sport we beýleki çygyrlarda dostlukly we işewür gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, tejribe alşylmagyna ýardam edýän halkara ýaşlar iş saparlarynyň guralmagyna we çäreleriň geçirilmegine goldaw berýär.
VII BAP. ÝAŞLAR BARADA
DÖWLET SYÝASATYNY
DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ
ÇÄRELERI WE USULLARY
39-njy madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek şu aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek;
2) ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda, şol sanda ygtyýarlyklary aýdyňlaşdyrmakda we pudagara utgaşdyrmakda döwlet düzgünleşdirmesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak;
3) ýaşlar barada döwlet syýasaty çygrynda işgärleri taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek arkaly ýaşlar barada döwlet syýasatynyň işgärler kuwwatyny döretmek;
4) ýaşlar üçin dürli ugurlardaky durmuş gulluklarynyň ulgamyny ösdürmek we kadalaşdyryjy hukuk taýdan üpjün etmek;
5) ýaşlar gurşawynda agdyklyk edýän meýilleri ýüze çykarmaga we barlamaga, täze ýüze çykýan meseleleri çözmäge çemeleşmeleri dessin işläp çykarmaga, mümkin bolan üýtgetmeleriň netijelerine baha bermäge we çaklamaga, ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet statistikasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen ýaşlar barada döwlet syýasatyny ylmy taýdan üpjün etmek;
6) Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlemek üçin Türkmenistanda ýaşlaryň ýagdaýy hakyndaky her ýylky hasabaty taýýarlamak;
7) jemgyýetde ýaşlaryň durmuşynyň meseleleriniň ähli ugry boýunça maglumat bermek we durmuş aň-bilim maksatnamalarynyň ulgamlaryny ösdürmek arkaly ýaşlar barada döwlet syýasatyny maglumat bilen üpjün etmek.
40-njy madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň usullary
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň usullary şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän ýaşlar barada döwlet ýaşlar syýasaty ulgamyny we oňa ähli ýaşlaryň deň derejede gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri döretmek;
2) ýaşlar üçin döwlet we sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
3) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirijiler hökmünde ýaşlar birleşiklerini bäsleşik esasynda çekmek;
4) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň döwlet we döwlete dahylsyz guramalarynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin bäsleşik esasynda pul kömegini bermek;
5) ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin býujetden daşary serişdeleri we maddy serişdeleri çekmek;
6) tertipnamalaýyn işleri amala aşyrylanda ýaşlar birleşiklerine, ýaşlar kärhanalaryna we ýaşlar gaznalaryna maliýeleşdirmek, karzlaşdyrmak, salgyt salmak, maddy-enjamlaýyn üpjünçilik babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikleri bermek.
41-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny maglumat we ylmy taýdan üpjün etmek
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny maglumat taýdan üpjün etmek boýunça işi amala aşyrýarlar.
2. Ýaşlaryň maglumat hyzmaty ýaşlar üçin maglumat ulgamlaryny, maglumat merkezlerini döretmek, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly üpjün edilýär.
3. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça meýilleşdirilýän we amala aşyrylýan çäreler hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaşlara, ýaşlaryň birleşiklerine habar bermäge borçludyrlar.
4. Döwlet häkimiýet edaralary öz ygtyýarlylygyna laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda ylmy barlaglary guraýarlar. Görkezilen barlaglar uzak wagtlaýyn esasda amala aşyrylýar we olar Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda nazara alynýan hökmany şert bolup durýarlar.
5. Ýaşlaryň meseleleri boýunça Ygtyýarlandyrylan Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda barlaglaryň netijeleriniň esasynda Türkmenistanda ýaşlaryň ýagdaýy hakyndaky hasabaty her ýyl taýýarlaýar we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürleýär.
42-nji madda. Ýaşlar üçin durmuş mümkinçilikleri we şertleri
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşlar üçin durmuş mümkinçilikleriniň we şertleriniň döredilmegini üpjün edýärler.
2. Ýaşlar üçin durmuş mümkinçilikleriniň we şertleriniň döredilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly döwlet eýeçiligi bolup durýan emlägiň (şol sanda ýer bölekleriniň, jaýlaryň, binalaryň, desgalaryň, enjamyň) döredilmegi, edinilmegi ýa-da aýrybaşgalanmagy diňe görkezilen maksatlara laýyklykda amala aşyrylyp bilner.
3. Ýaşlar üçin döredilen, döwlet eýeçiliginde durýan durmuş maksatly desgalaryň hereket etmeginiň tertibi, olary maddy we maliýe taýdan goldamak çäreleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
43-nji madda. Ýaşlar gaznalary
Ylmy, tehniki, medeni we beýleki döredijilik işini, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýaşlaryň meseleleriniň çözülmegine ýardam edýän ýaşlaryň başlangyjyny goldamak maksady bilen, ýaşlar gaznalary döredilýär.
Ýaşlar gaznalaryny döretmegiň we olaryň işiniň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
VIII BAP. ÝAŞLAR BIRLEŞIKLERI
44-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar birleşikleriniň hukuk ýagdaýy
1. Ýaşlar birleşikleriniň hukuk ýagdaýy jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň ýaşlar birleşikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşi — jemgyýetçilik guramasydyr.
Ýaşlar birleşikleri birleşmeleri we assosiasiýalary döredip bilerler.
2. Ýaşlary ýaşlar birleşiklerine girmäge göni ýa-da gytaklaýyn mejbur etmäge, şonuň ýaly-da olaryň işine gatnaşmagy gadagan etmäge ýol berilmeýär. Bu ýörelgeleriň bozulmagyna getirýän hereketler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
3. Türkmenistanyň ähli ýaşlarynyň bähbitleriniň we islegleriniň ýekemenlik aňladylmagyna dalaş etmäge hiç bir ýaşlar birleşiginiň haky ýokdur.
45-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar birleşikleriniň hukuklary
1. Türkmenistanda ýaşlar birleşikleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny döretmek we durmuşa geçirmek boýunça teklipleri girizmek;
2) ýaşlaryň hukuklaryna we bähbitlerine degişli kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda bellenilen tertipde teklipleri girizmek;
3) Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet maksatnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamaga we ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmak.
2. Ýaşlar birleşikleriniň wekilleri ýaşlaryň bähbitlerine degişli meseleler boýunça çözgütler kabul edilende, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň mejlislerine gatnaşmak hukugyna eýedirler.
46-njy madda. Döwlet bilen ýaşlar birleşikleriniň özara gatnaşyklary
1. Döwlet ýaşlar birleşikleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, olaryň işinde goldaw edýär, tertipnamalaýyn işiniň netijeli amala aşyrylmagy üçin olara ýeňillikleriň berilmegini kanunçylyk taýdan düzgünleşdirýär.
2. Döwlet häkimiýet edaralary, eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar ýaşlar birleşiklerine şu Kanunda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de olaryň tertipnamalaýyn wezipelerini amala aşyrmak, şeýle hem durmuşa geçirmek üçin gerek bolan jaýlary we desgalary, aragatnaşyk we ulag serişdelerini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz esasda berip bilerler.
3. Döwlet häkimiýet edaralary ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda geçirilýän çäreler hakynda ýaşlar birleşiklerine habar berýärler.
47-nji madda. Ýaşlar birleşikleriniň döwlet goldawynyň ýörelgeleri we şertleri
1. Ýaşlar birleşikleriniň döwlet goldawy şu aşakdaky ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar:
1) ýaşlar birleşikleriniň işinde umumy ynsanperwer we watançylyk gymmatlyklarynyň ileri tutulmagy;
2) şu Kanunyň talaplaryna jogap berýän ýaşlar birleşikleriniň döwlet goldawy üçin hukuklaryň deňligi.
2. Ýaşlar birleşikleriniň döwlet goldawynyň çäreleri döwlet häkimiýet edaralary, wezipeli adamlar tarapyndan ýaşlar birleşikleriniň kanuny bähbitleriniň, olaryň özbaşdaklygynyň garşysyna, şeýle hem olaryň işiniň häsiýetini üýtgetmek maksatlaryna gönükdirilip bilinmez.
3. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary işi olaryň pudaklaýyn ugruna laýyk gelýän, azyndan 50 agzasy bolan ýaşlar birleşiklerine maliýe, maddy we guramaçylyk goldawyny berýärler.
4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz çäklerinde hereket edýän ýaşlar birleşikleriniň işini guramakda we üpjün etmekde ýardam edýärler.
48-nji madda. Ýaşlar birleşikleriniň taslamalarynyň döwlet goldawy
1. Ýaşlar birleşikleriniň taslamalarynyň döwlet goldawy hakyndaky çözgüt taslamalaryň bäsleşiginiň netijelerinden ugur alnyp, Ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär.
Ýaşlar birleşiginiň bäsleşik taslamasy bu taslamanyň maksadyny, esasy wezipelerini, mazmunyny we durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny, taslamany durmuşa geçirmek boýunça bu birleşigiň maliýe, maddy, işgärler serişdelerini we guramaçylyk mümkinçiliklerini şöhlelendirmelidir.
2. Ýaşlar birleşikleriniň taslamalarynyň döwlet goldawy boýunça çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasaty babatda döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulýan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
IX BAP. ÝAŞLAR BARADA
DÖWLET SYÝASATYNYŇ
MALIÝE ÜPJÜNÇILIGI
49-njy madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek
1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmegiň esasy çeşmeleri şulardyr:
1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;
2) ýaşlar gaznalarynyň serişdeleri;
3) ýaşlar birleşikleriniň giriş we agzalyk gatançlary;
4) ýaşlar birleşiginiň tertipnamasyna laýyklykda geçirilýän çärelerden gelýän serişdeler;
5) ýuridik we fiziki şahslaryň muzdsuz kömegi;
6) ýaşlar syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin grantlar;
7) ýaşlar telekeçiliginiň işinden gelýän girdejiler;
8) karz serişdeleri;
9) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.
2. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän tertipde döwlet durmuş buýurmasy görnüşinde amala aşyrylyp bilner.
50-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň maliýeleşdirilişiniň esasy ugurlary
1. Şu aşakdakylar şu Kanunyň 49-njy maddasynda görkezilen esasy çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär:
1) Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet maksatnamalaryna girýän taslamalar;
2) Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň gaýragoýulmasyz wezipelerini çaltlandyryp çözmek üçin gönükdirilýän maksatlaýyn çykdajylar;
3) ýaşlar birleşikleriniň durmuş taýdan ähmiýetli maksatnamalaryny goldamakdaky çykdajylar;
4) Türkmenistan tarapyndan baglaşylan halkara şertnamalara laýyklykda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy babatda çykdajylar;
5) ýaşlaryň durmuş üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan kepillendirilen beýleki çykdajylary.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary berlen döwlet ygtyýarlyklary boýunça ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýerli býujetiň serişdeleri bilen üpjün edilýär.
51-nji madda. Ýaşlaryň we ýaşlary goldaýan ýuridik we fiziki şahslaryň başlangyçlaryny höweslendirmek
1. Türkmenistanda ýaşlaryň we ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän we ýaşlary goldaýan ýuridik we fiziki şahslaryň başlangyçlaryny höweslendirmek döwlet maliýe goldawyny bermek arkaly amala aşyrylýar.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýuridik we fiziki şahslaryň başlangyçlarynyň döwlet maliýe goldawy bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.
Döwlet maliýe goldawyny bermek boýunça bäsleşik açyk bolup durýar.
3. Döwlet maliýe goldawyny almaga dalaş edýän ýaşlaryň başlangyçlary şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:
1) döwlet maksatnamalarynyň we ýerli derejeli maksatnamalaryň maksatlaryna jogap bermelidir;
2) ýaşlar başlangyjyny durmuşa geçirmegiň beýany, býujeti we meýilnamasy bolmalydyr.
4. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet maliýe goldawyny bermek üçin bäsleşik geçirilende şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) şu maddanyň birinji böleginde görkezilen döwlet maliýe goldawynyň ähli ýuridik we fiziki şahslara bäsleşige gatnaşmaga deň elýeterliligi kepillendirmäge;
2) bäsleşigi geçirmegiň aýdyňlygyny, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde onuň geçirilişi hakyndaky maglumaty hökmany çap etmek arkaly üpjün etmäge;
3) bäsleşigiň netijelerine haýsydyr bir göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanmasy bolmadyk adamlary, şeýle hem ýaşlaryň wekillerini (ýaşlar birleşiklerini) bäsleşik toparynyň düzümine çekmäge.
5. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýuridik we fiziki şahslara bildirilýän döwlet maliýe goldawynyň talaplarynyň sanawy şu maddada göz öňünde tutulan talaplary hasaba almak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
6. Ýaşlaryň (ýaşlar birleşikleriniň) we ýaşlary (ýaşlar birleşiklerini) goldaýan ýuridik we fiziki şahslaryň başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnan döwlet serişdeleriniň maksatsyz ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
52-nji madda. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň maddy-enjamlaýyn binýady
1. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän şertlerde we tertipde zerur maddy-enjamlaýyn binýat döredilýär.
2. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, täzelemek we ösdürmek şu Kanunyň 49-njy maddasynda görkezilen esasy çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
53-nji madda. Türkmenistanda ýaşlaryň we ýaşlar birleşikleriniň hukuklarynyň kepillikleri
Ýaşlaryň we ýaşlar birleşikleriniň şu Kanun bilen berilýän hukuklary olar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda gös-göni we doly möçberde amala aşyrylýar.
Döwlet häkimiýet edaralary, şeýle hem kärhanalar, edaralar we guramalar, olaryň wezipeli adamlary öz ygtyýarlyklarynyň we borçlarynyň çäklerinde Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler.
54-nji madda. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy
1. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Ýaşlaryň meseleleri boýunça Ygtyýarlandyrylan, Ygtyýarly edara, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň degişli ygtyýarly edaralary we halkara guramalary bilen ýaşlaryň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar.
X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
55-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
56-njy madda. Jedelleriň çözülişi
Ýaşlar syýasaty babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
57-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabry.