Ï Türkmen talyplary Soçi olimpiadasynyň finalynda çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Soçi olimpiadasynyň finalynda çykyş ederler

view-icon 5015

Türkmenistanly talyplar topary Russiýa Federasiýasynyň müdirligi we ministrlikleri – Maliýe gözegçiligi boýunça Federal gullugy, Bilim ministrligi, şeýle hem Ylym we ýokary bilim ministrligi bilen bilelikde gurnalan maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara olimpiadanyň finalynda ýurdumyzyň adyndan çykyş ederler.

10 adamdan ybarat milli topar şu ýylyň maý aýynda geçen olimpiadanyň deslapky çäreleriniň netijeleri boýunça döredildi. Saýlaw synaglarynda öz bilimlerini üstünlikli görkezen ýeňijiler we baýrak alanlar 10 – 14-nji oktýabr aralygynda Russiýanyň Soçi şäherindäki Sirius federal çäginde geçiriljek olimpiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe boldular.

Şeýlelik bilen, jemleýji tapgyrda ýurdumyzyň 5 sany ýokary mekdebiniň: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, ýurdumyzyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary çykyş ederler.

Umuman, bu olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we BRIKS ýurtlarynyň ýokary mekdeplerinde okaýan bakalawriat (1 – 3 ýyl), spesialitet (1 – 4 ýyl) we magistratura (1 ýyl) talyplary, şeýle hem rus mekdepleriniň 8 – 10-njy synp okuwçylary gatnaşarlar. Olimpiadanyň resmi dili rus we iňlis dilleridir.

Talyplar arasyndaky bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:

– Hukukşynaslyk;

– Matematika, Amaly matematika we informatika, Amaly matematika, Matematika we kompýuter ylymlary, Fundamental informatika we maglumat tehnologiýalary, Informatika we hasaplaýjy tehnika, Amaly informatika, Maglumat howpsuzlygy, Işewürlik informatikasy;

– Ykdysadyýet;

– Halkara gatnaşyklary, Daşary ýurt sebit öwrenişi.

Jemleýji tapgyryň maksatnamasy bilim, medeni we sport çärelerini, hünärmenler bilen duşuşyklary, praktikumlary, ussatlyk derslerini, panel çekişmelerini, gezelençleri, sport ýaryşlaryny we başgalary öz içine alýar.

Bu olimpiada ilkinji gezek geçen ýyl geçirildi. Onuň öňünde goýlan maksatlaryň arasynda oňa gatnaşýanlaryň umumy maglumatlylyk derejesini, maliýe we hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, pikir ýöretmegiň täze görnüşlerini ösdürmek, çuňňur bilimli, maliýe howpsuzlygy pudagynda başarnygy bolan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şu ugra höwesi artdyrmak, döredijilik işjeňligi ýokarlandyrmak, okuwçylaryň bilim we ylmy-gözleg işlerine itergi bermek ýaly çäreler bardy. Guramaçylaryň pikiriçe öňde goýlan maksatlar doly ýerine ýetirildi. Netijede olimpiadany her ýyl geçirmek kararyna gelindi.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň maliýe howpsuzlygy boýunça ilkinji Halkara olimpiada gatnaşyp, mynasyp çykyşlary bilen üç sany baýrakly ýere mynasyp bolandyklaryny bellemelidiris.