Türkmensitanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň howandarlygynda 16-19-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek dünýä bilim ulgamyny özgertmek meselelerine bagyşlanan Ählumymy sammite gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Sammit pandemiýadan soň bilime köpçülikleýin ygrarlylygy gaýtadan dikeltmäge, ykdysadyýeti we jemgyýeti özgertmäge hem-de durnukly ösüş ulgamynda ösüşi çaltlandyrmaga gönükdirilen dikeldiş boýunça has giňişleýin tagallalar arkaly bilime esasy orun bermäge niýetlenendir.
Türkmenistan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça köpugurly iş alyp barýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni ̶ 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagynda milli bütewiligi pugtalandyrýan, täze üstünliklere we täze belentliklere ýetmäge gujur-gaýrat berýän bilimler gününiň uly ähmiýetini nygtady. Hökümet agzalarynyň bu baýramyň dabalary çärelerine gatnaşmagy, ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinde täze mekdeplerdir çagala baglarynyň açylmagy, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine bilimiň üznüksizligini üpjün edýän täze düzgünleriň girizilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynda bilimiň ileri tutulýandygynyň subutnamasydyr.