Ï Keýik okarasy – ylmy duşuşygyň mowzugy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Keýik okarasy – ylmy duşuşygyň mowzugy

view-icon 25506
Keýik okarasy – ylmy duşuşygyň mowzugy

Keýik okara (ferula) dermanlyk ösümligi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýakynda geçirilen nobatdaky ylmy duşuşygyň mowzugy boldy.

Dünýäde keýik okara ösümliginiň 200-e golaý görnüşiniň bardygy, şolaryň 50-den gowragynyň ýurdumyzyň tebigy künçeklerinde duş gelýändigi ylmy çykyşlarda bellenildi. Ol bejeriş maksatlary bilen, dermançylykda giňden ulanylýar. Keýik okaranyň käbir görnüşlerinden şire, şepbik, efir ýagy alynýar. Onuň süýji gül baldagy iýmitde ulanylýar, kökünden bolsa özboluşly goýy «çomuç» toşaby gaýnadylýar.

Keýik okaranyň kökleriniň süýtli şiresi iň esasy gymmatlygydyr. Serişdäniň daýanç-hereket ediş ulgamyna degişli hemme kesellerde şypa bejerýändi, bedeni zäherlerden we agyr metallaryň duzlaryndan hem arassalaýandygy lukmançylykda mälim. Onuň şiresi hil derejeleriniň 3-sine eýedir, önümiň 1-nji hilini Köýtendagyň günorta etraplarynda ösüp ýetişýän görnüşlerinden almak bolýar. Ylmy çykyşlaryň dowamynda keýik okarany medeni zolaklarda ösdürilip ýetişdirilmegi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Her gektarda jemi ösümlikleriň 30 000-e çenlisini ösdürip bolýandygy nygtaldy. Ekilenden soňra keýik okara suw talap etmeýär, tohumy güýz ekilýär, hasyly bolsa aprel-maý aýlarynda ýygnalýar.

Ösümligiň baldagynyň ýapraklary uly hem-de ýagyşdan soň onuň suwuny gowy saklaýar. Ýerli ýaşaýjylaryň synlamagyna görä, ýygnanan suwdan keýikler içmäge gelýärler. Bir ösümlik özüniň okara görnüşli ýapraklarynda iki litre golaý suwy saklap bilýär.

Türkmenistan dermanlyk ösümlikleriň ülkesi bolup, onda keýik okara ösümligi giňden ýaýran. Ol türkmen tebipleriniň bejeriş işinde ulanylypdyr. Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpjiltli ensiklopediýasy Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerine, Gündogar lukmançylygyny esaslandyran ajaýyp alymlaryň hem-de türkmen tebipleriniň ägirt uly bejeriş tejribesine bagyşlanandyr.

Oba hojalyk pudagyna degişli bu ýokary okuw mekdebinde däp boýunça degişli hünärmenleriň, bilermenleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda her şenbe güni Ylym guni yzygiderli geçirilýär. Şol duşuşyklar giň gerimli ugurlary öz içine alyp, olarda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň bir möhüm meselesi babatda seljeriş geçirilär.